Türkmenistan intellektual eýeçilik hukuklary boýunça ‘gözegçilik astyndaky ýurtlaryň’ sanawynda saklanyp galýar

Illýustrasiýa siraty

Türkmenistan intellektual eýeçilik hukuklary boýunça Birleşen Ştatlaryň Söwda wekili edarasynyň “gözegçilik astyndaky ýurtlarynyň” sanawynda saklanyp galýar.

Bu barada agzalýan edaranyň dünýäde “intellektual eýeçiligi goramak we ýakasyny tanadan bazarlaryň galplygyna we garakçylygyna syn bermek” barada geçen aýyň 25-ne ýaýradan “Special 301” atly hasabatynda aýdylýar.

“Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň 2016-njy ýylda Bern konwensiýasyna goşulanyndan bäri özüniň intellektual eýeçilik goraglylygyny halkara standartlaryna çykarmakda göze ilerlikli progresi etmändiginden alada edýär. Türkmenistan hökümet ministrlikleri we edaralary tarapyndan lisenziýaly programmalary ulanmagy borçly edýän prezident derejesindäki karary, kanuny ýa-da düzgünnamany heniz kabul etmedi” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de, onda Türkmenistanyň Fonogramma boýunça Ženewa konwensiýasyna we Internet şertnamalary boýunça Büntindünýä intellektual eýeçilik guramasyna goşulmak we olaryň düzgünlerini berjaý etmek ýaly daşary ýurt ses ýazgylarynyň awtorlyk hukugynyň goraglylygyny heniz ýeterlik derejede üpjün etmeýändigi hem aýdylýar.

Birleşen Ştatlar intellektual eýeçilik hukuklarynyň goraglylygynyň we oňa gözegçiligiň häzirki derejelerine hem-de Türkmenistanyň öz intellektual eýeçilik kanunlaryny doly berjaý etmekde we güýje girizmekde şowsuzlygyna alada bildirmegi dowam etdirýär diýlip, hasabatda nygtalýar.

“Türkmenistanyň uly şäherlerinde galp we garakçylyk, bikanun ýollar bilen ele salnan harytlaryň bardygy habar berilýär. Birleşen Ştatlar Türkmenistany intellektual eýeçilik boýunça kanunalaýyk reformalary amala aşyrmaga höweslendirmegi dowam etdirýär” diýlip, “Special 301” atly hasabatda aýdylýar.

Hasabatyň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň “Merkezi Aziýa Intellektual Eýeçilik Iş topary” arkaly Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygy hem nygtalýar.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda intellektual emläk hukuklarynyň goragyny berkitmek maksady bilen Awtorlyk hukuklary barada kanun kabul edildi we Türkmenistanyň Raýat kodeksine düzediş girizildi.

Bu kodeksiň 174-nji maddasyna laýyklykda, üçünji şahslar intellektual işiň aýratyn hukuk obýekti bolup durýan netijelerini we aýratynlaşdyryş serişdelerini diňe hukuk eýesiniň razyçylygy bilen peýdalanyp biler.

Türkmenistanda intellektual emläk hukuklarynyň goraglylygynyň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklanýan käbir ýerli synçylar gürrüňi edilýän kanun gijikdirilip kabul edilen bolsa-da, onuň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

“Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmalaryna durmuşyň dürli ugurlarynda, şol sanda edebiýatda, sungatda, aýdym-sazda duş gelse bolýar. Öňki edilýän ogurlyklar, eden-etdilikler dowam etdirilýär. Olaryň awtorlyk hukuklary goralmaýar, pul tölenmeýär. Çem gelen öz adyna geçirip ýör. Daşary ýurt aýdym-sazlary ogurlanýar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan türkmenistanly synçy gürrüň beripdi.

Intellektual eýeçilik hukuklary boýunça Birleşen Ştatlaryň Söwda wekili edarasynyň “gözegçilik astyndaky ýurtlarynyň” sanawynda Pakistan, Paragwaý, Peru, Özbegistan we Taýland ýaly jemi 25 ýurt ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.