Türkmenistanyň welaýatlarynyň ençemesinde A-95 markaly benzin tapdyrmaýar. Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky biri-birinden garaşsyz habarçylarynyň 7-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, benzin gytçylygy Balkanda iki hepdeden, Daşoguzda bir hepdeden we Maryda üç günden bäri dowam edýär.
“Daşoguzda indi iki gün bäri benziniň А-92 we А-80 markalary hem tapdyrmaýar. Ýangyç guýulýan stansiýalarda adamlar “benzin geler” diýen umyt bilen, uly nobatlara duýarlar. Şeýle ýagdaýa tutuş Daşoguz welaýatynyň çäginde diýen ýaly duş gelse bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren Daşoguzdaky habarçylarynyň biri aýtdy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdyOnuň sözlerine görä, welaýatyň çägindäki ýangyç guýulýan stansiýalarda benzin ýetmezçiliginiň sebäpleri barada degişli resmiler tarapyndan düşündiriş berilmeýär.
Azatlyk Radiosy benzin gytçylygy barada Türkmenistanyň “Türkmennebitönümleri” döwlet kompaniýasyndan hem maglumat alyp bilmedi. Bu barada “Türkmennebitönümleriniň” resmi websaýtynda-da hiç hili maglumat göze ilmeýär.
Ýurduň käbir welaýatlaryndaky benzin gytçylygy Ahal welaýatyndaky Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylşynyň yza süýşürilmeginden birnäçe aý soň emele geldi.
Türkmen döwlet habarlar agentligi bu kärhananyň şu ýyl ulanmaga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny ýanwar aýynda habar berdi. Ýöne 2017-nji ýylda döwlet metbugaty bu zawodyň 2018-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini habar beripdi.
Zawodyň işe girizilmeli wagtynyň näme sebäpden yza süýşürilendigi nämälimliginde galýar. Ýöne bu kärhanada tebigy gazdan ýylda Euro-5 standartyndaky A-92 benzininiň 600 müň tonnasyny, şeýle-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gaz öndürmek göz öňünde tutulýar.
Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosyna ýurtda emele gelen benzin gytçylygynyň zawodyň açylşynyň yza süýşürilmegi bilen gönümel bagly bolup-bolmandygyny “Türkmennebitönümleri” döwlet kompaniýasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.
Türkmenistanda ulag sürüjileriniň ýangyç ýetmezçiliginden kösenýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary geçen ýylyň ahyrynda hem habar beripdiler.
Degişli maglumat Lebapda A-80 markaly benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy dowam edýär3-nji dekabrda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda A-95 markaly benziniň ýangyç guýujy stansiýalarda düýbünden tapdyrmaýandygy, A-80 markaly benziniň bolsa çäkli möçberde satylýandygy mälim boldy.
20-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky beýleki bir habarçysy A-95 markaly benziniň regionda doly täzeden satylyp başlanandygyny, ýöne A-80 markaly benziniň hem-de dizel ýangyjynyň gytçylygynyň dowam edýändigini aýtdy.
Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň döwlet metbugaty Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän ýangyjyň agramly böleginiň eksporta niýetlenendigini habar beripdi.
27-nji dekabrda “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty ýylyň dowamynda zawodda 500 müň tonna benzin, dizel ýangyjy, mazut we garasakgyç öndürilendigini weönümçiligiň agramly böleginiň daşary ýurtlara eksporta niýetlenendigini mälim etdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň Birža Täzeliklerinde daşary ýurtlaryň telekeçileriniň Türkmenistandan dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn alýandyklary habar berildi.
15-24-nji dekabrda Owganystandan gelen telekçileriň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan öndürilen awtobenzini we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn alandyklaryny habar berdi. Neşir, 2-nji we 8-nji dekabrda çap eden habarlarynda-da daşary ýurtly telekeçileriň Türkmenistanda öndürilen awtoulag ýangyçlaryny satyn alandyklaryny mälim etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.