Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maliýe departamenti 2018-nji ýylyň ýanwarynda Igor Makarowy “Amerikanyň Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Aktynyň” (Countering America's Adversaries Through Sanctions Act, 2017) çäginde mümkin çäreleriň ulanyp boljakdygy baradaky rus oligarhlarynyň sanawyna goşupdy.
2017-nji ýylyň tomsunda Birleşen Ştatlarda “Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Akty” kabul edildi. Wekiller öýi we Senat tarapyndan tassyklanan bu kanunçylyga Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp şol ýylyň 2-nji awgustynda gol çekdi. Kanunçylyk Russiýa, Demirgazyk Koreýa we Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmegiň öňüni açdy.
Bu kanunçylyk Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamentinden Milli aňtaw direktorlygyna we Döwlet departamentine geňeşip, Kongresiň degişli komitetlerine Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli syýasatçylarynyň we rus oligarhlarynyň sanawyny tabşyrmagy talap etdi.
Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çap eden sanksiýa girizilmäge degişli (ýöne heniz girizilmedik) rus oligarhlarynyň sanawynda Türkmenistanda ýokary wezipe ynanylan rus biznesmeni Igor Makarowyň hem ady bar.
Degişli maglumat Prezident nebitgaz toplumynyň käbir edara-kärhanalarynda ýolbaşçylary çalyşdy
Amerikan häkimiýetleri agzalýan sanawdaky ýokary wezipeli 114 rus syýasatçysynyň we 96 oligarhyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen aragatnaşyk saklamak arkaly baýlyga ýa-da güýje eýe bolandygyny aýdýar.
Birleşen Ştatlary Russiýanyň Siriýadaky we Ukrainadaky agressiýasyny hem-de onuň Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşygyny tankyt edip geldi.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Makarowy bu wezipä bellemegi Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew teklip edipdir.
29-njy awgustda prezident Berdimuhamedow, döwlet metbugatyna görä, ýurduň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleri maslahat etmek üçin Kakaýew we Makarowy kabul etdi.
Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda täsirli wezipe ynanylan russiýaly oligarhyň 2.1 milliard dollara barabar baýlygy bar.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty, Makarowyň bu wezipäni hoşallyk bilen kabul edendigini belleýär hem-de onuň Türkmenistanda doglandygyna we welosiped sportyna uly gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekýär.
“Işewür özüne bildirilen uly ynamy ödemek hem-de doglan ýurdy bolan Türkmenistanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy” diýip, TDH ýazýar.
Resmi terjimehalyndan mälim bolşuna görä, 1962-nji ýylda Aşgabatda doglan Makarow Aşgabatda önüp ösdi. Ol 1983-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady.
Soňky döwürlerde Igor Makarowyň Aşgabada edýän saparlary ýygjamlaşdy.
Ol mundan ozal 9-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu duşuşykdan soň, “ARETI” kompaniýasynyň energetika ulgamynda Türkmenistan bilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, Makarow şu ýylyň 28-nji martynda-da Aşgabatda bolup, türkmen prezidenti bilen duşuşypdy.
Şonda Makarow bilen Berdimuhamedowyň Aşgabadyň köçelerinde welosiped sürýän pursatlary Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezildi. Bu duşuşykda Makarow Berdimuhamedowa, döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, sport welosipediniň iň täze görnüşini sowgat berdi.
WIDEO: Makarow bilen Berdimuhamedowyň Aşgabadyň köçelerinde welosiped sürýän pursatlary Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezildi
Igor Makarow şol bir wagtyň özünde Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysydyr. Türkmen metbugaty onuň esasy işinden daşgary welosiped sporty bilen gyzyklanýandygyny nygtaýar.
Iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Media maglumatlaryna görä, 2015-njy ýyldan öňki ady "ITERA" bolan "ARETI" kompaniýasy 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň gazynyň Russiýadan daşary ýurtlara eksport edilmeginde uly rol oýnady.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ARETI-niň ýolbaşçysyny prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert-hünärmeni wezipesine belledi
Ozalky ýyllarda "ITERA" bilen türkmen ýolbaşçylarynyň gatnaşyklary barada media we metbugat serişdelerinde habarlar peýda bolupdy.
2010-njy ýylda düýbi Londonda ýerleşýän Global Witness guramasy Makarowyň ýolbaşçylygyndaky ITERA kompaniýasynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bahasy 60 million dollara barabar bolan “Galkynyş” atly kaşaň gämini sowgat berendigini habar berdi.
Öňe sürlen bu habarlar resmi derejede tassyklanylmady.
Bellik: 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda bu materialyň Igor Makarowyň ABŞ-nyň sanksiýalar sanawynda durýandygy aýdylýan böleginiň tekstine üýtgetmeler girizildi. Aslynda, jenap Makarow “Amerikanyň Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Aktynyň” (Countering America's Adversaries Through Sanctions Act, 2017) figuranty bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.