Maryda we Daşoguzda gurbanlyk mallaryň nyrhlary tas iki esse gymmatlady

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda we dünýäniň beýleki musulman ýurtlarynda Gurban baýramynyň golaýlamagy bilen, gurbanlyk mallaryň nyrhlarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende tas iki esse gymmatlandygyny, Azatlyk Radiosynyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky biri-birinden garaşsyz iki habarçysy habar berýär.

“Şu ýyl Mary welaýatynda gurbanlyk geçi 400 manatdan, goýun 700 manatdan we goç 800 manatdan satylýar. Geçen ýyl bularyň bahasy tas iki esse arzandy, ýagny gurbanlyk geçi 260, goýun 400 we goç 450 manada durýardy. Bir maşgala şor ataranda, ortaça çykdajy 1400 manada barabar bolýar. Sebäbi bu naharyň ýanyndan çörek, salat, gawun-garpyz, süýji-köke, şerbet suwlary goýulýar. Gurbanlyga gabatlap, beýleki azyk harytlarynyň bahasy hem has ýokarlanýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren maryly habarçy 7-nji awgustda gürrüň berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň websaýtynda berlen maglumata görä, türkmenistanlylar şu ýyl 11-12-13-nji awgustda, üç günläp Gurban baýramyny bellärler.

Maryly habarçynyň sözlerine görä, ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän, aýlyklary öz wagtynda nagtlaşdyryp bolmaýan we azyk harytlarynyň, dermanlaryň, hyzmatlaryň gymmatlaýan döwründe, gurbanlyk janly öldürmäge her bir maşgalanyň maddy mümkinçiligi ýetmeýär.

“Aýlyklar wagtynda plastik bank kartlaryna geçirilmeýär, geçirilse-de, bankomatlarda köplenç pul tapdyrmaýar. Dükanlardan kart arkaly aljak diýseň, terminallar işlemeýär. Käbir maşgalalar tanyş-bilişlerinden alnan karz puluň hasabyna ýaşaýan bolsa, käbir hojalyklarda hiç kim işlemeýär. Obalarda sanaýmaly hojalyk gurbanlyk edýär” diýip, maryly habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanlylar 'dogruçyllygy we päkligi ündeýän' Gurban baýramyny belleýärler

Şeýle-de, habarçy şu ýyl gurbanlyk janly öldürmegi planlaşdyrýan maşgalalaryň ençemesiniň şor ataryp, goňşy-golamlaryny öýlerine çagyrmagyň deregine, mallary soýup, eli ýuka ýedi hojalyga paýlamagy göz öňünde tutýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçylarynyň biri bolsa, soňky üç ýylyň dowamynda gurbanlyk mal öldürýän hojalyklaryň juda azalandygyny, munuň bazardaky nyrhlaryň maşgalalaryň aýlyk girdejilerinden has ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Daşoguz şäherinde halkyň gara güni gaýgy. Etiň gymmatlamagy bilen diri mallaryň, şol sanda goýun-geçiniň bahasy hem öz-özünden ýokarlandy. Daşoguzda bir maşgala gurbanlyk sadakasyny berjek bolsa, azyndan 2000 manat çykdajy etmeli. Gök-önümler, tüwi, sowuk içgiler, käşir-sogany, kartoşkany almaly. Olaryň 1 kilogramy 8 manatdan arzany ýok. Tüwiniň 1 kilogramy 15 manatdan başlap, 20 manada çenli ýetýär. Sadaka üçin 30 kilogram tüwi almasaň ýetmeýär. Pagta ýagynyň 1 litri 10 manada durýar. Onsoň muňa köp maşgalalaryň maddy ýagdaýy ýetmeýär. Aýda bir köpük girmeýän maşgalalar has köp göze ilýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren daşoguzly habarçy 7-nji awgustda gürrüň berdi.

5-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, Mejlisiň Başlygyna, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerine Gurban baýramyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri maşgalalaryň aýlyk girdejileriniň gurbanlyk mal, janly öldürmäge we gurbanlyk sadakasyny bermäge ýetýändigini ýa-da ýetmeýändigini agzaman, “her öýde näzi-nygmatly saçaklaryň giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalarynyň berilýändigi” barada çykyşlar edýärler we görkezýärler.

6-njy awgustda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýüzlerçe adam, şol sanda býujet işgärleri, studentler we çagalar ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Gurban baýramy dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.