Türkmenistanda 27-nji sentýabrda bellenjek Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek boýunça resmi görkezme berildi. Azatlygyň habarçylarynyň 6-njy awgustda habar bermegine görä, paýtagtda býujet işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralarynyň maşklary - marşirowkalar geçirilýär.
- Marşirowkalar demirýol wokzalynyň garşysyndaky 'Dagdan' stadionynda geçirilýär. Adamlary yssyda ençeme sagatlap dürli maşklary ýerine ýetirmäge mejbur edýärler. Kadaly iýmäge, içmäge, tebigy zerurlyklary berjaý etmäge rugsat bermeýärler. Dürli býujet edaralaryň işgärlerini çykardylar. Ol ýerde bank işgärleri, mugallymlar, lukmanlar we beýlekiler bar - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Şu günler Aşgabatda howanyň gyzgyny gündizlerine 40 gradusdan geçýär.
5-nji awgustda döwlet mediasy prezidentiň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrandygyny habar berdi.
Degişli maglumat Maryda ýüzlerçe adam Gurban baýramy dabarasyna meýletin-mejbury gatnaşdyryldyAzatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň sözlerine görä, baýramçylyk maşklary harbylaryň gatanşmagynda hem geçirilýär.
- Harby maşklar Bekrewedäki harby garnizonda geçýär. Ähli harby bölümlerden 10-20 esger we ofiser bar. Köpüsi esger. Paraddan 20-25 gün öň tribunanyň öňünden ýöremegi türgenleşerler. Hem harbylar, hem-de raýatlar - diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Azatlygyň habarçylary baýramçylyga görülýän taýýarlyklara Içeri işler ministrliginiň wekilleriniň hem gatnaşýandygyny habar berýärler.
- IIM hem gatnaşýar, esasan polisiýa akademiýasy. 200 çemesi kursant we ofiser - diýip, habarçymyz aýdýar.
Degişli maglumat Türkmen agitatorlary "Günbatary we ABŞ-ny" ýurda duşmançylykda aýyplaýar, halky prezidentiň daşyna jem bolmaga çagyrýarTürkmenistanyň ilatyň gatnaşdyrylmagyndaky köpçülikleýin çäreler döwlet baýramçylyklarynyň we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky uly wakalarynyň dowamynda yzygiderli häsiýetde geçirilip durýar.
Marşirowka-maşklara gatnaşmak döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we studentler üçin hökmany hasaplanylýar. Gatnaşyjylaryň sanawlary öňünden düzülýär. Guramaçylar çäreçileriň gatnaşmagyna gözegçilik edýär.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, çärelere gatnaşmazlyk tas mümkin däl. Şu ýagdaýda öz ýeriňe hakyna adam tutmaklyk uzaga çekýän surnukdyryjy maşklara gatnaşmazlyk üçin sanlyja mümkinçilikleriň biri bolup durýar.
- Häzir käbirler öz ýerine marşirowkalara ugratmak üçin adam tutup başladylar. Sagadyna 15-20 manat. Adamlary dabaralara çenli boljak maşklaryň ähli günleri üçin tutýarlar. Baýramçylygyň soňundan tölemek şerti bilen - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň döwlet garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan 26 ýyllap garaşsyzlyk gününi 27-nji oktýabrda belläp geldi, emma 2018-nji ýylda bu senäni bir aý öňe süýşürdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň bellemegine görä, şu günler geçirilýän maşklara çekilýänleriň köpüsi ýaş zenanlar.
- Esasan olar ýaş zenanlar. Baýramçylygyň guramaçylary ýaş we gelşikli aýal maşgalalaryň has köp bolmagyny planlaşdyrýarlar - diýip, habarçymyz aýdýar.
Garaşsyzlyk gününe taýýarlyklar geçen ýylda-da awgustyň birinji ýarymynda başlanypdy. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şonda maşklara gatnaşan çäreçileriň ýaşy 35-den geçmändir.
Degişli maglumat Aşgabatda garaşsyzlyk baýramy üçin 'marşirowkalar' dowam etdirilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.