Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy paýtagtda aýallaryň ulag sürmegini çäklendirýän çäreleriň dowam edýändigini habar berýär.
1-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” websaýty Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen bir karikatura sergisi barada habar çap etdi. Maglumata görä, sergide türkmen hudožnigi Atajan Aşyrowyň döredijiligi diýilýän köpçülige ýetirilýär. Döwlet metbugatynda çap edilen ýedi karikaturanyň altysynyň mazmuny aýal-gyzlardan söz açýar.
Olaryň hataryndaky karikaturalaryň birinde türkmen milli köýneginde başy açyk rul başynda oturan bir aýal görkezilýär. Suratdaky sürüji aýalyň çep gulagynda “esasy ýol” belgili syrga bar, sag gulagynda bolsa “ägä boluň” ýol belgisi çekilen syrga bar. Karikaturada görkezilýän aýal döşüne “girmek gadagan – şu ugra ähli ulaglara girmek gadagan” ýol belgili gülýaka dakynypdyr.
Döwlet metbugaty ýakasy türkmen nagyşly sürüji zenanyň suraty çekilen karikaturany okyjylara ýetirýän wagty, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda zenan sürüjileriň ýolda gysylýandygyny habar berýär.
Onuň maglumatyna görä, soňky wagtlarda Aşgabatda hukuk goraýjy edaralarda işleýän aýallara diňe bir iş wagtynda däl, özbaşdak wagtlarynda-da ulag sürmek gadagan edildi. Ýatlasak, 17-nji martda Azatlygyň beýleki bir habarçysy zenan sürüjilerde özleriniň döwlet edara-kärhanalarynda işleýändigi barada güwänama bolan ýagdaýynda, olara ulag sürmäge rugsat berilýändigini habar beripdi.
“Edil öňňin meniň tanşymyň rul başyndaky 42 ýaşly garyndaşyny çatrykda saklap, sebäbini düşündirmezden sürüjilik şahadatnamasyny elinden aldylar we onuň deregine wagtlaýyn şahadatnama berdiler” diýip, habarçy 2-nji aprelde aýtdy.
Onuň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi häkimiýetleriň rul başyndaky aýallary ýolda saklamaga dowam edýändigini aýdýar.
Türkmen häkimiýetleriniň sürüji aýal-gyzlaryň ulag hereketine garşy edýän gysyşlary şu ýylyň fewral aýyndan başlap, has-da güýçlendi.
Degişli maglumat Hökümetde işleýän zenanlar ulag sürüp bilýär, galan aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýarTürkmenistanda “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky” kanuny zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna kepil geçmeli.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynda rul başynda döşüne “gadagan” ýol belgisini dakynan gülýakaly sürüji aýaly görkezýän karikaturanyň çap edilmegi, ýurtda häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň ulag sürmegini çäklendirýän wagtyna gabat gelýär.
Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýinde bolan sergide tomaşaçylara hödürlenen eserlerde aýal-gyzlary görkezýän başga-da karikaturalar bar. Mysal üçin, olaryň birinde boýnuna we gulaklaryna gysdyrgyç dakynan bir aýal görkezliýär, ýene birinde adamsyny elinde göterýän başga bir aýal görkezilýär.
Degişli maglumat Aşgabatda zenan sürüjileriň ‘gollary baglanýar’, garamtyl reňkli ulaglar boýunça gadagançylyk güýçlenýär“Geçmek gadagan” ýol belgili gülýaka dakynan aýal çekilen karikatura makalanyň iň esasy böleginde çap edilipdir.
Döwlet metbugatyndan çen tutsaň, sergä gatnaşan sungatyň muşdaklary bu karikaturalary görüp gülmäni saklanyp bilmendirler. “Atajan Aşyrowyň inçe ýumor filosofiýasy bar” diýip, resmi habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki internet neşirleri bu golaýda ilkinji gezek karikatura çap edýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan birnäçe türkmen zenany bu karikaturalara özleriniň “aýal-gyzlary ýaňsa almak” diýip düşünýändiklerini aýtdylar; olar häkimiýetleriň zenan sürüjileri gysmagyny “diskriminasiýa” diýip düşündirdiler.
Sözi jemläp aýtsak, döwlet emeldarlary aýal-gyzlaryň ulag hereketleriniň çäklendirilýändigi barada döwletiň media serişdelerinde çykyş etmeýär.