Balkan welaýatynyň Bereket etrabyna güýçli sil suwunyň gelenine şu gün bir hepde boldy. Etrapda sil suwunyň netijelerini arassalamak işleri belli bir derejede alnyp barylsa-da, tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken ýaşaýjylara heniz hem kömek berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän habarçysy gürrüň berdi.
“Etrapda sil suwy bilen bagly adam pidalary bolmandyr. Ýöne hususy eýeçilikdäki mal-garasy bilen ýazlaga çykan çarwadarlaryň goýun-geçisi, oglak-guzusy silde akypdyr. Olaryň anyk sany belli däl. Ýöne ýaşaýjylar olaryň sanynyň 1000-den geçýändigini çaklaýarlar. Demirýol gatnawy ýük otlulary üçin açyldy, ýöne ýolagçy otlulary üçin heniz hem ýapyk bolup galýar” diýip, habarçy 25-nji martda gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, Bereket etrabynyň demirýoldan gündogar bölegindäki esasy köçeleri läbikden, palçykdan arassalamak işleri şu gün hem dowam edýär. Ýöne tehnikanyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli bu iş haýal alnyp barylýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Şäheriň sil suwundan esasy ejir çeken bölegine – demirgazygyna – häzir awtoulaglar hem-de pyýadalar geçip bilenok. Sebäbi bu ýerde hiç iş edilenok. Sil suwunyň tebigy ýagdaýda ýere siňmegine, läbik palçygyň guramagyna garaşýarlar. Ýöne adamlar ol ýerde ýokanç keselleriň hem döremeginden howatyr edýärler. Sebäbi jaýlarda, köçelerde 70 santimetr galyňlykda palçyk ýatyr. Häzir şäheriň sil suwundan ejir çeken böleginde ýekeje edara-gurama-da işlänok, ýekeje ýaşaýjy-da ýaşanok” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Habarçy Bereket şäherindäki mekdeplere göçürilip eltilen maşgalalaryň bu ýeri terk edip, öz tanyş-bilişleriniň öýlerine ýerleşendigini hem belledi.
Onuň sözlerine, şäheriň demirgazyk böleginde ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýeten adamlar köpçülikleýin üýşüp, Bereket etrabynyň häkiminiň ýanyna baryp, kömek sorapdyrlar. Ýöne etrap häkimi olara “göwünlik hem bermän, ýüzlerini alyp goýberipdir”.
“Sizden bize kömek boljak dälmi? diýip soradyk. Ol bize “hökümetiň näçeläp jaýy çökdi. Çagalar bagyna, mekdebe, häkimligiň jaýyna, keselhana zyýan ýetdi. Biziň borjumyz şolary bejermekden ybarat. Size belkem köşk salyp bermelidir?” diýip, ýüzümizi alyp goýberdi” diýip, bereketli ýaşaýjylaryň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Bereket şäherindäki bäbek dogurýan keselhananyň hem işlemeýändigi sebäpli häzirki wagt göwreli gelinler Serdar, Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerindäki Ene mähri merkezlerine ýerleşmäge synanyşýarlar.
“Gynandyryjy ýeri, welaýat häkimligi ýa-da welaýatyň saglygy saklaýyş bölümi bereketli göwreli zenanlary welaýatyň beýleki Ene mähri merkezlerine kabul etmek hakynda hiç hili görkezme bermändir. Netijede, göwreli zenanlaryň dogan-garyndaşlary para berip, olary Ene mähri merkezlerine ýerleşdirmäge synanyşýarlar” diýip, habarçy ýerli ilata salgylanyp belledi.
Galyberse-de, ol Bereket şäherindäki keselhanadan köne hassahana göçürilen agyr keselli näsaglary bejermäge mümkinçiligiň ýokdugy üçin olaryň belli bir böleginiň Serdar şäheriniň, galan böleginiň Balkanabat şäheriniň keselhanalaryna alnyp gidilendigini hem aýtdy. Ýöne ol bu işiň hökümet komissiýasy tarapyndan guramaçylykly ýola goýulman, keselleriň hossarlarynyň aladasy esasynda amal edilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Gum ýakasyndaky Gaplaňly, Götin we Ok obalaryna hem-de Uzboýuň ugrundaky Ýylgynly, Jamal we Burgun obalaryna hökümet komissiýasynyň adamlary heniz hem barmady. Bu obalardaky ýeke-täk aragatnaşyk serişdesi “Altyn Asyr” mobil telefonlary heniz hem işlemeýär. Awtoulagly hem baryp bolmaýar” diýip, habarçy aýtdy.
Aýdylmagyna görä, sil suwunyň netijesinde Bereket etrabyndaky çörek bişirýän kärhana hem belli bir derejede zeper ýetipdir. Häzirki wagt bu ýerde öndürilýän çöregiň şäher ilatyna doly ýetmeýändigi sebäpli, bu ýagdaýdan “peýdalanýan söwdegärler” hem peýda boldy.
“Käbir alyp-satarlar Serdar etrabynyň ýa-da Balkanabat şäheriniň çörek kärhanalarynda bişirilen çörekleri Bereket şäherine getirip, döwlet dükanlarynda 60 teňňeden satylýan çöregi 1 manat 50 teňňeden ýa-da 2 manatdan satýarlar. Döwlet dükanlarynda çörek ýeterlik derejede ýokdugy sebäpli şäher ilaty-da nalaç şony almaly bolýar” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Balkandaky beýleki bir habarçysy siliň gelmegi netijesinde welaýatyň Serdar etrabynyň ekin meýdanlaryna hem agyr zeper ýetendigini aýdýar. Şeýle-de, ol Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyna gatnaýan otludaky ýolagçylaryň Serdar şäherinde otludan düşürilýändigini we awtobus bilen Türkmenbaşy şäherine alnyp gidilýändigini hem belledi.
21-nji martda Türkmenistanyň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Sarahs şäherinde güýçli tüweleýiň bolandygyny, “Türkmen.news” neşiri öz ýurt içindäki söhbetdeşlerine salgylanyp, 22-nji martda habar beripdi.
Ýatlatsak, mart aýynyň 18-den 19-na geçen gije güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy.
Bu wakanyň yzýany, 20-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş we onuň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan etdi.
Bu soňky ýyllarda döwlet baştutanynyň ýa-da türkmen resmileriniň ýurtda tebigy betbagtçylygyň bolandygyny tassyklamagy bilen bagly ilkinji wakadyr. Ýöne Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýurda sil suwunyň gelendigi döwlet baştutany derejesinde tassyklansa-da, onuň nirä gelendigi, näderejede zyýan ýetirendigi barada kelam agyz söz aýdylmady.
Geçen ýylyň maýynda güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Aşgabat şäherini sil suwy basypdy. Şuňa meňzeş ýagdaý 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ahal we Balkan welaýatlarynda hem gaýtalanypdy. Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat bu tebigy betbagtçylyklaryň ikisinde hem dymypdy.