Türkmenistanda bugdaý oragy dowam edýär we resmi media döwlet harmanyna bugdaý tabşyran kärendeçiler bilen, prezidentiň galla oragy başlan wagtynda aýdyşy ýaly, öz wagtynda hasaplaşyk geçirilýändigini habar berýär.
Emma Azatlygyň habarçylary bankomatlaryň öňünde uzak nobata duran, pullaryny wagtynda alyp bilmeýän kärendeçileriň wideoýazgylaryny iberýärler.
Degişli maglumat F.Tuhbatullin: Türkmen mediasy habardar etmäge däl, azaşdyrmaga gönükdirilenTürkmen telewideniýsiniň görkezýän wideoşekilleri gowy geýnüwli kärendeçileriň öz zähmet haklaryny maňlaýa sylyp alyşlaryny görkezýär. Ýöne hiç bir nobatsyz bankomatdan pul çykarýan adamlaryň ýüzünde-gözünde hiç bir şatlyk alamaty görünmeýär. Muňa derek, olaryň kameraçynyň yşaratlaryny yzarlaýan gözlerinde nähilidir bir howsala, gorky ýa-da tabynlyk bar.
Azatlygyň habarçysy gallaçy kärendeçileriň birnäçesi bilen duşuşyp, olaryň kameraçynyň öňünde zähmet haklaryny ýüze sylýan adamlar baradaky pikirini sorady. Birinji kärendeçi gülüp: “Bu bilse, daýhanlaryň däl, hökümetiň masgaraçylygy. Ol şeýdip, öz aýbyny ýapýandyryn öýdýär, emma hakykatda ýurtdaky agyr maliýe kynçylyklaryny tassyk edýär” diýdi.
Ikinji kärendeçi özüniň türkmen telewideniýesine seredip bilmeýändigini, sebäbi beýle zatlary görse, gan basyşynyň ýokary galýandygyny aýtdy. “Bular şeýle sahnalar bilendiňe telewizorda görkezilýän kärendeçileri däl, daýhanlaryň ählisini kemsidýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi aýtdy. Onuň sözlerine görä, “hatda daýhanlar öz tabşyran gallalarynyň hakyny wagtynda alyp bilende hem, ol ýüze sylar ýaly uly pul däl”.
Azatlyk, habarçylarynyň howpsuzlyk aladalary sebäpli, olaryň bankomatlaryň öňünedüşüren wideolaryny çap edip bilmeýär. Ol wideolarda, döwlet telewideniýesiniň wideolaryndakydan tapawutlylykda, bir bankomatyň öňünde onlarça adam nobata dur. Döwlet telewideniýesi bolsa boş, ýany adamsyz duran bankomatlary, bir kärendeçiniň olaryň içinden birini saýlap, arkaýyn pul çykaryşyny görkezýär.
Degişli maglumat Türkmenabatlylar bankomatlarda nagt pul ýetmezçiliginden kösenýärAzatlygyň bankomatlar we pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada mundan öňki aýlarda çap eden habarlaryndan belli bolşy ýaly, Türkmenistanda bank kartlaryna geçileli bäri adamlar pul nagtlaşdyrmakda uly kynçylyk çekýärler. Bu bir tarapdan, bankomatlaryň ähli ýerde ýeterlik bolmazlygy, ikinji tarapdan, söwda dükanlarynda we bazarlarda bank kartlary bilen päsgelçiliksiz hasaplaşyp bolmazlygy bilen bagly. Bir
Biziň ýerli habarçylarymyzyň bu ugurdaky maglumatlaryny “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň Mary welaýatyndaky habarçylary hem tassyk edýär. Neşiriň ýazmagyna görä, Mary welaýatynyň Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten, Tagtabazar, Serhedabat etraplarynyň ýaşaýjylary bugdaý, pile tabşyryp gazanan pullaryny, 1 müňden 3 müň manada çenli aralykdaky serişdäni nagtlaşdyrmak üçin birnäçe günläp nobata durýarlar.
Neşiriň maglumatyna görä, adamlar 200-400 manat aralygyndaky serişdäni nagtlaşdyrmak üçin nobata durýarlar, käte 800 manada çenli hem nagtlaşdyryp bolýar, emma bu örän seýrek bolýan zat.
“Eger nobatda seniň öňüňde 15-20 adam duran bolsa, saňa pul galmaýar” diýip, tagtabazarly ýaşaýjy aýdýar. Onuň sözlerine görä,nagt pul ýetmedik kärendeçiler irden pul nagtlaşdyrmak umydy bilen, ertesi öýleden soň geljegi aýdylan pula garaşyp,gijäni bankomatyň ýanynda geçirýär.
Degişli maglumat Aşgabat: Bankomatlaryň öňünde ýene uly nobatlar, ýöne nagt pul ýok...Synçylar Türkmenistanyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini, emma bu ýagdaýy resmi taýdan boýun almaýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, bankomat sahnalary Türkmenistandaky "gözboýagçylyk syýasatyny" görkezýär. Ol prezident Berdimuhamedowyň bank kartlaryna geçip, reforma diýip, ýeňillikleri ýatyrmak bilen, hakykatda adamlaryň ýagdaýyny kynlaşdyrandygyny aýdýar.
Şol bir wagtda türkmen ykdysatçysy Orazow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde"ösen ýurtlarda Türkmenistandaky ýaly nagt pul gytçylygynyň-da, bankomat noabtalarynyň-da, beýle göz-görtele ýalan propagandanyň hem ýokdugyny" aýtdy.