Premýer-ministr Imran Hanyň ýangyç meseleleri boýunça ýörite kömekçisi Nadeem Babaryň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa ýekşenbe güni türkmen paýtagty Aşgabada ugrady, olar TOPH gaz geçirijisi boýunça duşuşyga gatnaşarlar diýip, Pakistanyň mediasy habar berýär.
TOPH gaz geçirijisiniň Pakistandaky böleginiň gurluşygyna badalga bermek dabarasy oktýabr aýynda geçiriler, Pakistan delegasiýasy Aşgabada taslamanyň gurluşygynyň başlanmagy bilen bagly planlary jemlemäge barýar diýip, habarda aýdylýar.
Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri öň TOPH geçirijisiniň gurulmagyna şübhe bildirip, Eýran-Pakistan gaz geçiriji taslamasyny dikeltmek meselesini gozgady.
Emma häzir Eýrana garşy sanksiýalaryň dikeldilmegi bilen ýagdaý üýtgedi we ýurduň ýolbaşçylary gaýtadan TOPH-a goldaw bildirýärler.
Şu aralykda Eýranyň DIM-niň başlygy Mohammad Jawad Zarif Aşgabatda türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşdy we şondan birnäçe gün öň Tähranyň Pakistanyň üstünden Halkara arbitražyna şikaýat bilen ýüz tutandygy mälim boldy.
Tähran Eýrandan çekilmeli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň gijikdirilmeginden närazy bolýar. Eýrandan çekilmeli geçiriji Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine alternatiwa bolup durýardy.
Degişli maglumat Türkmenistan TOPH-yň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň ýene soňlanyp barýandygyny aýdýarTOPH gaz geçirijisiniň Pakistandaky gurluşygynyň 2022-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Eger ol gurulsa, Pakistan ýylda 1.320 mlrd kub metr gaz almaly.
Mundan öň Aşgabadyň bu geçirijiniň maliýe meselelerini çözmekde kynçylyk çekýändigi hakynda habarlar çykdy. Şol bir wagtda, Owganystandaky howpsuzlyk meseleri saklanyp galýar.
Türkmenistanyň öz gaz gorlary boýunçadünýäde dördünji orunda duýandygy aýdylýar. Emma bu ýurt 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri gaz ýollaryny dürlüleşdirmekde kynçlyk çekýär.
Degişli maglumat Resmi metbugat TOPH-yň 214 kilometrlik türkmen böleginiň häzirki wagtda tamamlanýandygyny aýdýar, ýöne...Sowet Soýuzy dargandan soň, türkmen gazyny eýran, hytaý bazarlaryna çykarmak başartdy, ýöne soňra Aşgabat gaz bahalarynyň dawalary üstünde Hytaýdan beýleki iri alyjylaryny ýitirdi.
Emma soňky hepdelerde metbugatda Aşgabat bilen Moskwanyň aradaky gaz dawalaryny sudda çözmek meselesiniň goýbolsun edilendigi, ençeme ýyla çeken arakesmeden soň, golaýda az möçberde dikeldilen gaz ylalaşygynyň ýene bir bäş ýyla uzaldylmagy barada gepleşik geçirilýändigi hakynda habarlar çykdy.
Bellemeli ýeri, resmi Aşgabat bu metbugat habarlaryna reaksiýa bildirmedi we Orsýet bilen aradaky gaz söwdasynyň dikeldilendigi barada, näme üçindir, maglumat bermeýär.