“Aşgabat şäherinden özge hiç bir welaýatda A95 we A92 markaly benzin tapdyrmaýar. Hususy ulag eýeleri A80 markaly benziniň öz awto ulaglarynyň hereketlendirijisini hatardan çykarýandygyny aýdýarlar. Benziniň gytçylygy önümçilige-de täsir edýär” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ikinji habarçysy 23-nji iýun ýekşenbe güni Mary welaýatyndan ýetiren habarynda tutuş regionda bir aýdan gowrak wagt bäri A95 markaly benziniň gytçylygynyň dowam edýändigini aýtdy.
“Eýýäm 1 aý bäri Mary welaýatynda 95 markaly benziniň gytçylygy saklanýar. Adamlar gaty kösenýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Degişli maglumat Daşoguzda, Balkanda we Maryda A-95 markaly benzin tapdyrmaýarOnuň sözlerine görä, ýangyç guýujy stansiýalarda A95 markaly benzin tapdyran ýagdaýynda-da, onuň diňe hökümet maşynlaryna guýulmagyna rugsat berilýär, hususy eýeçilikdäki ulaglara berilmeýär.
“Ýekşenbe güni Mary şäherinden Murgap etrabyna gidilýän ýoluň ugrundaky ýangyç guýujy stansiýada A95 markaly benzine duşduk, ýöne ‘size bolanok, diňe hökümet maşynlaryna bolýar’ diýidiler. Munuň sebäbini düşündirip bilmediler” diýip, habarçy aýtdy.
Mary welavatynda köp sanly ulag sürüjileriniň sözlerine görä, ilat köpçüligine diňe A80 markaly hili pes ýangyç elýeterli wagty, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýörite enjamlar bilen ulaglaryň tüsse çykarlaryndan çykýan tüssäni barlaýarlar we onuň ekologiýa zyýan ýetirýändigini aýdyp, jerime ýazýarlar.
“Ulag sürüjileri benziniň arassa däldigini aýtsalar, [Ýol polisiýasy muňa] üns bermeýär” diýip, habarçy aýtdy.
“Häkimiýetler 28-nji ivunda Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy bilen, benziniň satuwa çykaryljakdygyny wada berýärler” diýip, Azatlygyň aşgabatly habarçysy penşenbe güni iberen maglumatynda aýtdy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredow 14-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisinde tebigy gazdan benzin öndürjek Owadandepedäki zawodyň 28-nji iýunda açyljakdygyny mälim edipdi.
Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň kuwwaty 600 müň tonna bolup, onda bir ýylyň dowamynda 12 müň tonna dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
Degişli maglumat Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň açylmagy yza süýşürildiBu zawodyň gurluşygynyň tamamlanmaly wagty bellenen wagtdan yza süýşürilipdi.
2014-nji ýylyň awgust aýynda bu zawodyň düýbi tutuldy. Onuň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşypdy.
Ilkibaşda döwlet metbugaty bu zawodyň 2018-nji ýylda işe giriziljekdigini habar berdi. Ýöne aýdylmaýan sebäplere görä, onuň işe girizilmeli wagty yza süýşürildi.
2018-nji ýylyň 15-nji maýynda we 4-nji sentýabrynda türkmen prezidenti Owadandepede gurulýan bu zawodda alnyp barylýan işler bilen dikuçarly tanyşdy.
Ol 2019-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda gurluşygy dowam edýän zawoda sapar etdi.
TDH täze zawodyň 800-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün etjekdigini aýdýar.
Bu taslamanyň bahasy 1 milliard 700 million dollar bolup, ony Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky maliýeleşdirýär.
Onuň gurluşygyna “Türkmengaz” bilen bir hatarda Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasy hem gatnaşdy.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy wagtal-wagtal ýüze çykyp durýar. Azatlyk Raidosynyň ýerli habarçylary Daşoguz, Balkan we Mary welaýatlarynyň benzin gytçylygy barada iýunyň başynda-da habar beripdi. Ondan ozal dekabryň dowamynda ýurt boýunça ýiti benzin gytçylygy ýüze çykdy.
Degişli maglumat Türkmenistan 2018-nji ýylda tebigy gazdan benzin öndürýän zawoduny açmagy planlaşdyrýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.