Türkiýäniň Antalýa şäheriniň Manawgat etrabynda işdeş ýoldaşyny pyçaklap öldürmekde güman edilip, sud edilýän türkmenistanly Ruslan Narmetow 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.
“Haberler.com” neşiriniň 17-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, geçen ýylyň noýabr aýynda 43 ýaşly Hakan Akdoganyň pyçaklanyp öldürilmegi bilen bagly sud diňlenişigi geçirildi.
“Manawgatyň 2-nji Agyr jeza sudunda bu sud işi boýunça karar çykarmak barada geçirilen diňlenişige taraplaryň hossarlary we aklawçylary gatnaşdy. 25 ýaşly Ruslan Narmetow sud diňlenişigine ses we wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Alanýa tussaghanasyndan gatnaşdy” diýlip, habarda aýdylýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda häkimiýetler öz raýatlarynyň Demirgazyk Kipre gitmegini çäklendirýärAýdylmagyna görä, sud diňlenişiginde Narmetow ejesiniň saglygyny bejertmek üçin Türkiýede işländigini we pul üýşürenden soňra ejesini Türkiýä çagyrandygyny gürrüň berdi. Şonda ol iş ýerinden tanaýan Hakan Akdoganyň Antalýada lukman tapmak üçin özüne kömek edip biljekdigini aýdandygyny belledi.
Habarda aýdylmagyna görä, Narmetow wakanyň bolan güni Akdoganyň özüne jaň edip, pul bilen ýanyna gelmegini isländigini aýdyp, şeýle diýýär:
“Puly öýde goýup, Antalýa gitdim. Antalýada [Akdogan] bilen nahar iýdik. Menden puly sorady. Men getirmedim diýenimde, gahary geldi. Men iýen naharymyzyň puluny töleýän mahaly, ol bir taksi bilen Taşagyla gidip gelmek üçin ylalaşypdyr. Öýe baranymyzda, Hakana ‘sen takside garaş, men öýden puly alyp geleýin’ diýdim. Öýden 6 müň 500 lirany alyp durkam, yzymdan gelen Hakan puly sorady. Menem ‘lukmana bereris’ diýdim. Şondan soňra Hakan pyçak bilen dyzymy ýaralady. Pyçagy tutjak wagtym, ýere ýykyldyk. Pyçak elinden gaçdy. Ýerde wagty, arkamdan basyp, meni bogjak boldy. Şonda ýerdäki pyçagy aldym we özümi halas etmek üçin ony pyçakladym. Ony näçe gezek pyçaklanym ýadyma düşenok” diýip, neşir Narmetowyň sözleri sitirledi.
Habarda aýdylmagyna görä, türk sudy “haksyz prowakasiýa astynda bilkastlaýyn adam öldürmek” jenaýaty boýunça 12 ýyldan 18 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmegi talap edilen Narmetowy 16 ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Degişli maglumat Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldyAzatlyk Radiosynyň bu barada Antalýanyň Manawgat etrap polisiýasyndan we 2-nji Agyr jeza sudundan, şeýle-de Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Türkiýe türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde ýa-da ýokary bilim almak üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türkmen raýatlarynyň Türkiýä ýykgyn etmegine, hususan-da, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.
Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda türk metbugatynda Türkiýede jenaýata baş goşan, jynsy zorluga sezewar edilen, öldürilen ýa-da ýiten, ten satýan ýa-da ten satmaga mejbur edilen türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar.
16-njy awgustda Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. “Hürriýet” neşiri wakany derňän polisiýa işgärleriniň jesediň Türkmenistanyň raýaty 32 ýaşyndaky Şakir Penjiýewe degişlidigini anyklandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.