Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki bankomatlaryň aglabasynda nagt pul tapdyrmaýar. Bankomatlarda pul bolsa-da, gysga wagtyň dowamynda gutarýar.
Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri nagt pul salnan bankomatlaryň öňünde her gün 50 çemesi adamyň nobata durýandygyny aýdyp, nobatdaky adamlar azalsa, täze adamlaryň gelýändigini belleýär.
Degişli maglumat Aşgabat: Bankomatlaryň öňünde ýene uly nobatlar, ýöne nagt pul ýok...“Türkmenabadyň bankomatlarynda pul tas ýok diýen ýaly. Käbir bankomatlarda bar, ýöne olarda nagt pul gutarsa, dessine täzeden pul serişdesini goýmaýarlar. Şeýle-de, häzirki wagt bankomatlardan her gün çäkli möçberdäki puly, ýagny 800 manady nagtlaşdyryp bolýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 13-nji iýunda gürrüň berdi.
Habarçy 800 manatdan has köp pul serişdesini nagtlaşdyrmak isleýän raýatlaryň şäheriň dürli sebitlerinde ýerleşýän bankomatlara aýlanmaly bolýandygyny aýdýar. Bu käte birnäçe güne çekýär.
“Adamlar munuň üçin özleriniň ençeme wagtyny ýitirýändigini aýdyp, nägile bolýarlar. Ýöne olaryň nägilelikleri özaralarynda galýar. Sebäbi olar ‘şikaýat etsek-de, netije bermeýär’ diýip, degişli resmilere ýüzlenmekden saklanýarlar. Bankomatlara näme üçin nagt puluň öz wagtynda ýerleşdirilmeýändigine bank resmileri hem jogap berip bilmeýär” diýip, habarçy aýtdy.
Galyberse-de, habarçy şäherde 60 çemesi bankomatyň bardygyny, ýöne olaryň diňe käbiriniň köçäniň ugrunda ýerleşýändigini aýdýar. “Olaryň galanlary edara-kärhanalaryň içinde ýerleşýär we olar dynç hem-de baýramçylyk günleri ilata elýeterli bolmaýar” diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryny, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň talyp haklaryny, pensionerleriň pensiýa haklaryny, çagaly eneleriň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullaryny bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn amala aşyryldy.
Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy ýa-da olaryň hatardan çykmagy bilen bagly Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi. Türkmen häkimiýetleri bu näsazlyklar barada söz açman gelýärler.
Şu aýyň başynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyny we munuň bilen bagly ýaşaýjylaryň öz aýlyklaryny, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklary başdan geçirýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň biri gürrüň berdi.
Degişli maglumat VISA kartlary: Türkmen bankyndaky 'býurokratik bökdençlikler' raýatlary surnukdyrýarŞonda çeşmämiz tejenlileriň bankomatlardan her gün diňe 100 manat nagtlaşdyryp bilýändigini hem aýtdy.
21-nji maýda Aşgabadyň azyndan iki bankyndaky bankomatlaryň öňünde onlarça adamyň, şol sanda ýaş çagaly eneleriň we gartaşan adamlaryň ençeme sagatlap uly nobata durandygy barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wideolar gelip gowuşdy.
25-nji aprelde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki bankomatlarda-da nagt puluň tapdyrmaýandygy, olaryň köpüsiniň hatardan çykandygy mälim boldy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar şu ýylyň fewral we ýanwar aýlarynyň başynda hem gaýtalanypdy.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 2 müň 198 sany bankomatyň hasaba alnandygy we onuň 438 sanysynyň Lebap welaýatynda ýerleşýändigi aýdylýar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sanynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda 3 million 190 müň 820-ä ýetip, bularyň 483 müň 263 sanysynyň Lebap welaýatyna degişlidigi bellenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.