Häkimiýetler 'awtoulag urşuny' dowam etdirýär, synçylar jerimeleriň resmileriň jübüsine gidýändigini aýdýar

Aşgabatda köçede taşlanan köne awtoulaglar.

Türkmen häkimiýetleri awtoulag eýeleriniň hukuklaryny eden-etdilikli çäklendirmegi dowam etdirýärler diýip, Azatlygyň habarçysy bien söhbetdeş bolan lebaply sürüji aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň polisiýasy 2000-nji ýyldan öň öndürilen awtoulagy bolan adamlara awtoulaglaryny bir aýlap ulanmazlyk barada duýduryş berdi.

2000-nji ýyldan öň zawoddan çykan awtomobilleriň eýelerinden bir aýlap, 1-nji sentýabrdan 1-nji oktýabra çenli ýol hereketine girmezlik hakynda dilhaty alýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran lebaply awtoulag eýesi aýtdy.

Ol bu çäklendirmäniň, gara ýa goýy reňkli maşynlara garşy girizilen çäklendirmede hem bolşy ýaly, kanuny esasynyň ýokdugyny aýdýar.

Aýdylmagyna görä, häkimiýetler tehniki gözegçilikden geçen “garry” ulaglary wagtlaýyn gadagan etmekleriniň sebäbini düşündirmeýärler. Bu ýagdaý awtoulag eýeleriniň arasynda dürli çaklamalary döretdi.

Degişli maglumat Aşgabatda aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhleti uzaldylmaýar

Birinji çaklama görä, bu çäklendirme golaýda Mery-Lebap awtomagistral ýolunda bolan we köp adam ýitgisine getiren köçe hadysasy bilen bagly; ikinji sebäp sentýabr aýynda geçirilýän ýyllyk resmi çäre – “Ýol hereketi howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” bilen bagly.

“Awtoulag eýeleri häkimiýetleriň girizen nobatdaky çäklendirmesine garşy açyk nägilelik bildirmekden çekinýärler, ýöne özara gürrüňçilikde munuň bilen düýpden ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Lebapda adamlaryň tas 90 prosenti köne awtoulaglary ulanýar, köp adamyň täze maşyn almaga ýagdaýy ýok” diýip, radio bilen söhbetdeş bolan 60 ýaşly lebaplyaýtdy.

Biz harap bolan ýollarda könelen ulaglary bejerip, emelläp, geregimize ýaradyp, zordan gün görýäris.Häzir işiňe maşynly ýetişseň hem zor boldugyň, ugran ugruňda awtoulag gerek, döwletiň jemgyýetçilik transporty oba-şäher arasynda däl, welaýat merkezinde hem talaby ödemeýär, awtobus gatnawlary gaty ýaramaz” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda gara we garamtyl reňkli ulaglar boýunça hereket gadagançylygy has-da güýjeýär

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 31-nji martynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” kanun kabul edildi. Emma synçylar bu kanunyň hakykatda ýeterlik işlemeýändigini,munuň üstesine ýurduňýollarynda bolýan köçe hadysalary baradaky maglumatlaryň jemgyýetçilikden gizlin saklanylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda diňe köçe-ýol hadysalaryndaky adam ýitgileri, çagalaryň we aýallaryň ölümi barada däl, hatda öz ajalyna ýogalan tanymal şahslar hakynda hem metbugatda habar berilmeýär.

Ýaralanmak ýa-da ölüm maglumatlarynyň gizlin saklanmagy, ýerli synçylaryň pikirlerine görä, ýurtdaky problemalary, hususan-da ýollardaky howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlygyny, onlarça ýyllap esewan edilmedik ýollarda, köprülerdebolýan hadysalaryň ýyl-ýyldan köpelýändigini ýaşyryn saklamak synanyşygy bilen bagly.

Degişli maglumat Lebaply taksiçiler 'şu yssyda gazanan çörek pullarynyň hem alynmagyndan' şikaýat edýärler

Synçylar ýol hadysalarynyň köpelmeginiň ikinji bir sebäbini korrupsiýa, sürüjileriň arasynda sürüjilik şahadatnamalaryny okaman, para berip alýanlaryň köpelmegi, awtoulaglaryň degişli tehniki barlaglarynyň “pula düzedilmegi” bilen düşündirýärler.

Raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, Türkmenistanda raýatlaryň awtoulag ulanmaklaryna girizilýän çäklendirmeler diňe “halka zyýan ýetirmek üçin edilýän işe meňzeýär.

Biz köp ýurtda bolduk, dünýäniň hiç bir ýurdunda Türkmenistandaky ýaly çäklendirmeler ýok. Goňşy Eýrany, ýa Hindistany alyp göreliň. Maşynlar ýama-ýama, köne, 30-40 ýyl azyndan, käbirleri 50-60 ýyllap ulanylana meňzeýär. Emma şolara, düzgüni berjaý etseler, azar berýän adam ýok” diýip, Türkmenistanyň ozalky ilçisi Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Daşoguzda gurulýan gurluşyklara berilmedik döwlet harajady býujet işgärleriniň jübüsinden alynýar

Türkmenistanda hususy awtoulaglar babatda girizilýän gadaganlyklara diňe döwlet tarapyndan goldanylýan korrupsiýa, polisiýa jerime salmaga tutaryk bermek üçin oýlanyp tapylýan çäre hökmünde garýanlar hem az däl.

Bu pikirdäki synçylar awtoulag eýelerine salynýan jerimeleriň diňe döwlet gaznasyna gitmän, resmileriň käbiriniň jübüsini doldurmaga hem hyzmat edýändigini aýdýarlar.