Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasy bilen sylaglandy diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Bu sylag Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlan güni, ýagny 10-njy aprelde gowşuryldy.
Türkmenistanyň hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan guralan we iki gün dowam eden maslahata daşary ýurt hünärmenleri, ýokary derejeli bilermenler, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlaryndan lukmançylyk hem-de ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Türkmenistana bu ýokary sylag biziň döwletimiziň ýokanç däl keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde güýçli we yzygiderli öňdeliginiň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde gowşuryldy” diýlip, remi habarda bellenilýär.
TDH-nyň maglumatynda Türkmenistanyň ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna çynlakaý çemeleşýändigi hem-de birnäçe ulgamlarda, şol sanda alkogola we temmäkä garşy göreşde uly üstünlikler gazanandygy aýdyldy.
Şeýle-de, “alkogolly içgilere gözegçilik etmek ulgamynda alkogol önümleriniň göni we gytaklaýyn mahabatlandyrylmagyny gadagan edýän hem-de alkogol önümlerine salgyt salynmagyny hem öz içine alýan aýgytly syýasy çäreleriň kabul edilmegi ýurtda alkogolly içgileriň sarp edilişiniň düýpli peselmegine getirendigi” bellenildi.
“2013-nji ýylda Türkmenistanda temmäkä garşy göreş hakynda iň düýpli, giň gerimli kanunlaryň biri kabul edildi. Kanunda göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy uly ýaşly ilatyň arasynda çilimkeşligiň ýaýramagynyň tiz peselmegine — 2013-nji ýyldan bäri iki esse azalmagyna (2018-nji ýylda ilatyň diňe 3,4 göterimi çilim çekýärdi) getirdi. Munuň özi sebitiň ähli ýurtlarynyň arasynda iň pes görkezijidir” diýlip, maglumatda aýdylýar.
Degişli maglumat Aşgabat alkogoly jylawlaýar, synçylar gadaganlygyň korrupsiýany güýçlendirjegini çaklaýarlarTürkmenistanda çilim söwdasy 2016-njy ýylyň martynda doly döwlet monopoliýasyna geçirildi we şondan bäri ol döwlet dükanlarynda käte çäkli mukdarda satylýar, käte-de satuwdan aýrylýar. Bu bolsa, onuň hususy dükanlarda iki-üç esse bahasyndan satylyp, bikanun gazanç etmegiň tasdan açyk çeşmesine öwrüldi.
Çilimden öň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nas söwdasyna hem gadaganlyk girizdi.
Şu ýylyň başynda, Türkmenistanda alkogol söwdasyny üzül-kesil çäklendirjek täze kanun güýje girdi. 1-nji ýanwardan başlap, ýurtda alkogol içgilerini otlularda, uçarlarda, ýolagçy gämilerinde we sport desgalarynda, şeýle-de milli baýramçylyk günlerinde satmak düýpden gadagan edildi.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi alkogola we çilime garşy girizilen bu gadagançylyklaryň we gymmatçylyklaryň ýasama araklaryň we temmäki önümleriniň köpelmegine ýol açýandygyny we olaryň adam saglygyna wehim salýandygyny aýdýar.
“Temmäkä ýa-da alkogola bagly bolmak örän agyr kesel. Ýöne Türkmenistanda bulary öwrenen adamlary bejermek üçin döwlet programmasy ýok – diňe gadagançylyk bar. Şeýle programmany tapyp bolanok. Diňe propagandany we gadagançylygy görersiňiz. Hakykatda temmäkä ýa-da alkogola bagly adamlaryň her biri şeýle programmada hasaba alynmaly. Oňa bu programmanyň çäginde medisina gözegçiligi hem hödürlenmeli” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri aýtdy.
Galyberse-de, ol 2018-nji ýylda Türkmenistanda ilatyň diňe 3,4 göteriminiň çilim çekýändigi barada türkmen häkimiýetleriniň beren maglumatynyň hakykata gabat gelmeýändigini aýdyp, şeýle diýýär:
“Erkek ilatyň ortaça 30-40 prosenti çilim çekýär diýse bolar. Dogry, ýaşlaryň arasynda çilim çekýänler az, ýöne gartaşan nesil çilim çekýär hem-de örän köp çekýär. Şonuň üçin hökümetiň berýän sanlaryna ynanmak gaty kyn” diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty we ýurt resmileri saglyk pudagynda gurulýan täze binalary, şol sanda hassahanalary, saglyk öýlerini, şypahanalary, sport toplumlaryny mysal görkezip, ýurduň saglyk pudagynda belent sepgitleriň gazanylandygyny öňe sürýärler.
Beýleki tarapdan, ýurduň saglyk pudagynda zähmet çekýänleriň hünär derejesiniň gowşakdygyny aýdyp, köp sanly türkmenistanlynyň Türkiýe, Russiýa, Hindistan ýaly ýurtlara öz saglygyny bejertmäge gidýändigi barada Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmen raýatlary aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.