Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji maýda Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralandygy aýdylýan mejlis Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir gün öňünden geçdi we onda esasan dabaraly çäreler hakynda gürrüň edildi.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri döwlet serişdesine geçirilýän uly-toý dabaralardan halka peýda ýokdugyny, olaryň gözboýagçylykdygyny öňe sürýärler.
TDH döwlet baştutanynyň wideokonferensiýa gatnaşyjylara ýüzlenip, ertirTürkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenip geçiljekdigini aýdandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy mundan ýigrimi ýedi ýyl öň döredildi we geçen döwrüň içinde ençeme düzedişe we üýtgetmelere sezewar boldy.
Degişli maglumat Baş kanun kim we näme üçin düzedilýär?Ýerli synçylar ýurduň Baş kanunyna 2016-njy ýylda girizilen üýtgetmeleriň Berdimuhamedowyň “ömürlik prezident bolmagyna ýol açandygyny we S.Nyýazowdan başlanan şahsyýet kultunyň ömrüni uzaldandygyny” aýdýarlar.
Bu düzedişlere ÝHHG hem şübhe bildirdi.
Mejlis parlamentiň başlygynyň we hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy guramalaryň ýolbaşçylaryny hasabatlary bilen dowam etdi we olaryň prezidente esasy ýetirmek islän habarlary köpçülik çäreleri, dürli dabaralara görülýän taýýarlyklar bilen bagly boldy.
Berdimuhamedow, adatça bolşy ýaly, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.
Mysal üçin, Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýram edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada habar berdi.
Wise-premýer Çarymyrat Purçekowyň hasabaty 25-26-njy maýda geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XVIII köpugurly halkara sergisine hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gurljak çärelere görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlandy.
Wise-premýer Mämmethan Çakyýew türkmen halysynyň baýramyna gabatlanyp geçiriljek halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berse, wise-premýer Pürli Agamyradow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer Bahargül Abdyýewa 18-nji maýda geçiriljek çärelere görlen taýýarlygyň çäginde, döwlet tele-radio komitetiniň işini kämilleşdirmek barada gürrüň etdi.
Golaýda bu pudagyň işinden örän nägiledigini bildirip, birnäçe resmä käýinç we soňky duýduryş yglan eden Berdimuhamedow ýene bir gezek “bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitleri daşary ýurtlarda giňden beýan etmek... işlerini güýçlendirmek” talabyny gaýtalady.
Degişli maglumat Berdimuhamedow un, çörek gytçylygynyň fonunda Türkmenistanyň bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigini aýdýarWise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew mart-aprel aýynda ýagan dowamly ýagyşlaryň däne ekinlerine, ýaňy şinelän gowaça meýdanlaryna ýetiren zyýany barada çykan habarlardan sowa geçip, “güýzlük bugdaýa ideg etmek işleriniň tamamlaýjy tapgyrda barýandygyny” aýtdy. Emma ol bugdaý oragyny geçirmek üçin gurnaljak dabaraly çärelere görülýän hakynda aýtmakdan saklandy.
Ýerli synçylar Türkmenistanda kada öwrülen köpçülik çärelerine we uludan tutulýan toý-dabaralara ummasyz kän möçberde döwlet serişdesiniň, adam güýjüniň we wagtynyň harçlanýandygyny, bu çemeleşmeden türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hiç bir peýdanyň ýokdugyny öňe sürýärler.
“TDH her mejlisde “döwlet durmuşynyň möhüm meselerine seredilendigini” habar berýär,adamlary mejbury çärelere sürüp, gykylyk-galmagal edip, 30 ýyllap toplanan syýasy-ykdysady we medeni-ahlak problemalarymyzdan ünsi sowjak bolmak haçandan bäri möhüm mesele boldy?” diýip, “Azatlyk” bilen anonimlik şertinde gürleşen 57 ýaşly aşgabatly, medeniýet işgäri radionyň mejlisde edilen gürrüňler baradaky soragyna sorag bilen jogap berdi.
Degişli maglumat TW işgärleri 'adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaly' edildiTürkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy, häzir Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan Hudaýberdi Orazowyň “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, bu çäreler Türkmenistanda “hemme zat gowy” diýip, daşary ýurtlulary ynandyrmak üçin geçirilýär.
“Türkmenistan esasy gözboýagçylyk, her hili çäreleri guramak, halkyň puluny boş ýerlere harç etmek Berdimuhamedowyň bar syýasaty şol” diýip, ykdysatçy Orazow aýtdy.
Onuň pikiriçe, Türkmenistanda hakyky hökümet bolanlygynda, bu çäreleri geçirmäge harçlanýan serişdeler oba, etrap ýerlerindäki ýollary, köprüleri abatlamaga harçlanmaly. "Emmu bu beýle edilmeýär" diýip, Orazow aýtdy.