Aşgabatda tebigy hadysadan zyýan çeken ýerzeminleri arassalamak işleri dowam edýär; ýaşaýjylara kömek berilmeýär

Aşgabatda köp gatly jaýyň ýerzeminindäki dükanlaryň biri

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine we onuň etegindäki obadyr etraplara gelen sil suwlarynyň ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylaryndan maglumatlaryň gelmegi dowam edýär.

Ýatlatsak, 19-njy aprelde Aşgabatda ýagan güýçli ýagşyň netijesinde paýtagtyň ençeme köçesine zeper ýetip, şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar, oýuklar emele geldi we ýerzeminleri suw basdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň 29-njy aprelde beren maglumatyna görä, paýtagtyň köçelerindäki läbik, palçyk suwlar eýýäm arassalandy. Ýöne laýdyr palçykdan dolan ýerzeminleriň eýeleri ýa-da olary kireýine alan ýaşaýjylar sil suwlarynyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylar.

“Öňki Ýubileýnaýa, häzirki Ankara köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän ýerzeminleri arassalamak işleri heniz hem dowam edýär. Ýerzeminleriň käbirini bölekleýin, käbirini ýarysyna çenli, käbirini-de dolulygyna läbik sil suwlary basdy. Suwy tölegli çekip aldylar. Ýöne ondaky läbigi adamlaryň özi arassalamaly bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, sil suwlary ýerzeminlerdäki tehniki enjamlar, harytlar we resminamalar bilen bir hatarda, jaýyň özüne-de zyýan ýetirdi. Häzirki wagt ýerzeminleriň ençemesinde abatlaýyş işleriniň geçirilmegi zerur.

Çabgaly ýagyşlar Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp we Hudaýberdiýew köçeleriniň ugrundaky ýerzeminler bilen bir wagtda, käbir köp gatly jaýlaryň birinji gatlaryna hem zyýan ýetirip, olary läbik sil suwlary basdy.

Degişli maglumat Murgap derýasynyň töwereginde ýagýan güýçli ýagyşlar Mara sil gelmek howpuny abandyrýar

“13-nji aprelde gelen sil suwlarynda paýtagtyň 14-nji Saglyk öýüniň we Parahat 7 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlaryna girmek üçin niýetlenen basgançaklaryň ençemesini sil suwlarynyň ýumrandygyny ýaşaýjylar aýtdylar. Parahat 7 etrapçasyndaky jaýlaryň diwarlaryndan we liftlerinden sähel ýagyş ýaganda-da, suw akýar. Käbir ýaşaýyş jaýlaryny heň basandygyny görse bolýar. Döwlet hiç kime kömek etmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy ýaşaýjylara salgylanyp, Oguzhan köçesiniň ýokarsyndan akyp geçýän emeli kanalyň şäheriň beýleki böleklerine sil suwlarynyň gelmeginiň belli bir derejede öňüni alandygyny, ýöne iň köp Parahat 7 we Parahat 8 etrapçalarynyň zyýan çekendigini hem belledi.

“Ýaşaýjylar Parahat 7 etrapçasyna we Ankara köçesiniň ugruna sil suwlarynyň gelmegine we weýrançylyga sil suwlarynyň ýygnanmagy üçin niýetlenen arygyň gömülmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Ankara köçesiniň ýokary böleginde ýerleşen bu gömülen aryga derek ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy bolsa, sil suwlaryndan Aşgabadyň etegindäki, aýratyn-da Änew we onuň golaýyndaky etrapdyr obalaryň ýaşaýjylarynyň hem zyýan çekendigini aýdýar.

“13-nji aprelde Änewde bir adam mal ýatagyny açyp, goýunlaryny has howpsuz ýere çykarjak bolanda, ony sil suwlary äkidipdir. Ol adam sil suwunda gark bolup, aradan çykypdyr” diýip, habarçy 29-njy aprelde gürrüň berdi. Azatlyk Radiosyna bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Degişli maglumat Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi

Azatlygyň Marydan habarlaşan ýene bir habarçysy welaýatyň günorta bölekleriniň golaýyndaky suw howdanlarynyň suwdan dolandygyny aýdyp, ýerli häkimiýetleriň onuň dolup-daşmagynyň öňüni almak üçin bentleri berkidýändigini belledi.

“Häzirki wagt ýagyş dyndy we adamlaryň arasyndaky dartgynlyklar birneme azaldy. Bu gün howa güneşli” diýip, maryly habarçy 29-njy aprelde aýtdy.

Resmi metbugat siliň gelmegi, çabgaly ýagyşlar we onuň netijeleri barada hiç hili maglumat bermän gelýär.

Beýleki tarapdan, 22-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleri we beýleki ýokary wezipeli resmiler bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurtda bugdaý oragyna görülýän taýýarlyklary maslahat etdi.

Ýöne maslahatyň dowamynda soňky 1 aýa golaý wagtyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde ýagýan çabgaly ýagyşlar we olaryň galla hasylyna ýetiren täsiri barada gürrüň gozgalmady.

19-njy aprelde “Hronika Türkmenistan” neşri ýurduň günortasyna ýagan ýagyşlaryň oba hojalyk ekinlerine, şol sanda bugdaý we arpa maýsalaryna, şeýle-de golaýda gowaça ekilen meýdanlara düýpli zyýan ýetirendigini habar berdi.

“Aşgabadyň etegindäki Änewden başlap, Mary welaýatyndaky ekerançylyk meýdanlaryna çenli aralykda güýçli ýagan ýagyn bugdaý sümmüllerini ýere ýazdy, gowaça ekilen meýdanlar bolsa gapaklady. Bu ýagdaý gögerip gelýän ekinleriň ýeri böwsüp, ýokaryk çykmagynyň öňüni alýar” diýip, neşir ýerli habarçylaryna salgylandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.