Türkmenistanyň $1,1 milliardlyk dökün kombinaty 'zyýanyna işleýär'

Garlyk kombinaty

Belarusyň TUT.BY neşiri Türkmenistanyň Garlykdaky kaliý kombinatynda önümçiligiň ýok diýen ýalydygyny aýdyp, Belarusyň bu taslama gaýdyp barmagy mümkinmi diýen soragy berýär.

Neşiriň “Argus” agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki kombinat tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, analitikler ýokary hilli magdanyň ýetmezçiligi, suw basmalary barada maglumat alandyklaryny aýdýarlar.

Bahasy $1,1 milliard bolan Garlyk kombinaty 2017-nji ýylyň martynda ulanmaga berildi (onuň gurluşyk işleri, dürli maglumatlara görä, 2009-njy ýylyň tomsunda, 2010-njy ýylda başlady-redaksiýanyň belligi). Şonda türkmen mediasy Türkmenistanyň Hytaýa we Hindistana ýylda 1 million 200 müň tonna dökün eksport etmegi planlaşdyrýandygyny habar beripdi.

Degişli maglumat Prezidentiň ogly Serdar 2,3 mlrd dollarlyk ýoluň gurluşygyna badalga berdi


Emma türkmen metbugaty soňra, sosial mediada we belarus mediasynda çykýan dürli maglumatlara garamazdan, kombinatdaky ýagdaýlar, önümçilik planlarynyň ýerine ýetirilişi hakynda maglumat bermegi zerur hasaplamady.

Belarus neşiriniň 6-njy sentýabrda çap eden makalasynda Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyna salgylanyp ýazmagyna görä, “Türkmenhimiýa” awgust aýynda türk kompaniýasyna tonnasy 110 dollardan 20 tonna dökün satdy. Emma bahasy öňünden alynmaly edilen döküniň doly möçberinde 8 aýyň dowamynda satyljakdygy aýdylýar.

“Argus” neşiri bu söwdanyň alty aýdaky birinji söwda ylalaşygydygyny, şol bir wagtda kombinatyň ýyllyk önüm kuwwatynyň 1,4 miliion tonna dökün bolmalydygyny belleýär. Bu Garlyk kombinatynyň önüm öndürijilik kuwwatynyň heniz juda pesdigi barada aýdylýanlary tassyklaýar.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Garlyk kombinatynda 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda jemi 24 müň 200 tonnalyk kaliý döküni öndürildi. Bu görkeziji zawodyň göz öňünde tutulan ýyllyk önümçilik kuwwatynyň takmynan 2 %-e barabar bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergisi 40 million dollara ýetipdir

Synçylar bu kombinatyň gelejeginiň turuwbaşdan uly soraglary döredendigini, taraplaryň arasynda heniz gurluşygyň barýan wagtynda hem bir topar düşünişmezligiň we oňşuksyzlygyň bolandygyny, maliýe meselerinden başga, Belarusda kombinatda işlemek üçin taýýarlanylýan türkmen hünärmenleri babatda hem mesele dörändigini belleýärler.

Bu oňşuksyzlyklar soňra has güýçlendi we netijede belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabat bilen Garlyk kombinaty boýunça basymrak hasaplaşylmagyny talap etdi.

Türkmen tarapynyň kombinatyň gurluşygy boýunça $42,7 million bergisiniň bardygy şol ýylyň iýulynda belli boldy.

Degişli maglumat Algyly kompaniýalar Aşgabady suda bermek üçin nobata durýar, synçylar hökümeti gurluşyklary togtatmaga çagyrýar


Lukaşenkonyň hasaplaşyk gürrüňi türkmen prezidentiniň şol ýylyň 5-nji noýabrynda "Belgorhimpromyň” Garlykda guran kombinatynyň işinden nägiledigini açyk dile getirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow kombinatyň gurluşygynda goýberilen kemçilikleri öwrenip, meseläni halkara arbitraž suduna çykarmaga taýýarlamagy tabşyrdy.

Şol bir wagtda, döwlet baştutanynyň kombinatyň häzirlikçe doly güýjünde önüm bererden juda uzakdadygyny gytaklaýyn birnäçe gezek tassyk edendigine garamazdan, resmi Aşgabat bu meseläniň jikme-jikliklerini açmaýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergisi 40 million dollara ýetipdir


Habar berlişi ýaly, Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň eýesi bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasy bilen sudlaşýar.

Türkmen tarapy potratçylaryň öz işlerini doly ýerine ýetirmändiklerini aýtsa, belarus tarapy işi doly tamamlandygyny, iş buýrujynyň 150 milliion dollardan gowrak bergisini bermeýändigini aýdýar.

Şeýle-de Belarus Türkmenistany “Belgorhimpromyň” 60-dan gowrak tehnikasyny ýurtdan çykarmaga rugsat bermezlikde aýyplaýar. Bu tehnikalaryň bahasynyň 7 million dollardan hem geçýändigi aýdylýar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary resmi Aşgabady iş bilmezlikde we türkmen gaznasyna juda gymmat düşýän taslamalara milliardlap dollar harçlap, soňra gurlan desgalaryň netijeliligi boýunça halka hiç bir hasabat bermezlikde aýyplaýarlar.