"Türkmen döwletimiz batmanka, indiki aýda Halk maslahatyny geçireliň, baştutan saýlalyň"

Çäreden dolanyp gelýän ýaşulular. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Halk maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli organydyr. Başgaça aýdanyňda, bu döwleti halk bilen maslahatlaşyp edara etmegiň demokratik institutydyr.

Biz döwlet ähmiýetli meseleleri diňe Halk maslahatynyň agzalary bilen geňeşip çözýäris. Türkmenistanyň Halk maslahatynda ýurdumyzyň her bir şäherinden, jemgyýetçilik guramasyndan, hatda her bir obasyndan wekil bar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem onuň gönüden-göni agzasy bolup durýarlar. Olaryň islendik mesele boýunça öz pikirlerini aýtmaga haky bar.

Hormatly Halk maslahatynyň agzalary, Prezident barada hem siz aýtmalysyňyz. Prezident barada Siz utanman, çekinmän ýaňadan Referendum geçirmek barada karar çykarmalysyňyz. Döwlet ýolbaşçylarynyň hem eýeleýän wezipelerine laýyk gelýändigi ýa-da olaryň şol wezipä laýyk gelmeýändigi hakynda meseläni goýmaga siziň ygtyýaryňyz bar. Siz özüňiziň şeýle hukugyňyzyň bardygyny unutmaň.

Halk maslahatynyň işine gatnaşanyňyzda aç-açan gürrüň edeliň, döwletimizi baýatmak, kuwwatlandyrmak barada öz teklipleriňizi aýdyň. Ýene-de bir gezek nygtaýaryn, Prezidentiň hem, beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň hem kemçiliklerini çekinmän görkeziň.

Bazar ykdysadyýetinde her kim halal zähmet çekmeli, önüm öndürmeli. Elbetde, bahalaryň elýeterli bolmalydygy hak. Ýöne bahalary hem ýokardan saklap dursaň, ol hem bolmaýar. Ýöne biziň ministrliklerimiziň, döwlet önümçilik birleşiklerimiziň bir toparynyň ýol berýän kemçilikleri, döredýän kynçylyklary hem bar. Olaryň üstesine häkimleriň, arçynlaryň, hojalyk ýolbaşçylarynyň ýol berýän bidüzgünçilikleri gabat gelýär. Ine, şu ýerde welin, geçirimlilik etmek bolmaz. Şol kemçilikler, bidüzgünçilikler halkymyzyň janyny ýakýar.

Türkmen döwleti yza gaýtdy. Siz meni bagyşlaň, emma biziň hereketimiz, şol 3 (üç) maýmyny ýada salýar. Olaryň biri hakykaty görmejek bolup, gözüni ýapýar. Beýlekisi hakykaty eştmejek bolup, gulagyny ýapýar. Başkasy bolsa hakykaty aýtmajak bolup, agzyny ýapýar. Olar ýaly iş etmäliň. Eger başka döwletlere göz aýlasaňyz, olar hem Biziň arkamyzda. Şol sebäpli Türkmen döwletimiz batmanka, indiki aýda Halk maslahaty geçireliň we ynamdar, öz halkyny janyndanam eý görjek, bereketli topragyny öz enesi ýaly maňlaýyna syljak Baştutan saýlalyň.

(Okyjynyň haty gysgaldylyp çap edilýär.)

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.