Bu barada centralasia.news internet neşiri finam.ru saýtyna salgylanyp habar berýär.
Maglumata görä, “Türkmengaz” döwlet konserniniň geçiriji satyn almak boýunça yglan eden tenderiniň ýeňijisi Çelýabinskiýniň turba öndüriji zawody boldy. Muňa laýyklykda rus kärhanasy TOPH trans milli taslamasynyň 214 kilometrlik bölegini umumy bahasy 219 million dollardan gowrak turba bilen üpjün eder.
Habarda aýdylmagyna görä, bu geleşigi maliýe taýdan Yslam ösüş banky (Islamic Development Bank) maliýeleşdirýär.
Türkmenistanyň rus kompaniýasy bilen aradaky turba söwdasy bilen bagly soraglar boýunça Azatlyk Radiosy Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere mikrofon uzatdy. Onuň sözlerine görä, “Türkmengazyň” rus kompaniýasyndan satyn alýan turbalarynyň taslamanyň haýsy bölegine niýetlenýändigi mälim däl:
“214 kilometrlik geçiriji anyk kim üçin? Ynha şu soragyň jogaby täsin. Bu Türkmenistan üçin köp ýaly, ýöne beýleki tarapdan geçirijiniň owgan bölegi üçin gaty az. Men düşünýärin, taslamany ýerine ýetirýän [türkmen tarapydyr], şonuň üçin zerur bolan geçiriji üpjünçiligi olaryň boýnunadyr. Taslamanyň owgan bölegi üçin zerur bolan geçirijiler bilen hem olar üpjün etmelidirler. Ýöne habarda satyn alynýan turbalaryň taslamanyň haýsy bölegine niýetlenendigi aýdylmaýar. Aýdyşym ýaly, taslamanyň owgan bölegi üçin bu ýeterlik däl. Bu turbalar nierelere çekiler? Kime niýetlenen? Bu meniň üçin aýdyň däl” diýip, Panniýer aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistan TOPH üçin Saud Arabystanyndan turba aldyMundan ozal, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan TOPH-a niýetläp Saud Arabystanyndan bahasy 40 million dollarlyk 35 kilometrden gowrak gaz geçiriji turbalaryny satyn alypdy. Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, şol turbalary “Saud ösüş gaznasy” maliýeleşdiripdi.
Russiýadan satyn alynýan turbalary, habardan mälim bolşuna görä, Yslam ösüş banky maliýeleşdirýär. Ekspertiň ynanjyna görä, iň bolmanda Yslam ösüş banky satyn alynýan turbalaryň taslamanyň haýsy bölegine niýetlenendigini aýdyňlaşdyryp bilerdi!
“Yslam ösüş bankynda [maliýeleşdirilýän] turbalaryň kime nämä niýetlenendiginiň hasabyny ýöredýänler bolaýmaly. Şolar turbalaryň taslamanyň haýsy bölegine niýetlenendigini, mysal üçin onuň belli bir böleginiň Türkmenistana, belli bir böleginiň Owganystana, ýa-da hemmesiniň Owganystana niýetlenýändigini aýdyp bilerdi. Eger-de olar [turbalaryň kime niýetlenýändigini] bilmeýän bolsalar, onda näme üçin oňa pul berýärler. 219 million köp pul” diýip, Panniýer aýtdy.
“Türkmengazyň” TOPH üiçn zerur bolan turbalary rus kompaniýasyndan satyn alýandygy baradaky habar Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleriň Türkmenistana eden saparynyň yzýanyna gabat gelýär.
Miller soňky sapar 27-nji martda Aşgabada sapar edip Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen energiýa pudagyndaky gatnaşyklary maslahat etdi.
Degişli maglumat Miller Aşgabatda 'energetika aragatnaşyk meselelerini' maslahat etdiPanniýeriň ynanjyna görä, Türkmenistanyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmeginiň Russiýanyň bähbitlerine dahyllylygy ýok, ýöne ony Trans-Hazar welin içgin gyzyklandyrýar:
“Gazprom üçin Trans-Hazaryň tamamlanmagyna derek, TOPH-yň tamamlanmagy elmydama-da onuň bähbidine bolup geldi. Pakistana we Hindistana gaz iberjek taslamada Russiýanyň bähbidi ýok, ýöne Türkmenistandan Ýewropa akjak gazy saklamak olaryň bähbidinedir. Russiýa öz gazynyň agramly bölegini Ýewropa satýar” diýip, Panniýer aýtdy.
“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow 2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Euronews habar kanalynda eden çykyşynda taslamanyň türkmen böleginiň tamamalandygyny aýdypdy.
Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan goňşy Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan öz gazyny häzirki wagtda diňe Hytaýa satyp bilýär. Russiýa 2016-njy ýylda, Eýran 2017-nji ýylda türkmen gazyndan ýüz öwürdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.