Gyzyň ýaşynyň 11 töweregidigi aýdylýar. Erkegiň ýaşy gyzyňkydan iki esse dagy uly. Olara golaýda Eýranyň gyrak-bujakdaky günorta-günbatar welaýatynda nika gyýyldy we nika dabarasynyň wideoýazgysy internetde ýerleşdirildi.
Bu wakanyň döreden sarsgyny we gahar-gazaby netijesinde, Kohgiluyeh we Boyer-Ahmad welaýatynyň häkimiýetleri birnäçe gün içinde çaga bilen erkek adamyň arasynda baglaşylan wagtlaýyn nikanyň ýatyrylandygyny yglan etdiler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Çap edilen wideoda ýerli toý lybaslaryny geýen kiçijik gyzyň ak köýnekli, öz kakasy duşdaş erkegiň gapdalynda oturandygy görünýär.
Soňra ruhanydygy anyklanan erkek adam, Eýrandaky nikadäbine laýyklykda, çaga gelinlikden onuň özüne durmuşa çykmaga razydygyny ýa däldigini üç gezek gaýtalap soraýar.
"Ejemiň we kakamyň razylygy esasynda [men razy]" diýip, çaga ahyrynda jogap berýär we derrew ýüzüni örtýär. Şondan soň şatlykly sesler, el çarpyşyk ýaňlanýar.
Welaýat prokurory Hassan Negin Taji ýarym resmi ISNA habar gullugy bilen söhbetdeşlikde öýlenýän ýigide, çaganyň hossarlaryna we nika gyýýan ruhana garşy aýyp bildirilendigini, sebäbi olaryň Eýranyň maşgala kanunçylygynyň 50-nji maddasyny bozandyklaryny aýtdy.
Bu kanun maddasyna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik gyza öýlenen erkek alty aýdan iki ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner.
'Wagtlaýyn nika'
Eýranda gyzyň durmuşa çykmagy üçin kämillik ýaşy, ene-atasynyň razylygy bilen, 13 ýaş hasaplanýar. Emma ondan ýaş gyzlar kazynyň rugsat bermegi netijesinde durmuşa çykarylyp bilinýär. Oglanlaryň öýlenmek üçin kanuny kämillik ýaşy - 15 hasaplanýar.
Taji ol erkek bilen çaganyň bir-birini gowy tanamak üçin, yslam kadalaryny bozmazdan, wagtlaýyn nika baglaşandygyny, olaryň alty ýyl içinde resmi taýdan nika baglaşmakçy bolandygyny aýtdy.
Ol gyzyň, dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, 11 ýaşyndadygyny, erkegiň bolsa 22 ýaşyndadygyny aýtdy. Emma käbir maglumatlara görä, ol gyz ýaňy dokuz ýaşynda bolsa, erkek 33 ýaşynda.
"Biz ol gyzyň häzirki ýaşynda habardarlygynyň azdygyna göz ýetirdik we oňa wagtlaýyn nikanyň maslahat berilmeýändigini aýtdyk” diýip, Taji 3-nji sentýabrda ISNA habar gullugyna aýtdy.
"Şu sebäpden, toý ylalaşygy ýatyryldy we olar bolmaly wagtynda, suddan rugsat alyp, nikalaşyp bilerler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu wideo internetde žurnalist Jawad Heýdarian tarapyndan ýerleşdirildi. Ol soňra bu hili nikalaryň öňüni almak üçin jemgyýetçiligi habarly etmek isländigini gürrüň berdi.
'Ilkinji gezek däl'
Ol Kohgiluyeh we Boyer-Ahmad welaýatynda çaga nikalarynyň köp däldigini, emma bu praktikanyň seýrek hem däldigini belledi.
"Bu şunuň ýaly nikalaryň baglanylyşynyň ilkinjisi-de, soňkusy hem däl” diýip, ol aýtdy.
Bu hadysa Eýranda, ýylda müňlerçe çaga nikasynyň hasaba alynýan ýurdunda gyzlaryň we oglanlaryň resmi nika ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky çagyryşlaryň ýene bir gezek gün tertibine getirilmegine sebäp boldy.