Aşgabat şäheriniň “On ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Türkmenistan” bankynyň şahamçasyna degişli bankomatlaryň öňünde, düýn 3-nji oktýabrda dörän nobatda pensiýa hakyny almakçy bolan käbir ýaşulylar öz aralarynda dawalaşdy.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtlarda pensiýa haklary ozalkysyndan gijikdirilýär, şeýle-de bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi duýulýar.
Bankyň şahamçasynda bolan düýnki hadysa barada aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew giňişleýin maglumat berdi:
“Şol ýerdäki [wakany] gözi bilen görenleriň, oňa janly şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, 2 ýüzden köpräk adam, [olaryň hatarynda käbirleri] biri-birine sürünýärler, ýagny ‘sen menden yzda durduň, o nähili öňe geçdiň?’, ýa-da bolmasa ‘seniň eliňde näme üçin ala-böle 4-5 sany plastik kart bar, biz ynha ýekesi bilen durus’ diýip, gykylyk [edipdirler], ýöne edil ýakalaşmaga barmandyr” diýip, Bugaýew belledi.
Ol bankomat nobatyna esasan pensionerleriň, hem-de döwletden kömek pullaryny alýan adamlaryň garaşýandygyny belledi.
Synçynyň aýtmagyna görä, nobata garaşýan adamlar ýa özleriniň plastik kartlaryna puluň geçip geçmändigini barlamak üçin, ýa-da bolmasa pullaryny nagtlaşdyrmak üçin garaşýarlar.
Agzalýan bankyň şahamçasynda 4 bankomatyň 15 inedördül metr töweregi otagda ýerleşýändigini, olaryň hatarynda diňe bir bankomatyň işleýändigini synçy sözlerine goşdy.
Bugaýew ilatyň plastik kartlaryna öz maliýe serişdeleriniň wagtynda geçmeýändigi sebäpli, geçen ýagdaýynda-da ony nagtlaşdyrmakda çekilýän kynçylyklar sebäpli adamlaryň ynjalyksyz bolýandygyny belledi.
Azatlygyň aşgabatly habarçysynyň bank işgärine salgylanyp beren maglumatyna görä, agzalýan şahamçada 5 müň töweregi adama bank hyzmatlary hödürlenilýär.
Synçynyň sözlerine görä, düýnki nobatda turan galmagaldan ynjalyksyz bolan bankyň jogapkär işgärleri hadysanyň ula ýazmagyndan howatyr edip, waka barada polisiýa departamentine jaň edýär, hem-de olardan kömek soraýar.
“Gapdalyndan seredeniňde utanýaň, hem-de adamlara haýpyň gelýär. Sebäbi, saçy çalaran, ýaşy altmyşdan geçen eneler, ýa-da bolmasa sakally-sarmykly, ýaşy 60-70 gojalar şeýdip, gopgun edýärler diýip, jaň etmäge mejbur bolduk” diýip, synçy bankyň jogapkär işgäriniň sözlerini getirdi.
Özlerine habar edilmeginiň yzýany, “Parahat 3” etrapçasynda ýerleşýän polisiýa departamentiniň 4 gullukçysy ýörite patrul ulagynda şahamça gelip, irden sagat 10:00-dan günortan sagat 13:00-e çenli bankyň töwereginde tertip-düzgüne gözegçilik edýär.
“Bir bellemeli ýagdaý bar, ýagny şu ýagdaýyň gitdigiçe kynlaşýandygynyň sebäbini bank işgärleri ‘bize nagt pul berlenok’ ‘[pullary] plastik kartlaryna geçirýän biziň bank şahamçamyz däl, başga ýerlerden geçirilýär’ diýýärler, ýagdaýy häzir ýurtda dowam edýän pagta ýygymy bilen baglanyşdyrýanlaram bar” diýip, synçy belledi.
Türkmen häkimiýetleri pagta möwsümi döwründe pagtaçy kärendeçileriň degişli töleglerini wagtynda geçirmäge üns berýändiklerini öňe sürýärler.
Paýtagtly synçynyň sözlerine görä, Türkmenistanda resmi karara laýyklykda, ilatyň pensiýa haklary we döwlet kömek pullary her aýyň 1 – 22-si aralygynda geçirilmeli.
Mundan iki hepde ozal Daşoguz şäherindäki çörek dükanlaryň biriniň öňünde döran nobatda garaşýan adamlar dört “il ýaşulysynyň” çöregi binobat almak synanyşygyny yza serpikdirdi. Şonda olar il ýaşulylaryny ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara sebäp bolmakda aýyplady.
Golaýda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ak sakal “il ýaşulylary”, şol sanda maslahatyň beýleki agzalary ýurtda ýeňillikli hödürlenýän mümkinçilikleriň soňky tapgyrynyň ýatyrylmagyny biragyzdan goldady.
Galyberse-de, şu gün Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň birindäki dükanda dörän aldym-berdimli çörek nobaty barada wideo maglumat gelip gowuşdy. Azatlyk bu baradaky giňişleýin habary okyjylaryna we diňleýjilerine ýetirer.
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär.
Ýurduň resmi media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk zamanasynyň” höküm sürýändigini yzygiderli tekrarlaýar.