Berdimuhamedow: Täze şäherçäniň gurluşygynda birmeňzeşlikden we birsydyrgynlykdan gaça durmaly

Türkmenistanda täze salnan birmeňzeş jaýlar. Illýustrasiýa suraty

25-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş jaý tolpumynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar gullugy (TDH) habar berýär.

Çoganlyda geçirilen tanyşlyk çäresine wise-premýerler, güýç edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabadyň häkimi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, talyplary we beýleki käbir resmiler gatnaşdyryldy.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, prezident Çoganlyda gurlan kottej jaýlaryň häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, munuň bilen baglylykda wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe hem-de paýtagtyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe nägilelik bildiripdir.

Ýöne döwlet metbugaty prezidentiň gurlan jaýlarda binägärligiň haýsy häzirki zaman talaplarynyň kanagatlandyrylmandygyndan nägile bolandygyny aýdyňlaşdyrmaýar.

Habarda aýdylmagyna görä, Çoganlynyň gurluşyk taslamalary boýunça prezidentiň dykgatyna birwagtda 5 teklip hödürlenipdir, prezident olaryň her haýsysyny aýratynlykda gözden geçirip, öz belliklerini aýdypdyr.

Göz öňünde tutulýan gurluşyk taslamalary ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, medeni-dynç alyş desgalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, bank şahamçalarynyň we beýleki käbir binalaryň gurluşyklaryny öz içine alýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedow basgançak tutawaçlarynyň berk bolmalydygyny aýdýar

Bu gurluşyklara ediljek maliýe çykdajylarynyň möçberi we çeşmesi döwlet metbugatynda agzalmaýar.

Prezident guruljak täze jaýlarda elektrik we suw üpjünçilik, lagym hem-de suw akdyryş ulgamlarynyň gurluşygyna ilkinji nobatda ähmiýet berilmelidigini belläpdir.

Şeýle-de prezident täze şäherçäniň gurluşygynda” birsydyrgynlykdan we birmeňzeşlikden” gaça durulmalydygyny aýdypdyr.

Prezidentiň göz öňünde tutuýan “birsydyrgynlyk we birmeňzeşlik” konsepsiýalarynyň anyk nämelerden ybaratdygy mälim däl, ýöne, ýeri gelende aýdylsa, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat “birsydyrgyn we birmeňzeş” ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Ýatlasak, mundan ozal Türkmenistanda häkimiýetler Çoganlyda ilat tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlaryny birnäçe ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn ýykmak işleri bilen meşgul boldular.

Degişli maglumat Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, prezident Aşgabatda täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Çoganlyda döwletiň guramaçylygynda jaýlary ýykylan hojalyklaryň jaýlarynyň öweziniň dolunandygy ýa-da däldigi barada Türkmenistanyň resmi köpçülikleýin habar serişdelerinde maglumat berilmedi.

Mundan ozal, 23-nji fewralda-da prezident Berdimuhamedow Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyş bolupdy.

Berdimuhamedow Çoganlynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşmagyň yzýany, Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Prezident bu merkeze BMW kysymly sport ulagyny sowgat berdi. Merkeziň işgärleri prezidentiň sowgat beren ulagyna, yrymlara eýerip, un sepdiler, ýüzärlik tütetdiler, ulagyň ruluna alaja dakdylar.

Prezident Berdimuhamedow ulagda dirft bilen meşgullandy. Ýatlasak, döwlet baştutany iň soňky sapar, 1 aý golaý wagt mundan ozal, 23-nji fewralda dirft bilen meşgullanypdy.