25-nji sentýabrda Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň I Mejlisi geçirildi. Maslahata prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) habar berýär.
Ýurt baştutany milli forumda eden çykyşynda ýurtda gazanyldy diýilýän “üstünlikler” barada gürrüň edipdir.
Maslahatyň dowamynda prezident Berdimuhamedow ýurduň syýasy, ykdysady we sosial taýdan ösýändigini aýdypdyr.
Transport, aragatnaşyk we tranzit ulgamlary
Ol transport we aragatnaşyk ulgamynda gazanyldy diýilýän ösüşlere salgylanyp, Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmagyna berlen Halkara porty, Türkmenabatda açylan täze Halkara aeroporty, ýurtda gurulýan garaýollary, şol sanda häzirki wagtda gurluşygy dowam edýändigi aýdylýan Farap-Türkmenbaşy ýoluny, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň gurluşygyny, hem-de täze çekilen hem çekilýän demirýollary gazanyldy diýilýän ösüşlere mysal görkezipdir.
Ýöne beýleki bir tarapdan, sebitde özüni üstaşyr merkez diýip mahabatlaýan Türkmenistan bilen bagly “tranzit bökdençlikleri” boýunça sentýabr aýynyň başyndan bäri dürli habarlar peýda bolýar, ýagny sentýabryň başynda Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň Täjigistana barýan ýük ulaglaryny öz üstünden geçirmeýändigi barada habar berdi. Şondan birnäçe gün soňra täjik resmisi Täjigistanyň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektini soňa goýmagy barada metbugatda çykyş etdi. Galyberse-de ýerli synçylar halkyň ýurtda gurlan halkara portuň, ýa-da gurulýan halkara aeroportlaryň hözirini kanagatlanarly derejede görüp bilmeýändigini aýdýarlar.
Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoluna salgylanyp, onuň işiniň netijeliligine şübheli çemeleşdi. Ol gürrüňde bu demirýol ugry boýunça halkara ýolagçy gatnatmagyň, hem-de ýylda 13 million tonna çenli ýük gatnatmagyň göz öňünde tutulandygyny habar berdi. Ýöne synçynyň sözlerine görä, häzirki wagtda bu ugur boýunça halkara ýolagçylar gatnadylmaýar. Şeýle-de ol demirýoluň käbir işgärlerine salgylanyp, bu ugur boýunça çekilýän ýüküň mukdarynyň ýarym milliona-da ýetmeýändigini habar berdi.
Ilatyň sosial goraglylygy we ykdysady "ösüşler"
Mejlisde eden çykyşynda türkmen prezidenti 2019-njy ýyl üçin dürli ugurlary kesgitläp, üstümizdäki ýylda döwlet býujetiniň 75-80 göteriminiň sosial sferalara gönükdiriljekdigini aýdypdyr. Ol aýlyklaryň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylmagyny ilatyň sosial goraglylyga mysal hökmünde görkezipdir. Şeýle-de, ol ýurduň ykdysady özüş görkezijileriniň ýokarydygyny belläpdir.
Birlermenler Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýarlar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bazarlarda bahalaryň çakdan aşa gymmatlaýandygyny nygtaýarlar.
Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew häzirki wagtda halkyň gün-güzeran şertleriniň ýaramazlaşýandygyny, bazardaky bahalar bilen ilatyň girdejileriniň bir-birine gabat gelmeýändigini gürrüň berdi.
“2018-nji ýylda Türkmenistandaky ortaça aýlyk 715 manat diýip kesgitlenildi. 715 manat “bazar korzinasyna”, bazar sebedine nä derejede laýyk gelýär!? Eger gelmeýän bolsa onda yzagalaklygyňy boýun alyp, ozaly bilen ýurtdaky ortaça aýlygy indeksasiýa edip, hökman “bazar korzinasynyň”, bazar sebediniň bahasyna deňläp, onsoň üstüne goşsaň, şonda aýlygy, “stipendiýany”, “posobiýany” galdyrdym diýip bolýar” diýip, Bugaýew belledi.
Ylym-bilim, saglyk we adam kapitaly
Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisinde eden çykyşynda prezident döwlet syýasatynyň ylym-bilime we saglyk pudagyna aýratyn üns berýändigini, “adam kapitalynyň” aýratyn ähmiýetlidigini belläpdir. Ol ýurtda häzirki wagtda 509 sany häzirkizaman bilim edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, şeýle-de 122 sany hassahananyň bardygyny bilim we saglyk pudagyndaky “ösüşler” hökmünde mysal beripdir.
Ýöne ýerli synçylar ýurduň bilim edaralarynda berilýän ylym-bilimiň hil-mazmunyna şübheli çemeleşýärler, galyberse-de döwletiň guramagyndaky yzy üzülmeýän çäreleriň okuwçylara, talyplara, mugallymlara, saglyk pudagynyň işgärlerine we oňa gatnaşýan beýleki adamlara goşmaça alada bolýandygyny, olaryň öz işlerini kämilleşdirmeklerine päsgelçilik döredýändigini aýdýarlar. Galyberse-de, ýerli synçylar ýurduň tas ähli ulgamlaryna ýaýran para-peşgeşiň “adam kapitalynyň” ösdürilmegine agyr zarba urýandygyny aýdýarlar.
Mundan ozal Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda däl-de daşary ýurtlarda ýokary bilim almagy saýlap alan türkmenistanly ýaşlaryň duçar bolýan kynçylyklary barada yzygiderli maglumat berip geldi, ýöne muňa garamazdan hökümet “adam kapitalyna” ähmiýet berýändigini tekrarlaýar.
Maslahatyň dowamynda prezident ýurduň oba-hojalyk ulgamy, içerki önümçiligiň ösdürilmegi, bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti we beýleki meseleler barada çykyş edipdir.