Daşoguza we Lebaba sil suwlary geldi

Sil suwlary. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suw joşguny emele geldi. Azatlyk Radiosynyň bu welaýatlardaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, muňa Amyderýanyň suwunyň joşup, öz hanasyndan çykmagy sebäp boldy.

“9-njy sentýabrda giçlik Daşogzuň Görogly etrabyna we Lebap welaýatynyň Kerki, Hojambaz, Darganata, şeýle-de Kerkiçi şäherçesine sil geldi. Wakada adam ýitgisiniň bolandygy ýa-da bolmandygy barada häzirlikçe maglumat ýok” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli habarçy 10-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Tebigy heläkçilik: Türkmensähradaky we Balkandaky güýçli sil hem-de suw joşmalary


Şol bir wagtda, habarçy Amyderýanyň iki kenaryndaky ýaşaýyş jaýlaryna we etraplardaky pagta meýdanlaryna uly zyýan ýetendigini hem belledi.

Habarçynyň sözlerine görä, häzirki wagt ýerli häkimiýetler bu maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerine syzdyrmajak bolup, elinde baryny edýärler.

“Gynansak-da, tebigy betbagtçylykdan ejir çeken ýaşaýjylara ýardam berilmegi ilkinji mesele däl ýaly bolup görünýär. Ýerli häkimiýetler tarapyndan ýaşaýjylara kömek edilendigini häzirlikçe eşitmedim” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we “Türkmenistan Altyn Asyr” neşiriniň websaýtlarynda ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suw joşgunynyň bolandygy barada häzirlikçe habar ýa-da maglumat göze ilmeýär.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy bu tebigy hadysa barada Lebap we Daşoguz welaýat häkimliklerinden hem häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.

Ýatlasak, bu ýyl mart aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Türkmenistanyň dürli künjeklerine, hususan-da Aşgabat şäherine we Balkan, Ahal we Mary welaýatlaryna ençeme gezek güýçli sil geldi.

Şonda güýçli we çabgaly ýagyşlar welaýatlaryň ençeme obadyr etrabyna we Aşgabat şäherine sil suwlarynyň gelmegine sebäp bolup, munuň netijesinde köçelere, ýaşaýyş jaýlaryna, ýerzeminlere we ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi.

19-njy martda irden Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlet edaralarynyň onlarçasyna zeper ýetdi, onlarça maşgala orta mekdepleriniň binalaryna göçürildi we Bereketdäki halkara demirýol stansiýasy ýapyldy.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, ýaşaýyş jaýlaryny, döwlet edara-kärhanalaryny suw we laý-palçyk basdy, şäheriň infrastrukturasyna, elektrik geçiriji sütünlere we ýollara zeper ýetdi. Ýerli häkimiýetler öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýüzlerçe maşgala ýardam bermekden ýüz öwürdi.

Sil zerarly zeper ýeten ýollarda ulag heläkçilikleri hem boldy.

Degişli maglumat Aşgabatda ýene güýçli ýagyş ýagdy; şäher edaralarynyň işgärleri gije sagat 3-e çenli köçeleri arassalady

Apreliň başynda çabgaly ýagyşlaryň netijesinde Tagtabazar şäherine sil geldi. Azatlyk Radiosynyň bu regiondaky habarçysynyň sözlerine görä, siliň gelmegi sebäpli bu ýerde ortaça 700 jaýa zeper ýetip, olaryň käbirleri doly ýumruldy we onlarça maşgala öýsüz galdy.

Aşgabatda 19-njy aprelde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele gelipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri tebigy hadysalar we ilatyň çeken zyýany barada habar bermeýärler. Şeýle-de, olar ilaty ýurtda bolmagy mümkin howp-hatarlar ýa-da tebigy hadysalar barada hem köplenç habarly etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.