"Owadandepede" 'gülençi' diýilýänleriň ýene biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşandygy habar berilýär

Alişer Muhammetgulyýew. "Turkmen.news" neşiriniň suraty

Türkmen türmesindäki agyr şertler zerarly ýene bir tussagyň, ozalky mugallymyň saglyk ýagdaýynyň gün-günden ýaramazlaşýandygy habar berilýär.

Ozalky okuwçysynyň Azatlyk radiosyna iberen hatynda aýdylmagyna görä, öňki mugallym, 23 ýyl azatlykdan mahrum edilen Alişer Muhammetgulyýew birnäçe gün bäri türmede ýiti içagyrydan ejir çekýär, oňa gyssagly medisina kömegi zerur.

Ol beren goldawy, terbiýesi bilen kalplarymyzda uly orun eýeledi, esasanam taryh dersini çuňňur öwredip, dar düşünjelerimizi giňelden ägirtdir” diýip, öňki okuwçysy Alişer mugallymyň hünärine berlen pedagog bolandygyny nygtaýar we onuň bigünädigine ynanýandygyny aýdýar.

Ol häzir Owadandepe türmesinde saklanýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny islän raýat bu türmede tussaglaryň her hilli keseller bilen kesellemek ähtimallygynyň örän ýokary bolmagynda galýandygyna hem ünsi çekýär.

Men Alişer mugallymyň hem Akmyrat Söýünowyň, Eziz Hudaýberdiýewiň keç ykballaryna sezewar edilmeginden alada edýärin” diýip, hatyň dowamynda aýdylýar.

Ol bu bendileriň ikisine-de 23 ýyldan iş kesilendigini, Eziz Hudaýberdiýewiň tutulmazyndan öň Lebap welaýatynyň 2-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde mugallym bolandygyny hem sözüne goşdy.

Olaryň haýsy keselden ejir çekendigi, nähili ýagdaýda ýogalandygy nämälim. Syzyp çykan maglumatlara görä, ýagdaýlary näçe agyr bolsa-da, olara öz wagtynda zerur bolan medisina kömekleri berilmändir. Türme işgärleri bu ýagdaýy görselerem, bilselerem, hiç hili kömek bermeýärler. Habarly adamlaryň aýtmaklaryna görä, türme işgärlerinde agyr ýagdaýa düşen tussaglara kömek etmäge ne isleg, ne-de mümkinçilik bar” diýip, hatyň dowamynda bellenilýär.

Bu habar “The Diplomat” neşiriniň 3-nji sentýabrda türkmenistanly gülençileriň ykbaly barada çap eden göwrümli makalasynyň yz ýanyndan gelip gowuşdy.

Neşir öz makalasynda türkmen häkimiýetleriniň 2016-17-nji ýyllarda gülençi bolmakda güman edip türmä basan studentlerine näme bolandygy baradaky meseläni gozgaýar.

Azatlyk radiosy iýul aýynda gülençilikde aýyplanyp tussag edilen iňlis dili mugallymy Eziz Hudaýberdiýewiň türmede aradan çykandygyny habar berdi.

Bu maglumaty radionyň hökümete ýakyn çeşmesi – ýurduň Milli howpsuzlyk ministrligindäki resmi hem tassyk etdi. Sosial mediada çykan maglumatlara görä, ol üç ýyl ozal türmä basylyp, gynamalar netijesinde ölüpdir.

“The Diplomat” neşiri, ýurduň türkmen-türk mekdeplerinde okan we 2016-17-nji ýyllarda türmä basylan bendileri “syýasy tussag” atlandyryp, olardan iki adamyň näbelli sebäplerden ýogalandygyny habar berýär.

38 ýaşyndaky telekeçi Akmyrat Söýünow 2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda, 37 ýaşyndaky mugallym Eziz Hudayberdiýew şu ýylyň 30-njy iýunynda ýogaldy” diýip, makalada aýdylýar.

Degişli maglumat EKSKLÝUZIW: Azatlyk Radiosyna "Gülençidigi" öýdülip tussag edilenleriň Hökümi gowuşdy


Daşary ýurtlara çykmagy başaran tanyşlarynyň tassyklamagyna görä, Söýünowyň yzynda üç çagasy we aýaly, Hudaýberdiýewiň yzynda dört çagasy we aýaly galypdyr. Olaryň ikisi hem tussag edilen wagtynda sagdyn, gujurly erkekler eken.

"Türkmen.news" bu iki bendiniň hem ýogalmazyndan öň Muhammetgulyýewiň uçran hassalygyna çalymdaş dertden ejir çekendigini habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, Kerki şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji mekdebinde okuw bölüminiň müdiri bolup işlän A. Muhammetgulyýew 1980-nji ýylyň 12-nji iýulynda Halaç etrabynda doglupdyr, 1998-nji ýylda Kerkide türkmen-türk liseýini tamamlap, soň Türkiýede ýokary bilim alypdyr, maşgalaly we üç sany ýaş çagasy bar.

Tejribeden belli bolşuna görä, resmi Aşgabat türkmen türmesinde ölendigi aýdylýan tussaglar barada çykýan maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Şol bir wagtda, “Olary diri görkeziň” atly halkara hukuk toparlary koalisiýasynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmesinde ýitendigi aýdylýan onlarça bendiniň ykbaly uzak ýyllar bäri näbelli bolmagynda galýar.

“The Diplomat” neşiriniň ýazmagyna görä, 2016-njy ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda, Türkiýede öňi alnan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleriniň öňki okuwçylarynyň 100 töweregi tussag edildi.

Azatlyk radiosy Türkmenistanda türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän telekeçileriň, mugallymlaryň sud edilip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde habar berdi.

Şonda redaksiýa Aşgabadyň şäher kazyýetiniň hökümiň göçürmesidigi aýdylýan dokument gelip gowuşdy we onda işine seredilen 18 adamyň jemi 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýar.

“2017-nji ýylyň fewralynda bu tussaglaryň 18 sanysyna jemi 333 ýyl iş kesildi, olar “sosial, milli, etniki, jynsy we dini duşmançylygy öjükdirmekde”, “jenaýatçy gurama döretmekde we onuň işine gatnaşmakda” aýyplandy” diýip, “The Diplomat” ýazýar.

Degişli maglumat ABŞ din azatlygynyň basgylanmagyna 'keseden seredip durmajagyny' aýdýar


Şeýle-de neşir 2017-nji ýylyň aprel we maý aýlarynda bu iş boýunça ýurduň Lebap welaýatynda 50 adamyň tussag edilendigini, olaryň 10 sanysyna şol ýylyň iýunynda türme möhletleriniň berlendigini belleýär. Aýdylmagyna görä, ozal habar berilmedik bu maglumaty “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber hem tassyklaýar.

Bu maglumaty wagtynda Azatlygyň ýerli çeşmeleri hem anyklady we 2017-nji ýylyň 29-njy maýynda “soňky aýlarda diňe Lebap welaýatynda, “gülençileriň hereketi” diýilýän topara gatnaşykda aýyplanyp, azyndan 50 çemesi adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Uly baýramçylyklara gabat ýygy-ýygydan geçirýän günä geçişlerine garamazdan, Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanylýar we türme şertleriniň ýaramaz bolmagynda tankytlanylýar.