Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galanda, okuwçy gyzlar ýaşyl reňkdäki matany satyn almaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýär.
“Aşgabadyň tas ähli mekdeplerinde diýen ýaly okuwçy gyzlara ýaşyl reňkdäki matany paýladylar. Onuň uzynlygy 2 metre barabar. Bu matadan okuwçy gyzlara mekdep köýnegini tikmeli. Olar bu köýnegi täze okuw ýyly başlanda, sentýabr aýynda geýmeli” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 21-nji maýda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Saýadyň mekdeplerinde dürli çäreler üçin okuwçylardan ‘yzygiderli pul ýygnalýar’Onuň sözlerine görä, okuwçylardan ýa-da olaryň ene-atalaryndan bu matany mekdepden satyn almak isleýändikleri ýa-da islemeýändikleri barada soralmaýar. Mekdep ýolbaşçylary “mekdepde okamak isleýän ähli gyzlar satyn almaly” diýip, ähli ene-atalary bu matany satyn almaga mejbur edýärler.
“Synp ýolbaşçysy gyzlara matany paýlap beripdir. Okuwçylaryň käbiri matany almazdan öň, ene-atamyzdan soramaly bolarys diýipdir. Mugallymlar ‘biz bilemizok. Awtoulag, telewizor, holodilnik, telefon satyn almaga ene-atalarda pul bar, matany satyn almaga-da pul tapylar’ diýipdirler” diýip, habarçy okuwçy gyzlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Şeýle-de, habarçy mekdep ýolbaşçylarynyň matany 75 manada satýandygyny, ýöne onuň paýtagtyň lomaý harytlar satylýan bazaryndaky bahasynyň 50 manada barabardygyny aýdyp, şeýle diýýär:
“Ony tikdirmek üçin-de azyndan 30 manat tölemeli. Şeýlelikde, bir köýnegiň bahasy 105 manada deň bolýar. Matanyň hili-de gowy däl. Ene-atalaryň ençemesi özleriniň bu matalary satyn almaga mejbur edilmegi arkaly, häkimiýetdäki käbir resmileriň öz jübüsini galňatmaga synanyşýandygyny aýdýarlar. Sebäbi ene-atalaryň saýlap-seçip almak mümkinçiligi çäklendirilýär” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlardan ýaşyl köýnek geýip, ak fartuk dakmak, tahýa geýmek we saçyňy maňlaýyň deň ortasyndan açyp, iki örmek talap edilýär.
Türkmenistanda okuw formasy üçin ýaşyl matany mekdep ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenen dükandan satyn alyp, köýnegi ýörite tikin sehlerine tikdirmek barada okuwçy gyzlardan edilýän talaplar hakynda Azatlyk Radiosy mundan öňki ýyllarda hem habar beripdi.
Degişli maglumat Aşgabatda mekdepleri we çagalar baglaryny abatlamak üçin, ene-atalardan pul ýygnalýarGeçen ýylyň iýul aýynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Daşoguzdaky habarçylary hem-de çeşmeleri mekdep ýolbaşçylarynyň okuwçy gyzlaryň öýlerine ýörite jaň edip, ene-atalara okuw formasyny özleriniň däl-de, her mekdebe bellenen ýörite tikinçilik sehlerinde tikdirilmeginiň hökmanydygyny duýdurandygyny aýtdylar.
Şeýle-de, 2018-nji awgustynda Lebap welaýatynyň Atamyrat, Çärjew we Halaç etrabynda okuwa ýaňy başlaýan gyz çagalaryň okuw formalarynyň mekdepleriň öz tikinçilerine tikdirilmelidigi barada ene-atalara tabşyryk berlendigi mälim boldy.
Mundanam başga, ýurtda mekdep okuwçylaryndan we ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden dürli sport egin-eşiklerini, aýakgaplary we welosipedleri aň-bilim edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenen dükanlardan satyn almak talap edilýändigi barada Azatlyk Radiosy birnäçe gezek habar berdi.
Bu talaplary berjaý etmedik okuwçy we talyp gyzlaryň öz deň-duşlarynyň arasynda kemsidilmegi, hem-de ýokary okuw jaýyndan çykarylmagy ýa-da olaryň ene-atalarynyň işleýän ýerine hat iberilmegi ýaly faktlaryň bardygy barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri gürrüň beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. Rus dilinde hem okaň