Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna sil geldi

Eýranyň Şiraz şäheri

Eýranyň Gülistan, Mazandaran ýaly demirgazyk welaýatlaryny sil suwy basdy. Bu welaýatlarda türkmenler köpçülikleýin ýaşaýarlar.

Eýranyň Türkmenistan bilen serhetdeş Gülistan welaýatynyň Akgala şäheriniň häkimi Amangeldi Zamiriň sözlerine görä, şähere sil suwunyň gelenine indi bäş gün bolandygyna garamazdan, Akgala şäherindäki we onuň 37 obasyndaky ýagdaýlar ýaramaz bolmagynda galýar.

Zamiriň 25-nji martda ISNA habar agentligine beren maglumatyna görä, Akgalanyň etrapçalarynda sil suwunyň beýikligi bir we bir ýarym metr aralygynda saklanyp galýar.

“Akgala şäheri bäş bölege bölünýär. Her bölege ýerli gulluklaryň 10 işgäri bellenildi. Olar ilata azyk önümlerini paýlamak we ýardam bermek işlerini amala aşyrýarlar. Bu zatlary paýlamak işleri obalarda hem amala aşyrylýar” diýip, Zamir aýty.

Eýranyň demirgazygyna sil geldi

Gülistan we Mazandaran welaýatlarynda siliň gelmegi dowam edýän mahaly, sil suwy Gürgen aeroportuna hem baryp ýetdi. Şeýle-de, siliň gelmegi bilen bagly Eýranyň alty welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

24-nji martda Gülistan welaýatynyň häkimi Mirhammad Garawi Akgalanyň üçden iki böleginiň suwuň aşagynda galandygyny, bu şähere barýan ýollary hem sil suwunyň gabap alandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol şäheriň çetindäki ençeme obada agyz suwunyň elýeterli däldigini aýdyp, olara howadan ýardam bermek işleriniň dowam edýändigini belledi.

Belläp geçsek, goňşy Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna siliň gelmegi, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwunyň basan mahalyna gabat geldi.

Mart aýynyň 18-den 19-na geçen gije güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabyna sil geldi. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, etrapda sil suwunyň netijelerini arassalamak işleri belli bir derejede alnyp barylsa-da, tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken ýaşaýjylara heniz hem kömek berilmeýär.