Owadandepede bahasy $1,7 milliarda barabar zawod açyldy

Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürjek zawod

28-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda umumy bahasy 1,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň açylyş dabarasy boldy.

Türkiýäniň “Rönesans” we Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalary tarapyndan gurlan zawod türkmen paýtagtynyň çetindäki Owadandepe şäherçesinde açyldy.

Degişli maglumat Welaýatlarda benzin gytçylygy höküm sürýär, Owadandepede ýangyç öndürýän zawod işe girizilýär

“Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler. Zawodyň taslama kuwwaty 600 müň tonna bolup, onda bir ýylyň dowamynda 12 müň tonna dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky tarapyndan maliýeleşdirilen bu zawod 800-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün eder.

AFP habar agentliginiň 28-nji iýunda beren maglumatyna görä, bu zawod tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça Merkezi Aziýadaky iň uly desgadyr.

Ilkibaşda Türkmenistanyň döwlet mediasy gurluşygyna 2014-nji ýylda başlanan bu zawodyň 2018-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini mälim edipdi. Ýöne aýdylmaýan sebäplere görä, onuň işe girizilmeli wagty yza süýşürildi.

Belläp geçsek, bu zawodyň açylyş dabarasy, soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanyň regionlarynda A95 we A92 markaly benziniň gytçylygynyň dörändigi barada habar berilýän mahalynda boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.