Orsýetlileriň arasynda Staliniň meşhurlygy ýokarlanýar

Staliniň býusyny tämizleýän meýletinçi. Moskwa, 13-nji aprel, 2019.

Pikir soramalarynyň netijelerine görä, orsýetlileriň arasynda geçen ýyl Iosif Staline bolan hormat birden üzül-kesil ýokary galdy we azyndan 2001-nji ýyldan bäri iň ýokary derejelerine baryp ýetdi.

Bu ýagdaý prezident Wladimir Putiniň hökümetiniň öz ýurdunda millionlarça raýatyň ölüminde günälenen sowet liderini aklamak ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi.

Pikiri soralan orsýetlileriň jemi 70 prosenti Stalin “biziň ýurdumyzyň durmuşynda” doly oňyn ýa-da degişlilikde oňyn rol oýnady diýip jogap berdi. Garaşsyz Lewada merkeziniň 16-njy aprelde çap eden netijelerine görä, bu görkeziji 2016-njy ýylda 54 prosent bolupdy.

2016-njy ýyldaky 30 prosent bilen deňeşdirilende, pikiri soralanlaryň diňe 19 prosenti Stalin degişlilikde tersin ýa-da kesgin tersin rol oýnady diýip jogap berdi.

Aýratynlykda berlen soraglara jogap berip, pikiri soralanlaryň ýarpydan gowragy, 51%, özleriniň Stalin barada oňyn şahsy pikiriniň bardygyny aýtdy.

Orsýetde ýeke-täk garaşsyz pikir soraýyjy bolan Lewada 21-27-nji martda ýurt boýunça 1,600 uly adamyň pikirini sorady we ol Staliniň meşhurlygynyň soňky ýyllarda barha ýokary galýandygyny görkezýän birnäçe görkezijiniň diňe biri bolup durýar.

'Adam pidalary' we 'Beýik maksatlar'

“Sowet halkynyň Stalin zamanasynda çeken adam pidalary” “beýik maksatlar we gysga döwür içinde gazanylan netijeler” bilen aklanylyp bilermi diýlip soralanda, jogap berenleriň jemi 46 prosenti olar doly aklandy ýa-da belli bir derejede aklandy diýip jogap berdi,iki ýyl ozal geçirilen pikir soramalarda bu jogaby berenler 36 prosent bolupdy.

Pikir aýdanlaryň 45 prosenti olaryň aklanylyp bilinmejekdigini aýtdy, 2017-nji ýylda beýle jogap berenler 49% bolupdy.

Taryhçylar we Kreml tankytçylary Putuniň prezident ýa premýer-ministr hökmünde 1999-njy ýyldan bäri dowam edýän dolandyryşy astynda, häkimiýetleriň Staliniň eden jenaýatlarynyň ähmiýetini peseltmäge çalşandygyny aýdýarlar.

Putin käte-käte Stalini tankyt etse-de, azyndan bir gezek ol diktatory “netijeli dolandyryjy” hökmünde öwdi we 2017-nji ýylyň iýunynda Stalini “aşa mojuklaşdyrmak” Sowet Soýuzyna we Orsýete hüjüm etmegiň bir ususy” diýdi.

1930-njy ýyllaryň stalinçilik terrory mahalynda ýüzlerçe müň adam gyssanmaç öldürdildi we onuň dolandyryşy astynda millionlarça adam aýylganç şertlerdäki türmelerde agyr jebir-sütemlere sezewar edildi.

Stalin 1953-nji ýylda ýogalanyndan soň, şol wagtky sowet lideri Nikita Hruşew onuň şahsyýet kultuny we jenaýatlaryny ýazgaryp çykyş etdi, bu jenaýatlar 1980-nji ýyllaryň aýagyndaky aç-açanlyk döwründen bäri we 1991-nji ýylda sowet hökümeti synandan soň has anyk we giň gerimde dokumentleşdirildi.

2017-nji ýylyň oktýabrynda, Moskwadaky Hasrat diwarynyň açylyş dabarasynda Putin sowet döwründäki hökümet basyşlarynyň “aýylganç geçmişiniň” unudylyp hem aklanylyp bilinmejekdigini aýtdy.

Emma ol geçen ýyl ol ýerdäki ýyllyk çärä gatnaşmady we Syýasy repressiýalaryň pidalarynyň ýatlama gününde hiç bir beýanat etmedi.

“Memorial” hukuk toparyny esaslandyryjylaryň biri bolan we 2017-nji ýylyň dekabrynda aradan çykan aktiwist Arseniý Roginskiý häkimiýetleri öz ýolbaşçylyk eden guramasynyň çyr-çytyr dokumentleşdirmäge çalşan stalinçilik sütemlerini adamlaryň ýadyndan çykartmaga synanyşmakda aýyplady.