Türkmen kartlaryndan peýdalanmakdaky kynçylyklaryň fonunda Berdimuhamedow bank ulgamyny ösdürmegi maslahat etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýurduň ykdysady ulgamynda maýa goýum hyzmatlaryny ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Prezidentiň eden bu çykyşy Türkiýedäki bankomatlaryň türkmen bank kartlaryny “ýuwudýandygy”, olaryň eýesine gaýtarylmaýandygy baradaky habarlaryň peýda bolan, şeýle-de ýurduň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiliginiň we olaryň öňünde uly nobatlaryň dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Degişli maglumat Türkmen bank kartlaryny türk bankomatlary ýuwudýar, kartlar eýesine gaýtarylmaýar, studentler kösenýär

10-njy sentýabrda döwlet baştutany Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň gatnaşmagynda bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama ara alnyp maslahatlaşyldy.

Berdimuhamedow “daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda... eýýäm däp bolan gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny” belledi.

“Nagt pul dolanyşygyny azaltmak we döwrebap tehnologiýalar bilen birlikde töleg kartlaryna daýanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny ornaşdyrmak häzir geljegi uly ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle gurallary peýdalanmak bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryny kadalaşdyryjy düzgünleri döwrebaplaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmek zerurdyr” diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) türkmen lideriniň sözlerini sitirledi.

Şeýle-de, prezident Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek gerekdigini hem aýtdy.

Ýygnagyň barşynda Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Jepbarow “bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler” barada hasabat berdi diýlip, remi metbugatyň habarynda aýdylsa-da, onuň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmady.

Berdimuhamedowyň bank ulgamyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty Türkiýedäki bankomatlaryň türkmen bank kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýändigi barada maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

“Türkiýäniň Stambul şäherinde bankomatlar Türkmenistanyň banklaryndan berlen kartlary “ýuwudýar”; käbir türk banklarynyň şahamçalary türkmenistanlylaryň Türkiýedäki bankomatlar tarapyndan “ýuwdulan” kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýärler” diýip, efirde özüni Mergen diýip tanyşdyran türkmen studenti aýtdy. Ol Azatlyga ýetiren maglumatynda onlarça türkmen studentiniň şeýle kynçylyklary başdan geçirýändigini habar berdi.

Degişli maglumat Lebaply pensionerler heniz kartlara geçirilmedik pensiýa haklaryny almak üçin öňünden nobata ýazylýarlar

Mergen 23-nji awgustda Türkiýäniň “Iş bankynyň” Stambulda ýerleşýän şahamçalarynyň birindäki bankomatdan türkmen karty arkaly pul nagtlaşdyrmaga synanyşýar, ýöne bu netijesiz bolýar.

“Bankomat kartymy ýuwutdy. Iş bankyň şahamçasyna barsam, olar kartymy bermeýärler. Iş bankyň işgäri özleriniň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşandyklaryny, türkmen banklarynyň ýuwdulan kartlary yzyna bermezligi tabşyrandygyny aýtdy” diýip, Mergen gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna Türkiýedäki türkmen studentleriniň başdan geçirýän bu ýagdaýlarynyň türkmen häkimiýetleriniň “halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýändigi" aýdylýan çäreleri bilen baglanyşyklydygyny ýa-da däldigini anyklamak häzirlikçe başartmady.

Galyberse-de, tomus aýynyň başyndan bäri Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt puluň ýeterlik derejede tapdyrmazlygy bilen bagly ýagdaý dowam edýär. Ýüzlerçe adamdan ybarat ilat köpçüligi öz pullaryny nagtlaşdyrmak üçin käte ençeme sagatlap, käte-de ençeme günläp nobata durmaly bolýarlar.

19-njy awgustda Berdimuhamedow ýurtda bank kartlaryna geçileli bäri dowam edýän we soňky aýlarda eli ýuka maşgalalar üçin uly kösençlige öwrülen nagt pul ýetmezçiligi problemasyny gytaklaýyn boýun alyp, “ýurduň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.