Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasynda saglyk barlagyndan geçýän näsaglaryň ganynda näbelli wirusyň bar bolmagy mümkin diýlip, olary gaýtadan barlagdan geçmäge ýa-da para bermäge mejbur edýärler diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan aýtdy.
“Men barlagdan geçmek üçin Çoganlydaky keselhana bardym. Damardan ganymy aldylar we adresimi, at we familiýamy hem ýazyp aldylar. Aradan iki gün geçensoň, meni keselhana çagyrdylar we “Ganyňda näbelli wirus bar bolaýmasa, gaýtadan gan tabşyrmaly ýa-da biz ganyňda wirus bar diýip ýazarys” diýdiler. Men nähili wirusdygyny soranymda, maňa täsin we şahsyýetiňi kemsidiji soraglary berip başladylar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly zenan 6-njy maýda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Daşoguzda şikesli adamlary maýyplyk pensiýasyndan mahrum edýärlerAzatlyk Radiosynda wakanyň haçan bolandygy barada anyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Zenan hassahananyň saglyk işgärleriniň özüne “Durmuşa çykdyňmy? Kim bilen gezdiň? Kim bilen ýatyp-turduň? Äriň barmy? Äriň başgasy bilen gezýärmi ýa-da seniň gezýäniň barmy?” diýen soraglary berendigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:
“Bu zatlar meniň öz şahsy durmuşyma degişli. Men bu barada hiç kime maglumat bermäge borçly bolmasam-da, saglyk işgärleri kemsidiji äheňde soraglary bermegi dowam etdirýärler. Olar wirusyň nämedigini anyk aýtmaýarlar. “Meniň öňki barlaglarymda hiç hili wirus ýokdy” diýsem-de diňlemeýärler. “Bu wirus dişiňi bejerdeniňde-de, geçip bilýär” diýýärler. Soňra-da olar “Biz polisiýa bölümine habar bermeli bolýarys. Siziň ähli maşgalaňyzda barlaglary geçirmeli bolýarys. Tutuş maşgalaňyz polisiýada hasaba alnar” diýip, adamlary gorkuzýarlar. Aýal-gyzlaryň köpüsi özlerinde ýok wirus bar ýaly bolup görkezilmeginden weözlerine gep gelmeginden çekinip, ilki gaýta-gaýta gan barlagyndan geçýärler. Ýöne gan barlagynyň netijesi üýtgetmeýär we olar ahyr-soňy para bermäge mejbur bolýarlar” diýip, aşgabatly zenan aýtdy.
Ol şuňa meňzeş ýagdaýy özi ýaly başga-da ençeme zenanyň başdan geçirendigini we bu ýagdaýyň indi birnäçe ýyl bäri dowam edýändigini hem belledi.
“Hassahana işgärleriniň para almak ýa-da gan tabşyrdyp, keselhana gaýta-gaýta töleg töletmek üçin döreden emeli bökdençliklerinden sypmak üçin zenanlar 250-500 manat aralygynda para berýärler. Para beren badyňa, ganyň arassadygy we hiç hili wirusyň ýokdugy baradaky resminamany berýärler. Para bermekden ýüz öwren käbir zenanlar Çoganlynyň hassahanasyndan berlen netijeleri welaýatlardaky ýokanç keselleri merkezlerine alyp gidýärler. Şol ýerde gaýtadan barladyp, ganynda hiç hili wirusyň ýokdugyny anyklaýarlar” diýip, aşgabatly zenan sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasy bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi. Şeýle-de, bu barada Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden hem kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda täze keselhanalaryň, şol sanda anyklaýyş merkezleriniň onlarçasynyň gurlandygy habar berilýär. Türkmen häkimiýetleri bu saglyk merkezlerinde raýatlaryň saglygyny bejertmek üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilendigini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi täze gurulýan desgalaryň talabalaýyk bejergi berip bilmeýändigini, şol sanda saglyk işgärleriniň käbirleriniň dürli bahanalar bilen raýatlardan para alýandygyny ýa-da olary para bermäge mejbur edýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenabat: ‘urlup öldürilene başga diagnoz goýuldy, derňew açylmady’Geçen ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Daşoguz welaýatyndaky Saglyk öýleriniň işgärleriniň çagasy mekdebe başlajak ene-atalardan 200 manat möçberinde para talap edýändigi mälim boldy. Bu parany bermedik ene-atalaryň çagalary üçin saglyk kepilnamalarynyň öz wagtynda berilmeýändigini Azatlygyň bu welaýatdaky çeşmeleri gürrüň berdiler.
“Aşgabadyň S. Nyýazow adyndaky hassahanasynyň böwrek keselleri bölüminde geregiçe para berip bilmedik näsaglaryň haly bilen gyzyklanýan lukman ýok. Näsaglaryň taryhy ýazylýan depdere näsaglar barada doly maglumat ýazylmaýan halatlary hem bolýar” diýip, özüniň aýal keseli ugrundan operasiýa bolandygyny aýdan zenan 2018-nji ýylyň aprelinde aýtdy.
Ýurtda geçirilýän hökümet maslahatlarynda “käbir ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň aýry-aýry işgärleriniň parahorluk edýändikleri” wagtal-wagtal boýun alynsa-da, parahorluk edýän edara-kärhanalar, parahorlugyň möçberi, aýyplamalaryň nämä esaslanýandygy we munuň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada takyk maglumat berilmeýär.
Global töwekgelçilik boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän The Risk Advisory Group kompaniýasynyň geçen aý ýaýradan “Korrupsiýa päsgelçilikleri – 2019” atly soňky hasabatyna görä, Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça hem-de ýurt içindäki korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi babatda dünýäde birinji orunda durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.