Ene-atasy Türkiýede işleýän çagalaryň dogan-garyndaşlaryndan dilhaty alynýar

Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda ene-atasy Türkiýede işleýän çagalaryň dogan-garyndaşlaryndan dilhaty alynýar. Onda çaganyň hossarlaryndan onuň özleriniň gözegçiligindedigini we haýsydyr bir hadysa bolan ýagdaýynda, jogapkärçiligi öz boýnuna alýandyklaryny tassyklap, gol goýmak talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň gündogar welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, çagalaryň dogan-garyndaşlaryndan bu dilhatyny mekdep ýolbaşçylary ýa-da mugallymlary, şeýle-de çagalar baglarynyň ýolbaşçylary ýa-da terbiýeçileri alýarlar.

17-nji aprelde Azatlyk Radiosyna gelip gowşan dilhatyň nusgasynda oňa gol goýan raýat çaganyň ejesi ýa-da kakasy Türkiýe döwletine gidenligi sebäpli ony öz gözegçiliginde alyp galandygyny tassyklaýar.

“Onuň tebigy betbagtçylyklara uçramazlygyna, jenaýata we beýleki tertip-düzgün bozulmalaryna baş goşmazlygyna, öz janyna kast etmezligine, bellenilmedik ýerlere suwa düşmezligine, gijelerine bimaksat öýden gitmezligine gözegçilik etmekligi doly öz boýnuma alýaryn” diýip, çaganyň dogan-garyndaşy häkimiýetler tarapyndan öňünden taýýarlanan bu dilhata gol goýmaga mejbur bolýar.

Ene-atasy Türkiýe döwletine giden çagalaryň hossarlaryna özlerinden näme sebäpden şeýle dilhata gol goýmagyň talap edilýändigi barada resmi düşündiriş berilmeýär. Bu barada resmi metbugatda hem hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan käbir ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimiýetler bu çäräni öz boýnundan jogapkärçiligi atmak üçin amala aşyrýarlar. Beýleki bir tarapdan-da, olar bu dilhatyň üsti bilen, çagany öz gözegçiliginde alyp galan raýatlara jogapkärçiligi has berk duýdurmak isleýärler.

Degişli maglumat Häkimiýetler ‘geçirimlilik’ wadalaryny gaýtalaýar, migrantlary ýurda dolamak çäreleri dowam edýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýandygyny, iş tapmagyň, güzeran aýlamagyň kynlaşandygyny aýdyp, eklenç gözleginde barha köp türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidýändigini Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we daşary ýurtlardaky türkmen migrantlary aýdýarlar. Türkiýe şol ýurtlaryň arasynda başdaky orunlary çekýär.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri daşary döwletlere işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany, işsizligiň derejesi baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýärler.

Emma häzirki wagt ene-atasy Türkiýe döwletine giden çagalaryň hossarlaryndan talap edilýän dilhaty, türkmen häkimiýetleriniň Türkiýä gidýän türkmenistanlylaryň sanynyň ünsden düşürerden az däldigini gytaklaýyn hem bolsa tassyklaýandygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň çar künjeginde daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryny ýurda dolamak boýunça hem wagtal-wagtal çäre geçirýärler.

Türkmen häkimiýetleri “köne pasportly” raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi wada berip, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýarlar.

Şeýle çäreleriň iň soňkusy geçen ýylyň iýun aýynda geçirilip, şonda maşgala agzasy daşary ýurtda migrant bolup, özi döwlet edarasynda işleýän býujet işgärlerine işden kowmak haýbatynyň atylýandygy, eger-de maşgalanyň daşary ýurtdaky agzasy ýurda dolanmasa munuň netijeleriniň agyr boljakdygynyň olara duýdurylýandygy hem habar berildi.

Geçen ýylyň maýynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan lebaply we maryly ýaşaýjylar ýerli häkimiýetleriň ene-atasy ýa-da olardan biri daşary döwletde bolan çagalara daşary ýurt pasportuny bermän başlandygyny gürrüň beripdiler. Daşary ýurt pasportuny almak isleýän çagalara ene-atalarynyň hökman yzyna dolanmalydygy we resmiler bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, dilhaty bermelidigi duýdurylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.