Türkmenistanda 21-22-nji martda Nowruz baýramy bellenilýär. Bu günler resmi taýdan dynç günleri diýlip yglan edilse-de, 21-nji martda Aşgabatda we onuň töwereginde edara-kärhanalaryň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýowara çykmaly edildi.
“Şu gün paýtagtda we onuň golaý-goltumynda ýarym-bir sagat arakesme bilen, 15-20 minut ýagşyň ýagýandygyna garamazdan, irden sagat 8-den tä 13:00-a çenli mugallymlar, lukmanlar we beýleki pudaklaryň işgärleri agaç nahallaryny oturtmak we köçeleri arassalamak çärelerine gatnaşmaga mejbur boldular. Olar öz işleýän edara-kärhanalarynyň howlularynyň içini we onuň golaýyndaky köçeleri tertibe saldylar. Baglaryň düýplerini arassalap, ýumşatdylar” diýip, anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçy 21-nji martda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabatda duýdansyz ýowar geçirildiOnuň sözlerine görä, uly howlusy bolmadyk edara-kärhanalara Aşgabat şäheriniň dürli köçeleri paýlanyp berildi. Bu edara-kärhanalaryň işgärleri köçeleri, aýratyn-da protokol köçeleri “edil öý süpüren ýaly edip, juda arassaladylar”. Gurap oturan baglaryň käbirini kesip aýyrdylar, käbiriniň şahalaryny çapdylar.
Edara-kärhanalaryň käbir işgärleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda ýerleşýän ortaça 130 kilometr uzynlykdaky asfalt ýoluň gyrasyna agaç nahallaryny oturtdylar. Bu çäräniň öňümizdäki günlerde hem dowam etdiriljekdigini, býujet işgärleriniň ençemesi belleýär.
Habarçy ýurtda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça geçirilýän ählihalk ýowaryna gatnaşýanlaryň arasynda ýaş çagaly gelinleriň hem bardygyna ünsi çekip, olaryň hem ýowara gatnaşamaga mejbur edilendiklerini aýdýar.
“Käbir çagaly gelinler 21-22-nji martda çagalar baglarynyň işlemeýändigini aýdyp, edara ýolbaşçylaryndan şu günlerde çagasyna seretmek üçin öýde galmagy sorapdyrlar. Ýöne olara-da “Beýle ýagdaý bolmaz” diýip jogap beripdirler” diýip, habarçy belledi.
Şol bir wagtda, habarçy ýagyş ýagýandygyna garamazdan, Ak bugdaý etrabyndaky Ak öýüň golaýynda Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleriniň şu gün hem dowam edendigini, ýöne onuň gysgaldylan görnüşinde amala aşyrylandygyny aýtdy.
22-nji martda Nowruz ýaýlasynda geçiriljek dabara bilen baglylykda, Aşgabatdan Ak bugdaý etrabyna çykylýan territoriýalarda, şol sanda 6-njy, 11-nji mikroraýonlarda, Hitrowka, Arzuw pasýoloklarynda we demirýol wokzalynyň töwereklerinde gözegçilik güýçlendirildi.
“Bu etrapçalarda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri köçeleriň goýmasyz ýerinde goýlan awtoulaglary doly diýen ýaly aýryp, arassaladylar. Şeýle-de, ýokary harby okuw jaýlarynyň kursantlary, beýleki ýokary gulluklaryň işgärleri hem şäheriň ähli köçelerini, şol sanda Parahat etrapçasyna aýlanyp gitdiler. Bu ertire görülýän taýýarlygyň bir bölegi bolup biler” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Türkmenistanda döwlet baýramçylyklary resmi taýdan dynç günleri diýlip yglan edilse-de, bu günlerde edara-kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we mekdep okuwçylary köplenç köpçülikleýin çärelere, ýowarlara, şol sanda köçe süpürmek, bag ekmek işlerine gatnaşmaga mejbur bolýarlar.
Degişli maglumat Aşgabatda müňläp ekilen agaç nahallary guraýar
19-njy martda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Şeýle-de, ol “bu ugurda zerur taýýarlyk işleriniň görülmelidigini, welaýatda bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna zerur ideg işleriniň alnyp barylmalydygyny we bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny” hem tabşyrdy.
Şu ýylyň fewral aýynda resmi metbugat Türkmenistanda bu ýyl ýurt boýunça 3 million düýp agaç nahallaryny oturtmagyň göz öňünde tutulýandygyny, oturduljak agaçlaryň 1,5 millionynyň Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etraby bilen Bäherden etrabynyň arasynda, galan 1,5 millionynyň ýurduň beýleki künjeklerinde oturdyljakdygyny habar berdi.
21-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri agaç nahallary üçin döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärlerinden pul ýygnalýandygyny we onuň 5-10 manat aralygyndadygyny habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.