Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenistan demirgazyk Owganystandaky içerki bosgunlara ynsanperwer kömegini berdi

Demirgazyk Owganystanda çadyrlarda ýaşaýan içerki bosgunlar

​Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Horasan atly lagerinde kyn şertlerde ýaşaýan içerki bosgunlara edilýän kömekler artdy.

Azatlyk Radiosy mundan ozal demirgazyk Owganystanda hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda dörän çaknyşyklardan gaçyp, Şybyrgan şäheriniň etegindäki Horasan atly lagerde içerki bosgunlyga sezewar bolan adamlar barada habar beripdi.

21-nji maýda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda içerki bosgunlaryň ýagdaýy barada wideo çap edildi.

Onuň yzýany, 26-njy maýda Azatlygyň "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginde-de bu mesele gozgaldy. Oňa gatnaşyjylar çaknyşyklar sebäpli ýer-ýurdundan aýrylan adamlaryň içerki bosgunlykdaky kösençlikleri barada gürrüň berdiler.

Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdylkadyr Maliýa 30-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda demirgazyk Owganystandaky içerki bosgunlara her ýerden dürli ýardamlaryň gelip başlandygyny tassyklady.

Maliýanyň aýtmagyna görä, çadyrlarda ýaşaýan bosgunlara Türkmenistanyň Mazaryşeripdäki konsulhanasy tarapyndan hem kömek boldy.

Ol kömekleri bosgunlara paýlamak çäresine özüniň hem gatnaşandygyny aýtdy:

“Türkmenistanyň Konsulhanasy tarapyndan düýn 3 ýüz çadyra golaý kömek boldy” diýip, ol belledi.

Horasan atly lagerde üç bölümde çadyrlarda bosgunlar ýaşaýarlar.

Bosgunlar baş penasyz açyk asmanyň astynda ýaşaýarlar. Olar azyk iýmit ýetmezçiliginden kösenýärler.

Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň konsulhanasy tarapyndan bosgunlara azyk we iýmit kömegi edildi:

“Agşam agzaçarlaryny berdiler, iýer ýaly içer ýaly hemme zatlaryny berdiler. Suw bolsun, nan bolsun, gapdalda, miwe suwlary bolsun... Hemme zatlary kömek etdiler. Ol ýerde bosgunlaryň üç ýerde jemlenip oturan ýerleri bar. Onda her ýerden adam bar. Üç ýeriň üçüsine-de kömek berdiler” diýip, ol aýtdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owganystandaky türkmenler bosgunlyga mejbur bolýar

Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň aýtmagyna görä, bosgunlara edilýän kömekleriň yzy üzülmeýär. Ýene şu gün hem (30-njy maýda) bosgunlara ynsanperwer kömekler edilýär.

“Mazaryşeripdäki konsullygyň iberen kömegi Türkmenistanyň döwleti tarapyndan bolýar. Bu gün enşallasa, ýene-de iki guramadan kömek bolar. Enşalla olaryň kömegini bu gün ýetişdirýäris. Kynçylyk bolan wagty kömek edip otyrlar. Enşalla, ýene-de kömek ederler. Olar biziň goňşymyz bolýarlar, hem dost-doganlyk kömegi. Dilimiz bir. Hemişe bize goňşularymyz kömek edip otyr, enşalla, ýene-de mundan beýläk hem olar hemişe biziň gapdalymyzda bolup, kömek ederler diýip umyt edýäris” diýip, Maliýa aýtdy.

Horasan atly lagerde ýaşaýan bosgunlaryň aglabasy türkmenlerdir.

“Türkmenler hem köp. Takmynan 180 töweregi türkmen bir ýerde. Her haýsysynda bölek-bölek türkmenler hem bar. Türkmenleriň ýanyna özüm baryp, özüm paýlaşdym. Paýlanyp berilýän wagty özümem üstünde boldum. Hemmesine ýetişdirip bolmady. Türkmenler ulurakdy, şolaryň ýanlaryna baryp, özüm bile baryp, bile paýlaşyp gaýtdym” diýip, Maliýa aýtdy.

Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdylkadyr Maliýa daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň hem türkmen bosgunlara kömek ýollap başlandygyny mälim etdi.

“Türkiýede ýaşaýan, Amerikada ýaşaýan, beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň her haýsysy diýen ýaly bir gün kömek berýärler” diýip, Maliýa belledi.

Degişli maglumat "Iki oduň arasynda": Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe etniki türkmen içerki bosgunlyga sezewar boldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.