Şu gün, 15-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 12:30 töweregi paýtagt Aşgabatda güýçli ýel turup, soňra ýagyş ýagdy. Munuň netijesinde paýtagtyň köçelerindäki wagtlaýyn gurnalan käbir söwda nokatlary we seýilgählerdäki agaçlar ýumruldy.
“Tüweleý 5 minut töweregi dowam etdi. Şol aralykda güýçli ýel köçäniň ugrundaky käbir wagtlaýyn dükanlary we agaçlary ýumurdy. Ýerli wagt bilen sagat 16:00 töweregi ýagyş hem diňdi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçy 15-nji maýda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagt ýagşyň netijelerini arassalamak işleri dowam edýär we bu çärede esasy agram Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleriniň, aýratyn-da, aýallaryň üstüne düşýär.
“Aýallar iki eli bilen ýagyş suwlaryny ýoluň gyrasynda ösýän otuň üstüne tarap dökýärler. Sebäbi bu ýer ýoldan beýikde ýerleşýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň öňünde onlarça esgeriň ministrligiň töwerek-daşynda üýşen ýagyş suwlaryny süpürýän pursadyny hem görse bolýar” diýip, habarçy ýumrulan agaçlaryň şäheri hapalandygyny hem aýtdy.
Şeýle-de, ol ýagyş suwlarynyň üýşmegi netijesinde ýerasty geçelgelerinde hereketiň kynlaşandygyny belläp, şeýle diýdi:
“Adamlar ýerasty geçelgelerden aýagynyň ujunda ýöräp geçýärler. Awtobuslara münmek we olardan düşmek hem kynlaşdy. Sebäbi awtobus duralgalarynyň töweregine hem ýagyş suwlary üýşdi” diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanda indi mart aýynyň ortalaryndan bäri Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde çabgaly ýagyşlar we güýçli tupan wagtal-wagtal dowam edýär.
Munuň netijesinde agzalýan welaýatlaryň ençeme obadyr etrabyna we Aşgabat şäherine sil suwlary gelip, köçelere, ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere zyýan ýetirdi.
Aşgabatda 19-njy aprelde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele gelipdi.
13-nji aprelde türkmen paýtagtyna güýçli sil gelipdi. Şonda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary paýtagtda dowamly ýagan ýagyşlaryň netijesinde dörän sil suwlarynyň köçeleri basandygyny, jaýlara we ýerzeminlere zyýan ýetirendigini habar berdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine gelen silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetipdi.
Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.
23-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri Murgap derýasynyň ýokary böleginde, şol sanda türkmen böleginde güýçli ýagyşlaryň ýagýandygyny we munuň territoriýa sil gelmek howpuny abandyrýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek howpunyň abanýandygy barada “Hronika Türkmenistan” neşiri hem 22-nji aprelde habar beripdi.
Neşir ýurduň günortasynda dowam edýän çabgaly ýagyşlaryň Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek wehimini salýandygyny we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleriniň sebitdäki suw howdanlarynyň dolup-daşmak ähtimallygyny duýdurýandygyny aýtdy.
Resmi metbugat siliň gelmegi, çabgaly ýagyşlar we onuň netijeleri barada hiç hili maglumat bermän gelýär.