Türkmenistanyň Mary welaýatynda un ýetmezçiligi gün-günden ýitileşýär. Welaýatyň Wekilbazar, Oguzhan, Mary we Baýramaly etraplaryndaky döwlet dükanlaryndaýerli un ýok diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Adamlar ‘şu gün un geler’ diýip, her gün irden hökümet dükanlarynyň öňünde nobata durýarlar. Her dükanyň öňünde 20-den gowrak adamy görse bolýar. Döwlet dükanlarynyň işgärleri nobata duran adamlara öýlän sagat 4 töweregi ýa-da ondan hem giç unuň gelmeýändigini aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabatda ýerli un söwda tekjelerinden ‘ýitirim boldy’Habarçy Oguzhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp, mundan birnäçe gün ozal etrabyň döwlet dükanyna 50 halta çemesi unuň gelendigini, şonda ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda uruş-dawanyň, depeleşigiň hem bolandygyny belledi.
“Dükanyň daşynda garaşyp duran adam kän eken, un bolsa az. Şol sebäpli unuň üstünde ölşük bolupdyr” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagt bu etraplardaky döwlet dükanlarynda ýerli un satuwa çykarylmaýan mahalynda, hususy eýeçilikdäki dükanlarda ýa-da söwda nokatlarynda ýerli un aç-açan satylýar we onuň 1 kilogramy 5 manatdan bahalanýar.
“Adamlar aýda gelýän paýok undan satyn alanda, onuň ýany bilen käbir beýleki harytlary hem hökman satyn almaly. Ýöne adamlar şol zatlary satyn alanda-da, 50 kilogram un üçin 120 manat töleýärler. Bu un hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda 130-250 manat aralygynda satylýar. Uny haltalap satyn almaga güýji ýetmeýän adamlar ýerli dükanlardan çörek bişirmäge ýeter ýaly un satyn alýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagt etraplardaky döwlet dükanlarynda çörek hem satylmaýar. Olary käte şäher merkezlerindäki hökümet dükanlaryndan satyn alyp bolýar.
“Bu dükanlarda-da adam başyna diňe 2 buhanka satýarlar. Onuň her biri 60 teňňä barabar” diýip, habarçy aýtdy.
Mary welaýatyndaky hususy söwda nokatlarynda daşary ýurtlardan import edilen unuň 1 kilogramy 10 manatdan, çörekler ýukasy 3 manatdan, galyňy 5 manatdan satylýar.
Türkmenistanyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky döwlet dükanlarynyň söwda tekjelerinde ýerli unuň satuwa çykarylmazlygy bilen bagly ýagdaý soňky iki aýyň dowamynda güýçlendi.
Bu waka 9-njy iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gallaçy daýhanlary 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürmekleri bilen gutlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Azyk önümleri gymmatlaýar, benzin gytalýar, býujet işgärleri we harbylar açylmadyk pagtany ýygmaga iberilýär
Şonda ýurduň oba-hojalyk pudagyny yzarlaýan ýerli synçylaryň ençemesi galla hasylynyň artykmajy bilen ýerine ýetirilendiginiň aýdylmagyna soragly çemeleşipdi. Sebäbi olar ýurduň çägine aprel aýynda aralaşan dowamly ýagyşlaryň Mary we Ahal welaýatlarynda ýerleşýän bugdaý maýsalaryna zyýan ýetirendigini habar beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ýerli unuň satuwa çykarylmaýandygy, hususy söwda nokatlarynda bolsa, onuň iki esse bahadan aç-açan satylýandygy baradaky habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.
Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde “ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilendigi we Türkmenistanyň daşary döwletlere bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigi” baradaky reportažlar we çykyşlar çap edilýär.
Şeýle mazmunly çykyşlaryň biri iýul aýynyň başynda Aşgabatdaky Oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen “Galla-2019” maslahatynda edilen bolsa, beýlekisi 20-nji awgustda “Türkmenistan Altyn Asyr” saýtynda çap edilen makalada aýdylýar.
Şu ýyl Türkmenistanda ýygnanan galla hasyly “...ýurdumyzy galla bilen üpjün etmäge doly esas berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri artyk ýetişdirilen azyklyk bugdaýy eksport etmäge mümkinçilik alýar” diýlip, “Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady” atly makalada aýdylýar.
Berdimuhamedow 30-njy awgustda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda azyk bolçulygyny döretmek üçin uly işleriň edilýändigi hakynda öňki aýdan sözlerini gaýtalady.
Ýerli synçylaryň ençemesi gök-bakja önümleriniň geçen ýylyň degişli döwründäki bahalary bilen deňeşdirilende ençeme esse gymmatlandygyny, şeýle-de un, çörek, şeker we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygynyň dowam edýändigini aýdyp, munuň azyk bolçulygynyň döredilendigi barada aýdylýanlary ýalana çykarýandygyny belleýär.
2018-nji ýylda ýerli metbugat takyk san agzamazdan, ýurtda 1 million tonnadan gowrak gallanyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.