Harby gulluga alnan 'ýarawsyz ýaşlar gysga wagtda keselhana düşýär’

Türkmen esgerleri

Türkmenistanda ýarawsyz ýaşlaryň çagyryş boýunça harby gulluga alnyp gidilýändigi barada maglumatlaryň peýda bolmagy dowam edýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 19-njy iýulda çap eden habaryna görä, Mary we Lebap welaýatlaryndan harby gulluga alnan 20 sany esger saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli Aşgabadyň harby keselhanasyna alnyp baryldy.

“Geçen aý gulluga alnan bu täze esgerler ilkibada harby gulluga ýarawsyz diýlip ykrar edilipdir. Ýöne ýaşlary harby gulluga almak boýunça plany dolmak üçin harby komissarlyklar gulluga ýarawsyz ýaşlary hem harby gulluga alypdyr” diýip, neşir öz habarçysynyň sözlerini getirýär.

Degişli maglumat “Dostum harby gullukdan aşgazan keseli we aýaklarynda ýaralar bilen yzyna dolandy”

Aşgabadyň harby keselhanasyna alnyp barlan oglanlaryň biriniň ene-atasynyň “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirine gürrüň bermegine görä, Mary welaýatynyň arhiwinden harby gulluga çagyrylan oglanyň harby gulluga ýarawsyzdygy hakynda saglyk komissiýasy tarapyndan çykarylan öňki medisina resminamalary ýitirim bolupdyr. Şondan soň ol gulluga ýaramly diýip ykrar edilip, harby gulluga alnyp gidilipdir.

“Netijede, aradan bir aý hem geçmänkä, oglumy keselhana ýerleşdirmeli boldular” diýip, neşir harby gulluga alnan oglanlaryň biriniň kakasynyň sözlerini sitirledi.

Neşir lebaply ýaşaýjylaryň birine salgylanyp, geçen ýylyň güýzünde onuň oglunyň 80% gulluga ýarawsyzdygy barada karar çykarylandygyny, ýöne şu ýylyň maý aýynda onuň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin Balkan welaýatyna alnyp gidilendigini hem habar berýär.

“Şondan soň köp wagt geçmänkä, oglum Aşgabadyň harby keselhanasyna ýerleşdirildi. Lukmanlar onuň gulluga alnandygyna geň galdylar. Şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçirýän tanyşlarymyzyň biri ogluny yzygiderli baryp görmek üçin, onuň gulluk edýän ýerini Balkandan Mara geçirdiler we munuň üçin 2600 manat möçberinde para bermeli boldular” diýip, neşir lebaply ýaşaýjylaryň biriniň sözüni getirdi.

Neşiriň maglumatynda gürrüňi edilen täze esgerleriň nähili saglyk näsazlyklary sebäpli harby keselhana ýerleşdirilendigi barada maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada redaksiýanyň Aşgabadyň harby keselhanasyndan, Mary we Lebap welaýatlarynyň harby wekilliklerinden kommmentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň raýatlary, şol sanda harby gulluga ýarawsyz ýaşlary goşun gullugyna çekmek çärelerini güýçli depginde alyp barýandygy barada yzygiderli habarlar peýda bolýar.

Degişli maglumat Mekdep partasyndan harby gulluga: Aşgabatda 18 ýaşyny dolduran okuwçylar gulluga alynýar

4-nji iýulda ýurtda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almagyň ýazky möwsüminiň tamamlanandygyna garamazdan, Lebap welaýatynda 18 ýaşy dolan oglanlaryň, hatda ýarawsyz, şol sanda ýakynda köriçegesinden operasiýa edilen ýaşlaryň hem harby gulluga alnyp gidilýändigini, “turkmen.news” neşiri habar berdi.

Şu ýylyň fewral aýynda bolsa, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky we Aşgabatdaky habarçylary harby gulluga çagyrylmaly raýatlaryň medisina barlaglarynda saglyk komissiýalarynyň gulluga ýarawsyz raýatlar üçin hem “ýarawly” diýip netije çykarýandyklaryny habar berdi:

“Sebäbi goşunyň hatarynda esger ýetmezçilik edýär" diýip, şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň harby wekilliginiň bir işgäriniň gizlinlik şertlerinde aýdan sözlerini getirdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, martyň başyndan bäri, daşary döwletlerde bilim alýan ýaşlary harby gulluk üçin ýurda getirmek çäreleri hem ýygjamlaşdy.

Mart aýynyň dowamynda Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edendigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri 1-nji aprelde habar berdi.

Maý aýynda Aşgabadyň harby wekilliginiň işgärleriniň Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly bir student Moskwadan Aşgabada dolanan güni, ony paýtagtyň Halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga alyp gidendikleri mälim boldy. Şuňa meňzeş wakanyň 1-nji iýunda hem bolandygyny, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 4-nji iýunda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşmagy bilen baglylykda, raýatlaryň ýurduň daşyna has köp gitmeginiň täze bir tolkunynyň emele gelendigini we munuň goşunda gulluk etmeli esgerleriň ýetmezçiligine sebäp bolýandygy aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.