Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, gurlup gutarylan desgalaryň käbiriniň, öz sözleri bilen aýdylanda, “hasapdan hasaba geçirilmän, eýesiz durýandygyny” boýun aldy.
Desgalaryň eýesiz durandygy baradaky gürrüň Gökdepede täze şäheriň, Aşgabatda 23 sany 9 gat jaýyň, Çoganlyda ýene bir ak öýüň we onlarça boş durjak binanyň gurulmagyna karar berilýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ýerli synçylar ýurtda gurulýan uly-uly binalaryň, şol sanda ministrlikleriň aşa uly gurlan edara jaýlarynyň, kongres zallarynyň, Ak öýleriň, sport desaglarynyň, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bir toparynyň köplenç boş durýandygyny öňräkden bäri aýdyp gelýärler.
Emma prezident wise-premýer, hökümet başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy boýunça orunbasary Dädebaý Amangeldiýewi wezipesinden boşatmagynyň we mejlis zalyndan “siz gidip bilersiňiz” diýip çykarmagynyň anyk sebäplerini aýtmazlyk bilen, ony gurulýan wagtynda hem ykdysady manysy sorag astyna salynýan desgalaryň eýesiz durmagynda açyk günälemekden saklandy.
Degişli maglumat Prezident Ahal welaýatynda ady näbelli täze şäheriň düýbüni tutdy, oňa sarp ediljek serişdeler nämälimŞol bir wagtda, Amangeldiýewiň awtoulag ýollary boýunça tejribeli hünärmendigi, onuň Türkmenbaşy-Gazagystan awtoulag ýolunyň gurluşygynyň ýolbaşçylygyna bellenilendigi habar berilýär.
Wezipeden boşadylan wise-premýeriň ornuna energetika ministri Çarymyrat Pürçekow bellenildi. Ýöne täze wise-premýer özüniň täze wezipede nähili işlejegini aýdanda, ýurtda ýüz millionlarça dollara gurulýan gurluşyklar, olaryň ykdysady ösüşe peýdasy ýa zyýany meselesinde nähilidir bir seljermeleriň bolajkdygyny agzamady.
Giňişleýin mejlisden “gidiberiň” çykarylan diňe Amangeldiýew bolmady. Berdimuhamedow, wise-premýerden tapawutlylykda, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewi wezipesinden “işde goýberen kemçilikleri üçin” boşadýandygyny göni aýtdy we “Siz gidiberiň” diýip, onuň mejlis binasyndan çykmalydygyny bildirdi.
Bu konserne täze bellenen başlygyň, ozalky orunbasar Japarguly Orazowyň öňünde “maýa goýumlaryny çekmek arkaly nebit çykarmagy artdyrmak” wezipesi goýuldy.
Türkmenistanyň energetika-ýangyç we gurluşyk pudaklarynda, global nebit bahalarynyň arzanlamagyna, ikinji tarapdan Aşgabadyň Orsýet, Eýran ýaly iri alyjylaryny ýitirmegine, soňky on ýylda gurlan milliardlarça dollarlyk desgalaryň emçemesiniň özüni ödemekden we girdeji bermekden geçen, ykdysadyýete ýük bolmagyna, olaryň bir toparynyň TSTB-niň ygtyýaryna geçirilmegine garamazdan, Berdimuhamedow ýurduň ykdysady ýagdaýynyň gowudygy baradaky sözlerini gaýtalady, jemi içerki önüm ösüşiniň 6,2% derejesinde saklanylýandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, prezident oba hojalygynda ýagdaýlaryň gowy däldigini ýene bir gezek boýun aldy we bu meseläni mundan öňki ýyllarda ulanan çäresi, resmilere ýene bir käýinç we soňky duýduryş bermek bilen çözmäge çalyşdy. Netijede, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlerine käýinç, soňky duýduryş berildi.
Degişli maglumat HORMATLY ARKADAG: Garagum kanalyny gyrmança basýar, zeýkanallar gazylman, ýerleri şor alýarŞol bir wagtda prezident ýurtdaky suw ýetmezçiligi, Garagum derýasynyň we beýleki iri suw desgalarynyň netijeli ulanylmaýandygy, ýerleriň şorladylmagynyň dowam edýändigi, zeýkeşleriň gazylmaýandygy, pagtaçylykda we beýleki oba hojalyk işlerinde onlarça ýyllap ulanylan mejbury zähmetiň adamlary daşary ýurtlardan iş gözlemäge iterýändigi barada ýerli synçylaryň we bilermenleriň aýdýan delillerini agzaman, daýhançylyk, önüm öndürmek üçin ähli şertleriň döredilendigi baradaky sözlerini gaýtalady.
Prezident Berdimuhamedowyň gurlup ulanylmaýan, eýesiz duran desgalar bardaky tankydy ýerli synçy, şu aýyň başynda Balkan welaýatynda pajygaly ýagdaýda ýogalan tanymal žurnalist Amanmyrat Bugaýewiň Azatlyk radiosy bilen 2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde eden söhbetdeşliginde, bir ýyl ozal aýdan sözlerini ýatladyýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar