Ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň sözlerine görä, Türkmenistan ikinji Kuweýte, ýagny her kimiň öz “Mersedesini” münýän ýurduna öwrülmelidi.
Ýurduň garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy ýetip gelýär, emma Türkmenistan ikinji Kuweýte öwrülmekden barha we barha daşlaşýar. Onsoň käbirleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetiniň nädip saklanyp galandygyny sorag astyna alýar.
Türkmenistandaky şu günki durmuş-ýaşaýyş esasy harytlaryň – şekeriň, nahar ýagynyň, ýumurtganyň we beýleki şuňa meňzeş önümleriň gündelik gytçylygy bilen häsiýetlenýär. Türkmen şäherleriniň we şäherçeleriniň köpüsinde gündelik norma iki çörekden ybarat.
Bu harytlaryň köpüsi esasan hususy dükanlarda tapylýar, ýöne döwlet dükanlaryndaky bahalaryndan birnäçe esse gymmat satylýar. Hatda ýurtda nagt pul hem gyt, bu bankomatlarda pul goýlandygy eşidilen badyna ol ýerde uzyn nobatlaryň döremeginden hem belli bolýar.
Ýöne nobata duranyň bilen, ol maşynlarda hemişe hemme kişä ýeterlik manat bolmaýar.
Hökümet 2018-nji ýylda gaza, elektrik toguna we suwa berýän subsidiýalaryny ýatyrdy, bu hyzmatlaryň bahalaryna girizilen ýeňillikler Türkmenistanda 1991-nji ýylda eýe bolnan garaşsyzlykdan bäri dowam edýärdi. Şol bir wagtda hökümet işsizleriň sanyny çap etmeýär, emma işsizleriň möçberi 60% ýa-da ondan hem kändir diýip ynanylýar.
Soňky döwürde häkimiýetler raýatlaryň ýurtdan gitmekleriniň öňüni almaga başladylar. Ýyllar boýy dowam eden hökümet repressiýasy, soňky ýyllarda bolsa, ykdysady ýagdaýyň has ýaramazlaşmagy Türkmenistanyň raýatlarynyň üçden birinden gowragynyň ýurtdan gitmegine getirendir öýdülýär.
Ýurduň ykdysadyýeti garaşsyzlyk zamanasyndaky iň agyr günlerini başdan geçirýär. Türkmenistanyň esasy eksporty tebigy gaz bolup, ol ýurduň girdejisiniň 70-80 prosentini düzýän bolmaly diýip ynanylýar. Orsýetiň “Gazpromy” ýaňy-ýakynda Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny täzeledi, ýöne indi Moskwanyň satyn alýan gazy öňki ýyllardaky bilen deňeşdirilende juda az.
Hytaý 2017-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň tasdan ähli gazyny satyn alýar, emma bu gazyň möçberi aýdylmaýan bölegi Türkmenistanyň Hytaýdan alan karzlarynyň tölegine gidýär (geň-de bolsa, Türkmenistan bu karzlaryň köp bölegini gaz ýataklaryny özleşdirmek we Hytaýa iberiljek gaza geçiriji gurmak üçin aldy).
Türkmenistan daşary ýurtlardan sermaýa gözleýär; emma diňe 2019-njy ýylyň özünde çap edilen iki hasabatda, Halkara daýjest gollanmasy we Daşary syýasat merkezi tarapyndan Türkmenistanda maýa ýatyrmagyň howpludygy açyk duýduryldy.
Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti 2017-nji ýylda o diýen bilinmeýän halkara sport çäresini geçirmek üçin milliardlarça dollar harçlady; ýylda hatda 50 müň daşary ýurtly hem gelmeýän ýurtda ýüzlerçe müň ýolagçyny kabul edip biljek täze aeroport gurdy; şeýle-de ak mermere örtülen desgalaryň, Hazaryň kenaryndaky “Awaza” kurortynda, Aşgabatda gurulýan kaşaň myhmanhanalaryň, kongres zallarynyň... gurluşyklary dowam etdirilýär.
Bularyň üstesine, Berdimuhamedow gymmatbaha awtoulaglary sürýän, kaşaň mebellerden doldurylan otaglarda oturan görnüşde yzygiderli döwlet telewideniýesinde peýda bolup, durmuşyň nähili ajaýypdygyny hem görkezýär.
Optimal režim?
Berdimuhamedow we onuň hökümeti, görnüşinden, Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolýan köp problemasyny çözüp bilmedi. Emma ol wezipede galmagyny dowam etdirýär.
Nädip?
Bu soraga beýleki hökümetler Berdimuhamedowyň režimini optimal hasaplap, Türkmenistan, görnetin bolmasa-da, daşardan has köp kömek alýan bolmasyn diýip jogap berilmegimümkin.
Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri BMG tarapyndan ykrar edilen bitarap ýurt. Başda prezident Nyýazow bitaraplygy ýurdy üzňeleşdirmegiň ulagy edip ulandy.
Resmi taýdan Türkmenistanyň hiç kime ýamanlyk niýeti ýok we Aşgabat, kim bolsa bolsun, birkemsiz goňşy hökmünde, duşmançylykdaky taraplara araçylyk hyzmatyny teklip etse-de, hemişe beýleki ýurtlaryň problemalaryna gatyşmakdan gaça durdy.
Bu hakykatda Türkmenistanyň duldegşir goňşularynyň – Eýranyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň, şeýle-de Hazar deňziniň kenaryndaky döwletler bolan Azerbaýjanyň we Orsýetiň tüýs isleýän zady.
Eger olar Türkmenistana özleriniň arzuw edip biljek täsirlerini ýetirmese, başga hiç kim muny etjege meňzemeýär.
Türkmenistanyň Günbatar döwletleri bilen gatnaşyklary bar we hatda Aşgabat, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Owganystanda alnyp barylýan kampaniýanyň çäginde, amerikan harby uçarlarynyň türkmen howa menzillerinde ýangyç guýmagyna hem rugsat berdi.
Emma Aşgabat özüniň Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklaryny köplenç ykdysadyýete gönükdirilen ýagdaýda saklaýar; türkmen hökümeti Günbatar täsirlerini oňlamaýar we, islendik howpsuzlyk şertnamasyna ýa ýaranlygyna goşulman saklanyşy ýaly, Günbatar howpsuzlyk ýaranlyklaryna hem goşulmak islemeýär.
Bu Türkmenistan bilen 1 müň kilometr çemesi uzaklykdaky umumy araçägi bolan Eýran üçin rahatlandyryjy pikir bolup biler. Soňky iki onýyllygyň köp döwründe ABŞ goşunlary Eýranyň beýleki iki tarapynda, Owganystanda we Yrakda boldy.
Aşgabadyň daşarky ýa-da (söwdadan başga) berk hyzmatdaşlyk täsirlerine üznüksiz garşy durmagyTürkmenistanyň goňşularynyň hem bähbidine hyzmat edip biler. Sebäbi olar bu ýagdaýda Aşgabat bilen iş salşanlarynda diňe Aşgabat bilen iş salyşýarlar; dawa-jedel wagtynda başga bir hökümetiň Türkmenistanyň tarapyny almak ýa-da kynçylyk pursatynda Aşgabada kömege gelmek mümkinçiligini azaldýarlar.
Oňaýly samsyk?
Türkmenistanyň hökümeti hiç bir tarap üçin gorkunç pozisiýa hem eýelemeýär. 5 million çemesi ilaty bolan Türkmenistan duldegşir goňşularynyň islendiginden kiçi. Bu ýurduň harby güýçleri sebitde iň gowuşgynsyz goşun bolup durýar.
Şol bir wagtda türkmen hökümeti hemişe ýurduň gorkulýan howpsuzlyk güýçlerine daýanýar, olar indi üç onýyllyga golaý wagt bäri ilaty tabynlykda saklamak üçin tagalla edýärler. Türkmenistan reformaçylar ýa-da rewolýusionerler üçin mes toprakly ýurt däl, üstesine hökümet güman edilýän musulmanlara hem juda ýowuz daraýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Emma türkmen prezidenti Berdimuhamedowyň, belki-de, hemme zatdan beter, bir masgarabaz hökmünde görülýän bolmagy mümkin. Ol döwlet dolandyryşyndan baş çykarýan adama asla meňzemeýär, şeýle-de özüniň beýleki ýurtlar bilen aradaky dawalarda gepleşmek, söwdalaşmak ukybynyň örän pesdigini subut etdi.
Käbirleriniň beýle lidere islän ugruňa idip ýörmeli adam, amatly akmak hökmünde çemeleşmek islemegi hem mümkin. Belki-de ol özüniň we öz hökümetiniň batyrylmagyna ýol açyp biljek derejede aşa akmak.
Orsýet Berdimuhamedowdan we onuň hökümetinden kanagatlanýana meňzeýär. Ýarym degişme bilen Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň dowamy hökmünde seredilýän “Gazrom” ýakynda Türkmenistandan gaz satyn almak baradaky şertnamasyny täzeländigini yglan etdi. Ozalky şertnama bir taraply ýagdaýda 2016-njy ýylyň başynda ýatyrylypdy.
Degişli maglumat Türkmen migrasiýasynyň güýçlenýän wagtynda “Gazprom” "Türkmengaz" bilen täze ylalaşyga gol çekdi
“Gazprom” türkmen gazyna beýle bir mätäç görünmeýär, emma ol Aşgabatdan iýunyň aýagynda gol çekilen täze şertnama esasynda ýylda 5.5 milliard kub metr çemesi gaz alar.
AzerbaýjanyňCaspianbarrel.orgwebsaýtynyň aprelde çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň girdeji mätäçliginden we alyjy gytçylygyndan peýdalanyp, “Gazprom” türkmen gazyny örän pes bahadan – her müň kub metrini 110 dollardan köp bermän satyn almak isledi.
