Türkmenistanda gysga wagtda ýene bir esger harby gullugyny berjaý edýän wagtynda näbelli ýagdaýda aradan çykdy.
Balkanabat şäherinde gulluk eden 18 ýaşly Öwezaly Ekaýew, resmileriň aýdyşyna görä, 20-nji awgustda irden aradan çykypdyr.
Şol günüň özünde-de onuň jesedini öýüne getirip, ene-atasyna gowşurypdyrlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy 21-nji awgustda habar berdi.
- Ony, ene-atasyna gowşurylan badyna, dessine jaýladylar. 16:00 töwereginde getirdiler, eýýäm 17:30-da bolsa, öýüniň golaýyndaky gonamçylykda jaýladylar. Olar Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garawul daýhan birleşiginde ýaşaýarlar. Onuň garyndaşlaryndan bu barada habar ýaýratmazlyk barada dil hatyny aldylar" diýip, Azatlygyň habarçysy merhum esgeriň tanyşlaryna salgylanyp, habar berdi.
Azatlyk Radiosyna Ekaýewiň tanyşlary tarapyndan berlen maglumata görä, ony üç aý mundan öň, maý aýynda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň harby bölümi harby gulluga çagyrypdyr we Balkanabat şäherinde gulluk edipdir. Ol mundan öň hiç wagtda saglygyndan şikaýat etmändir.
- Men maşgalanyň tanyşlarynyň biri bilen söhbetdeş boldum, ol ýigidiň gullukdaky birinji günden başlap, harby bölümdäki ýaramaz iýmitden we arassaçylyk şertleriniň erbetliginden şikaýat edipdi. Ene-atasy oňa aç bolmazlygy üçin birnäçe gezek pul iberipdi. Emma tanyşlarynyň sözlerine görä, oglan sagatdy, saglyk barlagyndan geçipdi we onuň bar zady düzüwdi - diýip, habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler esgeriň aradan çykmagynyň sebäplerini garyndaşlaryna düşündirmändirler. Emma merhumyň ýakynlary onuň teninde ençeme gan öýmeleriň bolandygyny aýdýarlar.
- Munuň jeset tegmilleri bolmagy mümkin, emma ýakynlary onuň zorlukdan ölendigini pikir edýärler. Merhumy getiren harby bölümiň we polisiýanyň wekilleri maglumat ýaýratmazlyk hakynda dil hat aldylar we gol çekmeseler, jesedini bermejegini aýdyp, gorkuzdylar. Häzir olary gözegçilik astynda saklaýarlar - diýip, habarçymyz aýdýar.
Bu ýagdaý soňky bir aýa golaý wagtda türkmen goşunynda gulluk edýän esgerleriň ölümi bilen bagly köpçülige mälim bolan ikinji wakadyr.
29-njy iýulda Azatlyk Radiosyna 19 ýaşly esgeriň näbelli bir ýagdaýda aradan çykandygy we onuň 26-njy iýulda maşgalasyna tabşyrylandygy mälim boldy.
Degişli maglumat Ölen esgeriň hossarlarynyň gaýtadan medisina barlagyny geçirmek talaplary diňlenmeýär
Suleýman Orazow 2018-nji ýylyň noýabr aýynda harby gulluga çagyrylypdy. Onuň ýakynlarynyň sözlerine görä, ýigidiň garnynda gyýlan we gödek tikilen kesik bardy, içki organlary we beýnisi alnypdy, arkasynda içine esgi dykylan deşikleriň ençemesi bardy.
Azatlyk Radiosy soňky waka, ýagny Öwezaly Ekaýewiň ölümi bilen baglylykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden resmi maglumat alyp bilmedi. Mundan öň 19 ýaşly Suleýman Orazowyň ölümi bilen baglylykda Goranmak ministrliginde bu barada Azatlyk Radiosyna kommentariý berip bilmejekdiklerini aýtdylar.
Emma Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň türkmen häkimiýetleri Suleýman Orazowyň maşgalasyna maddy kömek berdiler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we diňleýjileriniň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi we esgerleriň ölýän halatlary seýrek däl.
Degişli maglumat HORMATLY ARKADAG: Bu ýurtda näme üçin esger adam ornunda goýulmaýar?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.