Juma hutbasynda ymamlar raýatlary Berdimuhamedowy we Watany söýmäge çagyrýarlar

Aşgabadyň Ärtogrul Gazy" metjidi. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň metjitlerinde juma namazynda okalan hutbada ymamlar raýatlary türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we Watany söýmäge çagyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu çärä gatnaşan birnäçe habarçysy habar berýär.

“Juma namazynda okalýan wagyzda ymam prezidenti öwüp başlady. Ol ‘biziň ýeňişlerimiziň we bagtly ýaşaýşymyzyň ählisiniň Arkadagymyzyň saýasyndadygyny’ öňe sürdi. Ymam pygamberimiziň öz Watanyny söýşi ýaly biziň-de Arkadagy we Watanymyzy söýmelidigimizi aýtdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren Aşgabatdaky habarçylarynyň biri aýtdy.

Şeýle-de onuň sözlerine görä, ymam Oraza aýynyň musulmanlar üçin mübärek aýdygyny aýdyp, “biziň ählimiz Hudaýa Türkmenistanymyzyň mundan beýläk-de gülläp-ösmegi üçin doga-dileg etmelidiris” diýýär.

“Ymam Hudaýdan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür dileýär. Şeýle-de, ol ‘Alla ony ähli bela-beterden gorasyn we goý, duşmanlaryny ýer bilen ýegsan etsin’ diýdi” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy metjitleriň adamdan doludygyny hem belläp, juma namazyna baran raýatlaryň aglabasynyň türkmen häkimiýetleriniň dini döwlet propagandasy hökmünde ulanmagyndan nägile bolýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy: Türkmenistany ‘aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň’ hataryna ýene girizmeli

“Ymam özüniň syýasy çykyşyna başlan badyna, adamlaryň ählisi diýen öz aralarynda ‘ýene başlady’ diýip pyşyrdaşdylar. Olar ‘biziň ähli kynçylyklarymyz we betbagtçylyklarymyz Arkadagyň saýasynda’ diýdiler” diýip, habarçy metjidiň daşynda “Türkmenistan bagtyýarlyk ýurdy” diýen şygaryň hem asylandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň metjitlerinde juma namazynda okalýan wagyzda – hutbada – ymam tarapyndan edilýän bu çagyryşlar barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Din işleri boýunça bölüminden kommentariýa almak häzirlikçe başartmady.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan we metjide dowamly gatnaýan aşgabatlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, juma namazynda okalýan hutbada ‘Allanyň prezidenti ähli bela-beterden goramagy’ barada doga-dilegler öň hem edilýärdi. Ýöne olar ymamlaryň “Alla, goý, onuň duşmanlaryny ýer bilen ýegsan etsin” diýen mazmundaky çykyşlarynyň soňky döwürde peýda bolandygyny aýdýarlar.

Halkara hukuk guramalarynyň birnäçesi Türkmenistany din azatlygyny çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda indi ençeme ýyl bäri agzap gelýär. Türkmen häkimiýetleriniň ýaş adamlaryň sakgalyny zor bilen syrdyrmak ýaly çärelere baş goşýandygy barada habarlar hem bar.

Şu ýylyň aprelinde Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy özüniň 2019-njy ýyl üçin ýaýradan hasabatynda Türkmenistany ýene-de “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna goşmak barada Döwlet departamentine çagyryş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň