Çaknyşyklaryň netijesinde, 50 töweregi owganystanly harby jeňçilere tabyn boldy, olaryň 100-e golaýy türkmen serhedine sygyndy. Türkmenistan öz serhedine gelen owgan harbylaryny yzyna ugratdy.
Geçen hepde Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetýakada ýerleşýän Baba Murgap ertrabynda owgan hökümet güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasynda çaknyşyk boldy.
The New York Times neşiriniň maglumatyna görä, çaknyşyklardan soňra, geçen hepdäniň şenbe güni Owgan serhet güýçleriniň hataryndan 50 harby jeňçilere boýun syndy, 100 töweregi harby Türkmenistanyň serhedine gaçyp çykdy.
Ýöne neşiriň maglumatyna görä, ýekşenbe güni Türkmenistan öz serhedine sygynan Owgan serhet güýçleriniň harbylaryny yzyna gitmäge mejbur edip, olary Talybana tabşyrypdyr.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň Badgys welaýatyndaky ýerli çeşmelerine salgylanyp, habar bermeginä görä, harbylardan we asuda raýatlardan düzülen birnäçe adama Owganystandan Türkmenistanyň çägine girmek başartdy. Myrady Türkmenistanyň çägine geçen adamlaryň, soňy bilen, Hyrat welaýatynyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän serhediniň üstünden owgan çägine geçirilendigini habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň türkmen-owgan serhedindäki soňky ýagdaýlar boýunça taýýarlan giňişleýin maglumatyny aşadaky çelgiden diňläp bilersiňiz!
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Owgan harbysy leýtenant Habybyllanyň Badgys welaýatyndan The New York Times neşirine 17-nji martda gürrüň bermegine görä, Türkmenistan öz serhedine sygynan owgan harbylarynyň ýaraglaryny owgan hökümetine, olaryň özlerini Talybana berjekdigini aýdýar, ýöne Talyban olaryň özlerini-de, ýaraglaryny-da isleýär.
Aljazeera neşiriniň 17-nji martda çap eden maglumatyna görä, Baldgysyň welaýat geňeşiniň agzasy Muhammad Naser Nazari 100 töweregi harbynyň Türkmenistana gaçandygyny, ýöne Türkmenistanyň olara serhetden aşmaga rugsat bermändigini aýtdy.
Badgysyň welaýat häkiminiň metbugat wekili Jamşid Şahabi Aljazeera beren maglumatynda Türkmenistanyň serhedine gaçan hökümet harbylarynyň anyk sanyny agzamazdan olaryň birnäçedigini aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdangyly Myrady ýerli resmilere salgylanyp, 18-nji martda beren maglumatynda Türkmenistanyň serhedine sygynan owgan serhetçileriniň sanynyň onlarçadygyny aýtdy.
“Talyban” 17-nji martda Twitterde çap eden maglumatynda 48 sagadyň dowamynda özleriniň 72 harbyny ýesir alandyklaryny öňe sürdi.
Türkmenistan türkmen-owgan serhedi bilen bagly habarlar boýunça heniz resmi beýanat bilen çykyş etmedi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri Owganystan bilen araçäkleşýän Tagtabazar etrabynyň serhet birikmelerinde geçen hepdäniň aýagynda harby howsala yglan edilendigini habar berdi. Tagtabazaryň bir ýaşaýjysynyň sözlerine görä, serhet birikmelerine golaý obalarda sirenalaryň sesleri eşidildi.
Azatlyk Radiosy türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk şertleri barada yzygiderli habar berip gelýär.
Geçen ýylyň iýun aýynda neşe gaçakçylygynda güman edilýänler serhediň owgan tarapyndan türkmen serhetçileriniň üstüne hüjüm edip, 25 töweregi esgeri öldüripdi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan ätiýaçdaky harby serkerdeleri hasaba almak işlerine girişdi.