Azatlygyň habaryndan soň, ‘Türkmengazyň’ işgärleriniň aýlyklary tölendi

Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň aýlyklaryň gijikdirilmegi barada taýýarlan habaryndan soň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary welaýatyndaky edarasynyň işgärleriniň zähmet haklary plastik bank kartlaryna geçirildi.

Ýatlatsak, 23-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri “Türkmengazyň” işgärleriniň aýlyk haklarynyň gijikdirilmeginden kösenýändigini habar beripdi.

Degişli maglumat Maryda ‘Türkmengazyň’ işgärleri aýlyklaryň gijikdirilmeginden, beýleki işgärler zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär

“‘Türkmengaz’ işgärleriniň aýlyklaryny şu aýyň 26-na geçirdi. Mundan ozal ençeme ýyllaryň dowamynda ‘Türkmengazyň’ işgärleri her aýyň 10-na çenli aýlyklaryny alýardylar. Şu ýylyň maý aýyndan başlap bolsa, işgärleriň aýlyklaryny aýyň 20-sine geçirip başladylar. Şu aý bolsa, 26-na geçirdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu kärhananyň ençeme işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçysy 31-nji iýulda gürrüň berdi.

Ýöne howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy “Türkmengazyň” işgärleriniň zähmet haklary plastik bank kartlara geçirilse-de, Mary şäherindäki bankomatlarda pul ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseläniň saklanyp galýandygyny aýtdy.

“Häzir Mary şäherinde diňe ‘Senagat’ bankdaky bankomatda pul bar, galan banklarda pul ýok. Etraplardaky bankomatlarda-da pul ýok. ‘Senagat’ bankyň öňünde adamlar irden sagat 07:00-den nobata durýarlar. Bu ýerde nobata duran adamlaryň sany gaty kän, azyndan 200-300 adamy görse bolýar. Ýöne olaryň hemmesine pul ýetenok” diýip, habarçy öň şäheriň dürli künjeginde, şol sanda söwda nokatlarynda bankomatlaryň bolandygyny, ýöne soňra olaryň ýuwaş-ýuwaşdan aýrylandygyny hem belledi.

Mary şäherindäki banklaryň biriniň işgäriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde aýtmagyna görä, şäheriň diňe käbir bankynda bankomat bar we olaryň-da diňe käbiri işleýär. Ýöne olarda diňe 70 çemesi adama ýeter ýaly pul goýulýar.

“70 çemesi adamyň ortaça aýlyk hakyna barabar bolan pul serişdesi bankomatdan çykarylandan soňra, pul gutarýar. Bank işgärleri işe sagat 08:00-da gelýär. Her bir bank işgäriniň elinde azyndan 6-7 kart, käbirinde 20 sany kart bolýar. Bank irden sagat 09:00-da açylýar, ýöne bank açylanda köplenç bankomatlardaky pul gutaran bolýar. Sebäbi bank işgärleri öz ýanlary bilen getiren kartlaryny bankomada salyp, ondaky pul serişdesini alyp gutarýarlar” diýip, maryly bank işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu plastik kartlar bank işgärleriniň dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine, dostlaryna ýa-da goňşularyna degişli bolup, olar bu adamlaryň zähmet, pensiýa, talyp haklaryny ýa-da kömek pullaryny nagtlaşdyryp berýärler. Ýöne bank işgärleri munuň üçin her plastik kart eýesinden 10 manat alyp galýar.

Degişli maglumat Türkmen TW-si nagt pul ýetmezçiliginiň fonunda ýüzüne pul sylýan kärendeçileri görkezýär

“Işgärler bu puluň özleriniň günortanlyk naharlaryna we ulaglarynyň benzin puluna ýetýändigini aýdýarlar” diýip, bank işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosynda bu bank we bank işgäri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada “Türkmengaz” döwlet konserni, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şäherindäki edaralary bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosy ýokarda agzalan üç banka jaň edip, Mary şäheriniň bankomatlarynda pul ýetmezçiligi we raýatlaryň öz zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi baradaky habarlar barada kommentariý bermegi soranda, jogapkär bank resmileri dessine telefony taşladylar.

Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy ýa-da olaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada Azatlyk Radiosy şu aýyň birinji ongünlüginden bäri azyndan alty gezek habar berdi.

Häzirki wagt türkmenistanlylar öz plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny, talyp we pensiýa haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda nagt däl söwdanyň hem kadaly ýola goýulmandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurduň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sany 3 milliondan geçipdir we ýurt boýunça hyzmat edýän bankomatlaryň sany 2200-e golaý bolupdyr.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň bankomatlarynda emele gelýän nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bilen çykyş etmän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.