Türkmenistan we Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň maliýe işlerini 2020-nji ýylyň başynda jemlemek barada ylalaşyga geldi.
“Business Recorder” neşiri bu maglumaty Yslamabatda Türkmenistanyň ýokary derejeli delegasiýasy bilen energiýa boýunça federal ministr Omar Aýub Hanyň arasynda bolan duşuşyga salgylanyp habar berýär.
Bu maglumat TOPH gaz geçirijisiniň Pakistandan Hindistana çenli çekilmeli böleginiň barlag işlerinde düýpli kanun bozulmalaryna ýol berlendigi hakynda pakistan metbugatynda çykan maglumatyň yz ýanynda peýda boldy.
2-nji sentýabrda Pakistanyň “The Express Tribune” neşiri TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň Multan regionyndan Hindistanyň serhedine çenli çekilmeli 200 kilometrlik böleginiň lidar barlag işlerinde düýpli kanun bozulmalara ýol berlendigini habar berdi.
Degişli maglumat Pakistanda TOPH-yň çekiljek ugrunyň barlag işlerine gatnaşýan kompaniýa garşy derňew işi gozgalýar
“Business Recorderiň” o diýen anyklaşdyrman beren maglumatyna görä, ýakynda pakistan paýtagtynda guralan duşuşyk mahalynda taslamanyň geljekki ykbaly ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga türkmen tarapyndan TOPH geçiriji kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow, Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow we taslamanyň Pakistan bölüminiň menejeri Batyr Berdiýew gatnaşdy.
Türkmen tarapy köp milliard dollarlyk geçirijiniň maliýeleşdirilmegi we söwdasy boýunça düýpli öňegidişligiň gazanylandygyny aýtdy diýip, habarda aýdylýar. Aýdylmagyna görä, taslamanyň maliýe serişdeleriniň 2020-nji ýylyň başynda gutarnykly jemlenilmegine garaşylýar.
TOPH geçirijiniň gurluşygynyň 85 prosentini Aşgabadyň özi çekýär we soňky ýyllarda Türkmenistanyň bu serişdäni tapmak üçin dürli ýurtlara ýüz tutandygy, ençeme ýurduň kompaniýasyny bu işe maýa ýatyrmaga çagyrandygy habar berildi. Ýöne geçirijiniň gurulmagy üçin çekilen maýanyň möçberi nämälimligine galýar.
Emma muňa garamazdan, habarda aýdylmagyna görä, indiki aýda TOPH geçirijisiniň Pakistandaky böleginiň gurluşygyna başlanmagyna garaşylýar. TOPH kompaniýasy geçirijini gurjak kompaniýalaryň käbiriniň, şol sanda tanymal ýewropa kompaniýalarynyň sanawyny düzdi diýip, habarda aýdylýar.
TDH-nyň maglumatyna görä, TOPH kompaniýasy TOPH gaz geçiriji taslamasy üstünde işleýär; geçirijiniň türkmen we owgan bölekleriniň gurluşygynyň düýbi bireýýäm tutuldy.
Degişli maglumat Resmi metbugat TOPH-yň 214 kilometrlik türkmen böleginiň häzirki wagtda tamamlanýandygyny aýdýar, ýöne...
Resmi Aşgabat TOPH-yň türkmen böleginiň bireýýäm gurlandygyny, biraz soň bolsa onuň gurluşygy üçin turba satyn alnandygyny habar berdi. Pakistan neşiri geçirijiniň Türkmenistandaky böleginiň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini, Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň bolsa käbir derejelerde başlanandygygyny belleýär.
Mundan öň Türkmenistanyň TOPHüçinAziýanyň ösüş bankyndan weYslam ösüş bankyndan belli bir derejede maliýe serişdesini alandygy habar berildi.
Şol bir wagtda, Pakistan TOPH taslamasynyň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berilmezden ozal, Türkmenistandan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini sorady.
Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi maksat edinýär.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan häzirki wagtda öz tebigy gazyny diňe Russiýa we Hytaýa eksport edip bilýär.
Ekspertler Türkmenistanyň TOPH geçirijisiniň öňünde iki sany uly kynçylygyň, howpsuzlyk we maliýe kynçylyklarynyň durandygyny aýdyp gelýärler.
Soňky döwürde, ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda barýan parhataçylyk gepleşiklerine garamazdan, Owganystanda, hususan-da bu ýurduň demirgazyk howpsuzlyk ýagdaýlary has ýaramazlaşýar.
Munuň üstesine, Kaşmir dawalary esasynda, Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky ýagdaýlar hem dartgynlaşýar. Synçylar bu ýagdaýlaryň TOPH taslamasynyň peýdasyna däldigini aýdýarlar.
Şeýle-de Türkmenistanyň maýa ýatyryjylar üçin berýän kepillikleriniň ýeterlik ygtybarly bolmazlygy TOPH geçirjisiniň gurluşygynyň amala aşjagyny sorag astyna alýar diýip, synçylar aýdýarlar.