Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler.
“Hürriýet” neşiriniň 16-njy awgustda çap eden habaryna görä, Beyoğlu etrabyndaky Kalýonju Kullugu etrapçasynyň Kömürjü Zeýnel köçesindäki boş binadan ýakymsyz ysyň ýaýramagy netijesinde etrapçanyň ýaşaýjylary bu barada polisiýa habar berýärler.
Degişli maglumat Türkmenistanly zenan eneke bolup işlän öýlerinden şaý-sepleri ogurlamakda tussag edildi“Polisiýa işgärleri bu bina baranda, ol ýerdäki basgançaklarda hereketsiz ýagdaýda ýatan adamy görýärler we saglyk işgärlerini çagyrýarlar. Bu ýere baran saglyk işgärleri basgançakda ýatan adamyň ortaça iki gün öň ölendigini çaklaýarlar” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Türk habar serişdesinde wakany derňän polisiýa işgärleriniň jesediň Türkmenistanyň raýaty 32 ýaşyndaky Şakir Penjiýewe degişlidigini anyklandygyny habar berilýär.
“Prokuroryň derňewiniň yzýany, Penjiýewiň jesedi Sud medisina institutynyň morguna ýerleşdirildi” diýlip, habarda aýdylýar.
Habarda bu waka boýunça türkmenistanly bir raýatyň soraga çekilmek üçin polisiýa merkezine alnyp barlandygy aýdylsa-da, onuň şahsyýeti halk köpçüligine mälim edilmeýär.
Türk media serişdelerinde häzirki wagt waka boýunça polisiýanyň derňewleriniň dowam edýändigi aýdylsa-da, türkmenistanly raýatyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Azatlyk Radiosynyň bu waka boýunça Stambulyň Beýoglu etrap polisiýa departamenti we Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Türkiýe türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde ýa-da ýokary bilim almak üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türkmen raýatlarynyň Türkiýä ýykgyn etmegine, hususan-da, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.
Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda türk metbugatynda Türkiýede jenaýata baş goşan, jynsy zorluga sezewar edilen, öldürilen ýa-da ýiten, ten satýan ýa-da ten satmaga mejbur edilen türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar.
Şu ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň Kojaeli welaýatynda ten satmaga mejbur edilen 8 aýal, şol sanda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi. Aýrybaşga bir wakada-da türk polisiýasy Ankara şäherinde neşe maddasyny öndürmekde we satmakda güman edilýän türkmenistanly ýene bir raýaty tussag etdi.
Degişli maglumat Türkmenistanly zähmet migrantlarynyň Stambuldaky “umyt bazary”Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna okamaga ýa-da işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmeýärler.
Türkiýäniň statistika gullugynyň 23-nji iýulda ýaýradan hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýatynyň Türkiýä göçüp barandygy aýdylýar.
Ýokardaky maglumatlar Türkiýe döwletiniň berýän resmi sanlary bolup, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň we çeşmeleriniň onlarçasy bu ýurtda eklenç gözleginde zähmet çekýän türkmenistanlylaryň resmi bolmadyk sanynyň on müňlerçedigini aýdýarlar.
Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleriniň beren – türkmen häkimiýetleri tarapyndan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän – maglumatlarda soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň ýurdy terk edendigi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.