Eger-de bu maglumat dogry bolsa, Türkmenistan “Gazproma” satan gazyndan ýylda 600 million dollardan säher kän girdeji alar. Bu Türkmenistanyň hasap depderlerini deňagramly saklamak üçin ýeterlik bolmaz, ýöne her näme-de bolsa güzeran aýlamaga goldaw berer.
Şeýle-de Orsýet Türkmenistana 2016-njy ýylyň aýagynda dörän başagaýlyk mahalynda gepatite garşy waksina bermek bilen hem kömek etdi.
Gümürtik ylalaşyklar
Hytaýyň Türkmenistan bilen baglaşýan ylalaşyklary hemişe birhili gümürtik boldy. Emma Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy Türkmenistan bilen guryýer ýataklaryndan nebit-gaz çykarmak boýunça düýpli şertnama baglaşan ýeke-täk daşary ýurt kompaniýasy bolup durýar. Onsoň haçanda Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrýan dört gaz geçirijiniň D liniýasy hem gurlup tamamlansa, ýöne bu gowy bolanda birnäçe ýyl uzaklykda, Türkmenistan ýylda Hytaýa 55 milliard kub metr gaz eksport etmek mümkinçiligine eýe bolar.
Bu ony Hytaýyň iň uly gaz üpjünçisine öwrer. Şol bir wagtda, elbetde, Türkmenistan şonda-da Hytaýa anyklaşdyrylmadyk möçberlerde, diňe gaz ýataklaryny özleşdirmek we geçiriji gurmak üçin alan karzlary üçin däl, eýsem, görnüşinden, Türkmenistanyň soňky döwürlerde Hytaýdan satyn alan we türkmen harby paradlary mahalynda telewideniýede görkezen täze ýaraglary üçin hem bergili bolup galar.
Bu Berdimuhamedowyň hökümetiniň ýykylmagynyň, azyndan Aşgabat Hytaý babatdaky syýasatynyň üýtgewsiz galjagyna belli bir derejede ynandyrýança, Hytaýyň bähbidine bolmajakdygyny aňladýar.
Türkmenistanyň Hytaýa iberýän gazynyň näçe mukdarynyň berginiň hasabyna berilýän tölegdigi hiç wagt aýdyň bolmady, emma Hytaý Aşgabady türkmen hökümetiniň ýykylmagyna çenli getirip biljek derejede gyssamasa gerek diýip çaklamak mantyklyrak bolardy.
Azerbaýjan eýýäm özüniň Günbatara gaz we nebit eksport etjek ugurlaryny açdy. Türkmenistan hem öz Transhazar gaz geçirijisini Azerbaýjanyň geçiriji ulgamyna seplemek we Ýewropa gaz eksport etmek höwesinde.
Emma ýene Berdimuhamedowyň hökümetiniň bu taslama goşulmakçy bolýan kompaniýalar we ýurtlar bilen gatnaşygy dowamly bolmady we bu ýagda öňde goýlan maksada tarap kän ileri süýşüp bolmazlygynyň sebäpleriniň biri boldy. Onsoň bu ýerde belli bir derejede ilerleme gazanylýança, Azerbaýjan günbatara tarap, Ýewropa tarap diňe öz gazyny akdyrmak bilen çäklenmegi dowam etdirer.
Bu Türkmenistanyň goňşularynyň ählisine täsir ýetirýän ýagdaý, sebäbi olaryň ählisiniň gazy bar we hemmesi täze bazarlara çykmaga çytraşýar. Ýeserräk türkmen lideri türkmen gazy üçin täze ýollary gözläp tapmakda we öz goňşularynyň biznes bähbitlerini ellerinden almakda has başarnykly bolardy.
Türkmenistanyň hökümetiniň we ýurduň döwlet eýeçiligindäki metbugatynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda hiç bir problema ýok.
Aşgabat sil gelende, ýer titrände, duzly tupan turanda, gurakçylyk bolanda ýa-da azyk gytçylygy dörände, emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin, hiç wagt daşardan kömek soramady we, görnetin subutnamalara garamazdan, türkmen häkimiýetleri beýle zatlaryň bolanyny hiç wagt boýun alyp hem biljek däldi. Onsoň, eger türkmen hökümeti daşary ýurt guramalaryndan kömek alsa hem, türkmen häkimiýetleriniň bu barada açyk gürrüň edip biljegi gümana görünýär. Sebäbi bu ýagdaýlaryň, hökümetiň we döwlet eýeçiligindäki medianyň ynandyrjak bolşy ýaly, gülala-güllük däldigini boýun almaga barabar boljak.
Ýöne Berdimuhamedowyň hökümetiniň bu ykdysady krizise daşardan hiç bir kömek almazdan hötde gelip biljegine ynanmazlyga esas bar, onsoň bu ýerde mesele onuň muny nähili edip bilýänliginde däl-de, eýsem bu işde oňa kimiň kömek-ýardam berýänliginde?
Makalanyň ýazylmagyna AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy, Azatlyk radiosy hem öz goşandyny goşdy.