Türkmenistan we Belarus çözülmedik dawasynyň fonunda, biznes forumyny geçirmegi planlaşdyrýar

Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat

Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodynyň gurluşygy bilen bagly özara dawasy dowam edýän mahalynda, iki ýurduň resmileri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça duşuşygy we bilelikdäki biznes forumyny geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Bu barada Azerbaýjanyň “Trend” habar agentligi Belarusyň marketing we bahalary öwrenmek boýunça milli merkeziniň eksport portalyna salgylanyp, 23-nji aprelde habar berdi.

“Türkmenistan we Belarus maý aýynda Aşgabat şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça belarus-türkmen hökümetara komissiýasynyň duşuşygyny we bilelikdäki biznes forumyny geçirmegi planlaşdyrýarlar” diýlip, habarda aýdylýar.

Bu duşuşygyň çäginde, Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda söwda dolanyşygyny hem-de ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň perspektiwalaryny öz içine alýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Belarusyň agzalýan milli merkeziniň maglumatyna görä, biznes forumy Belarus respublikasynyň biznes taraplary bilen döwlet hem-de hususy pudaga degişli potensial türkmen partnýorlarynyň arasynda göni aragatnaşygy dikeltmäge gönükdirilýär.

Bu duşuşyklar Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasyny halkara arbitražynda çözmäge synanyşýan mahalynda geçiriler.

Degişli maglumat “Belgorhimprom”: Türkmenistan bilen dawada özümiziň dogrudygymyza doly ynanýarys

7-nji martda Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Belarusyň “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasynyň işinden öz nägileligi boýunça Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutandygy habar berildi.

Munuň yzýany, ýagny 14-nji martda Belarusyň “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasy türkmen tarapynyň Garlykdaky kaliý kombinatynyň gurluşygyna degişli nägileliginden özüniň habarlydygyny tassyklap, amala aşyran işleri üçin Türkmenistandan $150 million amerikan dollaryndan gowrak puly talap edendigini aýtdy.

21-nji martda “Belgorhimprom” kompaniýasynyň baş müdiri Wýaçeslaw Korşun News.tut.by neşrine interwýu berip, “Türkmenistan bilen dawada özümiziň dogrudygymyza doly ynanýarys” diýdi.

Öňümizdäki aý Aşgabatda geçirilmegi planlaşdyrylýan türkmen-belarus duşuşyklarynda bu meseläniň maslahat edilip-edilmejekdigi häzirlikçe aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistan we Belarus Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy boýunça özara ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmezliginde bir-birini ençeme ýyl bäri aýyplap gelýärler.

Bu iki ýurduň arasyndaky iň uly proýekt bolup, Türkmenistan bu desganyň bahasynyň 1 milliard amerikan dollaryna barabardygyny aýdýar.

Lebap welaýatynda ýerleşýän bu kombinat 2017-nji ýylyň 31-nji martynda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi.

Türkmenistanyň hökümetiniň planlaryna görä, Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi bilen ýurt ýylda 1,4 million tonna kaliý önümlerini öndürip, “dünýäde kaliý eksport edijileriň sanawynda ilkinji pozisiýalaryň birine” çykmalydy.

Emma desganyň ulanylyşa berilmeginiň birinji ýylynda ondan planlaşdyrylan kuwwatynyň diňe 7% derejesinde peýdalanylýandygy barada habarlar peýda bolupdy.

Türkmenistan Belarusdan ýük awtomobillerini, ýörite maksatly ulaglary, traktorlary, ýol gurluşygyna niýetlenen tehnikalary, medikamentleri, agajy gaýtadan işleýän we oba hojalygyna degişli tehnikalary satyn alýar.

“Trend” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2018-nji ýylda $32,2 milliona, 2017-nji ýylda $65,0 milliona barabar boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.