Türkmenistanda atymlyk çaýyň hiliniň juda ýaramazlaşandygyny, şol bir wagtda, onuň bahasynyň ýokarlanýandygyny Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.
“Atymlyk çaýyň hili örän pese gaçyp, oňa dürli zir-zibiller, şol sanda çöp-çalamlar garylýar. Ýaşaýjylar çaýyň islendik görnüşine haşal otlaryň ýa-da ýorunjanyň garylýandygyny aýdýarlar. Käbir adamlar çaýda gamşyň ýapraklaryny, çöp-çalamlary hem tapandyklaryny aýdýarlar. Soňky döwürde bu çöp-çalamlar ilat arasynda ‘mahorka’ diýlip atlandyrylýan temmäkä garylyp satylýardy. Indi bu çöp-çalamlar atymlyk çaýa-da garylyp başlandy” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 8-nji maýda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Saglyk ministrligi sagdyn dem almak üçin, raýatlara prezidentiň kitabyndaky çaýlary maslahat berýärOl Türkmenistana gök we gara çaýlaryň esasan, Hytaýdan we Eýrandan import edilýändigini aýdyp, häzirki wagt atymlyk çaýlaryň hiliniň ýaramazlaşandygyny ýurduň dürli welaýatdyr şäherlerinde eşitse bolýandygyny hem belledi.
“Mundan öň atymlyk çaýyň tebigy, gowy tagamy bardy. Ýöne soňky döwürde onuň düzümi hem üýtgedi. Atymlyk çaýyň düzümi örän ownuk. Çaýy demläniňden soňra, ol dury däl we bulançak bolýar. Şeýle-de, ol tagamsyz bolýar” diýip, aşgabatly habarçy aýtdy.
Habarçy atymlyk çaýyň hiliniň ýaramazlaşýan mahalynda, onuň bahasynyň bolsa gymmatlaýandygyny aýdýar. Onuň bellemegine görä, häzirki wagt 1 kilogram gök çaýyň bahasy 40-45 manat aralygynda durýar.
“Eýrandan import edilen käbir atymlyk gök çaýlaryň 400 gramlyk bir gutusy 50 manada barabar. Bu gaplanan çaý bolany sebäpli, onuň hili birneme gowy. Ýöne muny köp adam satyn alyp bilmeýär. Sebäbi ol adamlaryň maddy güýç ýeterinden gymmat” diýip, habarçy aýtdy.
Aýdylmagyna görä, käbir ýaşaýjylar çaýyň hiliniň ýaramazlaşmagy we onuň sebäpleri barada paýtagtdaky bazarlaryň administrasiýasyna we “Türkmenstandartlary”baş döwlet gullugyna ýüzlense-de, jogap alyp bilmeýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly söwdagärleriň birnäçesi atymlyk çaýyň hiliniň ýaramazlaşmagynyň sebäplini ýurtdaky walýuta çäklendirmeleri, dollaryň bahasynyň gymmatlamagy we “Türkmenstandartlary”baş döwlet gullugy tarapyndan girizilen käbir düzgünler bilen düşündirýärler.
“Söwdagärler ýokary nyrhlara garamazdan, çaýyň dürli görnüşini import etmäge taýýar. Ýöne muny amal etmek isleýän söwdegärlere hökümet tarapyndan emeli bökdençlikler döredilýär. Mysal üçin, getirilen haryt üçin üç gezek salgyt töledilýär. Ähli çykdajylary we salgytlary nazara alanyňda, harydyň satuw bahasy ýokarlanýar. Ýöne bu munuň bilen hem çäklenmeýär. Sebäbi hökümet harydyň satuw bahasyna hem çäklendirme girizýär. Ony gymmat bahadan satyp bolmaýar” diýip, aşgabatly söwdagär anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol şu sebäpli ýokary hilli harydy import edýän söwdagärleriň azdygyny, muňa derek olaryň atymlyk çaýa çöp-çalamlary ýa-da haşal otlary garýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda “Türkmenstandartlary”baş döwlet gullugy hem-de Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariýa alyp bilmedi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda gök çaý türkmen medeniýetiniň bir bölegi hasaplanyp, ilat tarapyndan iň köp içilýän we sarp edilýän önümleriň başynda gelýär.
Soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesiniň gapdalyndan, atçylyk, edermenlik, ösümlik dünýäsi, halkara syýasaty, watansöýüjilik ýaly temalardan ýazan kitaplary bilen bir hatarda, çaý barada “Çaý – melhem hem ylham” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplary çap etdirdi.
Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara sagdyn dem almak üçin, Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilen çaýlardan içmegi maslahat berdi.
Döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde prezidentiň “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabyndan alnan bölekler hem okyjydyr tomaşaçylara ýetirilip, olarda “çaýyň ömri uzaldyjy serişdedigi”, “çaý içseň ömrüň uzaýandygy” ýaly maslahatlar berilýär.