Türkmen hökümetiniň ykdysady ösüşiň gazanylandygyny yglan etmeginiň fonunda, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda şeker gytçylygy gaýtadan emele geldi. Şeker satyn alýan müşderilerden onuň ýany bilen möhleti geçen harytlary hem satyn almak talap edilýär.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri tomus paslynda ähli gök-bakja önümleriniň ýetişip, gaplara mürepbe we miwe şerbetiniň ýapylýan möwsüminiň golaýlamagy bilen, adamlaryň öňünde şeker problemasynyň keserip durandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň bazarlaryndaky soňky bahalar: käbir harytlarda gymmatçylyk saklanýar, ýerli un tapdyrmaýar“Döwlet dükanlarynyň diňe käbirinde her gün irden şeker satylýar. Şonuň üçin adamlar 1 kilogramy 7 manatdan satylýan şekeri satyn almak üçin her gün bir dükandan beýleki dükana aýlanýarlar. Hususy eýeçilikdäki dükanlarda şekeriň bahasy 9 manada durýar. Döwlet dükanlarynyň käbirinde her bir adama 2 kilogram şeker satylsa, käbirinde diňe 1 kilogram satylýar. Çagalara we ýetginjeklere şeker satmaýarlar” diýip, habarçy 15-nji maýda gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol döwlet dükanlaryndaky işgärleriň müşderileri şekeriň diňe özüni däl-de, onuň ýany bilen satylman galan we möhleti geçen käbir harytlary hem satyn almaga mejbur edýändigini, ýogsa olara şekeri satmaýandyklaryny hem nygtady.
“1 ýa-da 2 kilogram şekeri satyn alan müşderilerden onuň ýany bilen “goşmaçalary” hem satyn almak talap edilýär. Şekeri satyn alan müşderiler möhleti geçen 0,3 litr gapdaky suwy, çupa-çupslary, ýagny sorulýan süýjüleri we beýleki satylman galan harytlary satyn almaly bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Parahat etrapçasyndaky 21-nji belgili döwlet dükanyndaky işgärler 1 kilogram şekeri satyn alan müşderileri bahasy 2 manat 50 teňňe möçberindäki margarini hem satyn almaga mejbur edýärler.
“Şekeriň bahasy 7 manat, margariniň bahasy-da 2 manat 50 teňňe. Ýöne müşderilerden 10 manat alyp galýarlar, ýagny puluň gaýtargysyny hem bermeýärler. Eger adamlar nägilelik görkezse, onda olara: ‘Islemeseň satyn alma’ diýip, jogap berýärler” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda gaýtadan emele gelen şeker gytçylygy, Türkmenistanyň hökümetiniň ýurtda ýene-de ykdysady ösüşiň gazanylandygyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
2-nji maýda hökümet maslahatynda öňe sürlen sanlara görä, 2019-njy ýylyň ýanwar we aprel aýlarynyň aralygyndaky döwre degişli makroykdysady sanlar ýurduň durnukly ösendigi barada habar berýär.
Degişli maglumat Hususy dermanhanalarda insulin satylmaýar, döwlet dermanhanalarynda nobat we gytçylyk saklanýar“Agzalan döwürde umumy içerki önümçiligiň ösüş depgini 6,2% derejesinde bellendi; geçen ýylyň degişli döwrüne garanda önümçilik 6,1% göterildi” diýlip, resmi maglumatlarda habar berildi.
Üstesine, türkmen häkimiýetleri oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň 4,6% möçberde artandygyny hem habar berdi.
Ýurduň yglan eden bu sanlaryna garamazdan, Türkmenistanda un, çörek, şeker we ösümlik ýagy ýaly günübirin gerek bolýan ýa-da ulanylýan käbir azyk önümleriniň, şol sanda towuk ýumurtgasynyň gytçylygy indi 2017-nji ýylyň ahyryndan bäri wagtal-wagtal dowam edýär. Şondan bäri bu harytlar döwlet dükanlarynda bir satylýar, bir-de ýitirim bolýar.
Aprel aýynyň başynda Aşgabadyň söwda nokatlarynda we dükanlarynda her bir adama diňe 10 sany towuk ýumurtgasynyň satylýandygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar beripdi.
13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda diabet, ýagny süýji keselliler üçin zerur insulinyň gytçylygynyň emele gelendigini, döwlet dermanhanalarynda uly nobatlaryň dörändigini aýtdy.
Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda, ýurduň hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilata çärýek asyrlap berlen ýeňillikleriň ençemesini, şol sanda gaz, suw, tok mugtçulygyny ýatyrdy.