Hususy taksilere jerime salynýan mahaly, döwlet taksileriniň nyrhy azyndan üç esse gymmatlady

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň polisiýa işgärleriniň hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjileri saklap, olara jerime salmak çäresi güýçli depginde dowam edýär. Bu çäräniň fonunda, döwlet taksileriniň bahasy telim esse gymmatlady.

“Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bazarlaryň we uly söwda merkezleriniň golaýynda nobatçylyk çekýärler. Olar bu ýerden çykýan eli uly paketli, haltaly adamlara gözegçilik edip, olaryň hususy ulagamy ýa-da hususy taksä münýändigini barlaýarlar. Adamlar hususy taksileri saklanda, olar gaty begenýärler” diýip, 19-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri gürrüň berdi.

Habarçy “birinji sapar tutulan hususy taksi sürüjilerine 500 manat, ikinji gezek saklanylan ulag sürüjilerine 1000 manada çenli pul jerimesiniň salynýandygyny” hem belledi.

Aýdylmagyna görä, PÝGG-niň işgärleri ýoluň gyrasynda durup, hususy taksilere münmäge synanyşýan ýolagçylary hem saklaýarlar. Polisiýa işgärleri ýolagçylara “ýurduň hususy taksilere münmegi gadagan edýän kanuny bozandyklaryny” aýdyp, olardan para almaga synanyşýarlar.

Azatlygyň habarçysy paýtagtda hususy ulagynda kireý edýän sürüjilere gözegçiligiň güýçlenmeginiň fonunda, döwlet eýeçiligindäki taksileriň bahasynyň öňküsinden 3-4 esse gymmatlandygyna hem ünsi çekýär.

Degişli maglumat Aşgabatda hususy taksileri tapmak, resmi taksileri çagyrmak kyn.Nädip gatnamaly?

“Döwlet eýeçiligindäki taksilerde şäheriň islendik böleginden, hususan-da merkezi böleklerinden aeroporta gitjek bolsaň, 80 manat töleg talap edilýär. Öň bu nyrh 20 manada barabardy” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň ýene biri döwlet eýeçiligindäki taksileriň şäherde emele gelen transport ýetmezçiliginden peýdalanýandygyny aýtdy.

“Taksä talap ýokary, ýöne taksi az. Şu sebäpden döwlet taksileri indi ulaga diňe bir adrese gitjek müşderini ýa-da müşderileri alanok. Olar ýoluň ugrunda duran we dürli adrese gitjek dört müşderini alýar. Olar müşderileriň arasynda tölegi bölmän, olaryň her birinden aýry töleg alýar. Şeýle-de, olar taksometrleri işletmeýärler. Özleriçe nyrh kesýärler. Gözegçilik ýok. Durşuna eden-etdilik” diýip, habarçy belledi.

Belläp geçsek, mundan ozal hususy taksiler bir bada birnäçe ugra gitjek müşderileri alýan hem bolsa, döwlet eýeçiligindäki taksiler bir bada diňe bir adrese gitjek müşderileri kabul edýärdi.

“Bilşimiz ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilen wagty welaýat belgili ulaglara jerime salnyp, şäherden çykarylypdy. Şu wagta çenli paýtagtda diňe Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň raýatlary özleriniň hususy awtoulagynda kireý edip bilýärdi. Indi olary-da çöreginden kesdiler” diýip, habarçy aýdýar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan we özüni Sähet aga diýip tanyşdyran paýtagtyň ýaşaýjysy “adamlar indi ulaglaryny sataýmasalar, güzeran aýlamak gün-günden kynlaşyp barýar” diýdi.

Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere edilýän gözegçilikler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlenip başlandy.

Şonda prezident “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny” belledi.

Türkmenistandaky hususy taksi problemasy we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada türkmen häkimiýetleri resmi metbugatda çykyş etmän gelýärler. Bu hakda döwlet mediasynda hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.