Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda goýy reňkli ulaglar ‘awlanýar’; ak reňke boýamak talap edilýär


Goýy reňkli awtoulag eýelerinden maşynlaryny has açyk, ýagny ak ýa-da kümüş reňke boýamak talap edilýär.
Goýy reňkli awtoulag eýelerinden maşynlaryny has açyk, ýagny ak ýa-da kümüş reňke boýamak talap edilýär.

Aşgabatda goýy – gök, ýaşyl, gara... reňkli maşynlar gyssagly ýagdaýda ýygnalyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry ençeme çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, hazirki wagt maşynlar – eýelerinden bidin – göni awtoduralgalardan ewakuatorlara ýüklenip, polisiýanyň jerime duralgasyna äkidilýär.

Ulag eýelerine hiç hili maglumat berilmän, olar maşynlarynyň alnyp gidilendigini diňe awtoduralganyň sakçylaryndan bilip galýarlar.

Häzirki elýeterli bolan maglumatlara görä, goýy reňkli awtoulag eýelerinden maşynlaryny has açyk, ýagny ak ýa-da kümüş reňke boýamak talap edilýär.

Döwlet emeldarlary we mediasy bu soňky özgerilişikler barada ilata hiç hili duýduryş ýa-da maglumat bermedi. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem bu täze düzgüniň maksatlary barada, özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny gürrüň berdiler.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň bu barada degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Emma Azaltyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi goýy reňkli awtoulaglara “awyň” prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak reňk kulty bilen baglydydygyny gürrüň berdi.

Bu aralykda goýy reňkli ulag eýeleri maşynlaryny açyk reňke boýatmak üçin, köp mukdarda çykdajy etmeli boljakdyklaryny aýtdylar.

“Ulag reňklenýän ýere baranymda, häzir munuň 7 müň manada durýandygyny, emma ýene bir hepde çemesinden nyrhlaryň 11 müň manada çenli galyp biljekdigini aýtdylar. Meniň alýan aýlygymyň özi müň manat. Indi, hamana hiç zada sowmanymda-da, men bir ýyllyk gazanjymy bermeli-dä...” diýip, ulagy zor bilen jerime duralgasyna äkidilen aşgabatly Oraz (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, bu türkmen häkimiýetleri tarapyndan hususy awtoulag eýelerine garşy girizilen ilkinji gadagançylyk däl.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen häkimiýetleri hususy awtoulag eýelerinden öz ulaglarynyň aýnalaryndaky, hatda öndüriji zawod tarapyndan ýerleşdirilen garaňkyradýan ýörite plýonaklary, gara diskleri, spoýlerleri aýyrmagy talap edip başlapdylar. Şonda bu gadagançylygyň zerurlygy hem, ulaglaryň aýnalarynyň garaldylmagynyň “ýol-ulag hadysasynyň döremegine sebäp bolup bilýändigi” bilen düşündirilipdi.

Mundanam başga, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ýollary özleriniň kesgitlän talaplaryna laýyk gelmeýän, ulaglardan “arassalamak” boýunça hem dürli çäreleri alyp barýarlar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bäş aý çemesi wagt galanda, PÝGG-niň işgärleri paýtagtda “Waz”, “Žiguli” kysymly awtoulaglary ýygnap başlapdylar. Şonda ýaşaýjylar bu çäräniň paýtagtyň köçelerini köne ulaglardan ‘arassalamak’ üçin geçirilýändigini aýdypdylar.

2013-nji ýylyň 1-nji martyndan bolsa, ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan goýberilen senesiniň 5 ýyldan köp bolmaly däldigi barada ýörite karar kabul edildi.

2015-nji ýylda bolsa, gara reňkli maşynlary ýurda getirmäge düýbünden gadagançylyk girizildi. Şeýle-de, şol ýylda airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – red.) bolmadyk awtoulaglary hem ýurda goýbermek gadagan edildi.

Mundan iki aý öň bolsa, ýagny oktýabrda awtoulagynda doga-bagjyklar, alajalar asylan ýa-da käbir ýazgylar ýazylan sürüjiler saklanyp, olardan bulary aýyrmak talap edildi we 50 manat möçberinde pul jerimesini salynyp başlandy.

Mundanam başga, ýurtdaky howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň hem ulaglarynyň ak reňkde bolmalydygy talap edilipdi.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri ýokarky ulag gadagançylyklary barada ilata düşündiriş bermän gelýärler. Bu gadagançylyklar hakynda ýurduň metbugatynda hem mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG